05.12.2024 Täzelikler60

Alpanyň ak mekdebinde


Bu gün türkmen obalarynda guwanç bilen: «Gahryman Arkadagymyz gurduryp berdi», «Arkadagly Gahryman Serdarymyz sowgat etdi» diýilýän täze binalaryň sany barha artýar. Geçen güýzüň ilkinji gününden başlap, Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň Alpan obasynyň ýaşaýjylarynyň dilinde hem bu jümleler aýdyma öwrüldi. Bu gün bu gadymy obany ajaýyp döwrümiziň miwesi — täze mekdep bezeýär.

Döwrebaplygyň kämil binýady
Häzir etrapda umumybilim berýän orta mekdepleriň sany 60-dan geçýär. Täze mekdep şu ýyl açylyp, ulanylmaga berlen hem bolsa ol tertip boýunça 19-njy orta mekdepdir. Çünki edil şu mekdep 1962-nji ýyldan bäri obada işläp gelýärdi. Şu ýyl bolsa bu baýry bilim ojagy täze binalar toplumyna geçirildi.

Welaýatymyzda döwrebap bilim ojaklarynyň birnäçesiniň gurluşygyny amala aşyran «Ussa Tirkeş» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edilen täze mekdep 3 gektar meýdany eýeleýär. Özi hem ony obanyň bir çetinden gözläp tapmaly däl. Türkmenabat — Kerki awtomobil ýolundan oba giren dessiňe, her bir myhmany ilki bilen döwrebap mekdebiň binasy garşylaýar.

Päk arzuwlar wysal tapýar
Mekdebe eýýäm iki ýyldan bäri tejribeli bilim işgäri Ybraýym Bäşimow ýolbaşçylyk edip gelýär. 1999-njy ýyldan bäri mugallymçylykda zähmet çekip gelýän Ybraýym aga bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol täze bilim ojagynda kärdeşleriniň 30-dan gowragy bilen bilelikde işleýändigini gürrüň berdi. Olaryň arasynda Ybraýym mugallymyň birmahal özünem okadan halypalar bilen birlikde şu ýyl ýokary okuw mekdebinden uçurym bolup, zähmet ýoluna täze mekdepde girişen ýaş hünärmenler hem bar. Hemmeleriň berýän gürrüňi bir: täze mekdepde işlemek — olar üçin ykbalyň iň uly serpaýlarynyň biri. Üstümizdäki ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden uçurym bolup, geçen güýzde ilkinji gezek sapaga giren biologiýa mugallymy Jeren Ýalkabowa bolsa çagalyk arzuwynyň hasyl bolandygyny aýdýar.

— Köneje mekdebimiz hemişe gözümize ýakymly. Onuň ýaşy käbirimiziň ata-enelerimiziň ýaşyndan hem uly bolsa-da, ol ilkinji bilim ojagymyz hökmünde hemişe mähriban görünýär. Ýöne çagalykda-da, talyplyk ýyllarymda-da döwrebap mekdepde mugallym bolup işlemegi arzuw edipdim. Bu gün arzuwlarymyň hasyl bolandygyna begenýärin. Çünki bäş ýyllap halypalarymyzdan öwrenenlerimizi, pedagogik başarnygymyzy ýaş nesle geçirmek höwesi bilen zähmet ýoluna gadam goýýarys. Şol höwesimiz bolsa täze mekdebimizde has-da gülledi — diýip, Jeren mugallym şatlygyny paýlaşýar.

Göwünleriň we döwrüň sazlaşygy
Täze mekdep — hemmeleriň höwesi hem guwanjy. Indi alpanlylar-da: «Biziň täze mekdebimiz» diýip, buýsanç bilen aýdyp bilýärler. Ol eýýäm obada hemmeleriň iň arzylaýan binasyna öwrülipdir. Obanyň aňry ujundan gelip, mekdep binasyna girmänkä, üst-başyny, köwşüni ýene bir gezek gözden geçirýän okuwçylaryň sany bir ýa iki däl. Olaryň hemmesi şeýle. Şeýle bolansoň, güýz bilen gyşyň sepgidindäki ýagyş-ýagmyra baý günlerde-de mekdep arassaja, edil şu gün ulanylmaga berlen ýaly. Täze mekdep alpanlylar üçin gysga wagtda mukaddeslige, belentlige öwrülipdir.

Mekdepde diňe bir göwünleriň däl, eýsem, döwrüň sazlaşygy hem öz beýanyny tapýar. Onlarça synp otagynyň içinde ýöriteleşdirilen otaglaryň sany barmak büküp sanardan kän. Olaryň gysgaça sanawyny biz okyjylarymyza mekdebiň işläp başlan ilkinji günlerinde hem ýetiripdik. Şu gezekki döredijilik saparymyzyň çäklerinde şeýle otaglaryň birnäçesine aýlanyp gördük. Olardaky döwrebap mümkinçilik göwün guşuňy asmana göterýär. Biologiýa, himiýa we fizika otaglarynda dürli tejribeleri, gözegçilikleri geçirmek üçin döredilen mümkinçilikler okuwçylaryň berlen maglumatlary has içgin özleşdirmeklerine täsir edýär. Aýdym otagy diňe bir bu derse ýöriteleşdirilen interaktiw tagta bilen däl, eýsem, klawişli, kakylyp we üflenip çalynýan saz gurallarynyň hem birnäçesi bilen üpjün edilipdir. Adaty çagalar sungat mekdebiniň bir synp otagynda aýdym-saz sungatyny söýýän çagalar üçin nähili mümkinçilik döredilen bolsa, edil şeýle mümkinçilikler bu bilim ojagyndaky aýdym otagynda hem bar. Şeýle döwrebap şertler informatika, lingafon we zähmet otaglarynda hem göze ilýär.

Üstünliklerden üstünliklere
Gürrüň döwrebap mekdepde döredilen şertler barada barýarka, ýene bir hakykata ünsüňizi çekmek isleýäris. Mekdebiň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň ozalky binada okalýan döwürde hem gazanýan üstünlikleri az-küç däldi. Geçen okuw ýyllarynda mekdebiň tejribeli mugallymlary Roza Kalandarowanyň (Aýjeren Joraýewa, informatika dersinden), Körpegül Seýitnazarowanyň (Atahan Myradow, taryh dersinden), Leýli Bäşimowanyň (Selbi Ýazgeldiýewa, türkmen dili we edebiýat derslerinden), Dünýä Artykowanyň (Begenç Myradow, himiýa dersinden) taýýarlan okuwçylary «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň etrap, welaýat we döwlet tapgyrlarynyň ýeňijileri boldular. Hatda Dünýä mugallym 28 ýyllyk iş tejribesinde okuwçylarynyň 33-siniň bu bäsleşigiň dürli derejelerinde ýeňiji bolandygyny gürrüň berýär. Täze binalar toplumyndaky döwrebap mümkinçilikleriň bolsa bu sanawy has-da uzaltjakdygyna ynanýarys.

Aslynda, täze binaly 19-njy orta mekdebiň muzeýini bezeýän Hormat hatlary ýokardaky agzalanlar bilen çäklenmeýär. Mekdebiň Enejan Bäşimowa, Arzuw Gullyýewa ýaly mugallymlary metbugat sahypalarynda yzygiderli çykyş edip gelýän bolsalar, Owadan Agalyýewa, Şemşat Jumaýewa dagy köpçülikleýin işleriniň hem öňdebaryjylary. 28 ýyl iş tejribesi bolan Şemşat mugallyma ýaş kärdeşi Akmaýa Ahmetjanowa bilen bilelikde şu ýyl birinji synpyň okuwçylary ynanylypdyr.

Halypa ýörelgesine eýerip
Bizi bu ýerde tejribeli zähmet mugallymy Maýagözel Ýazgulyýewa bilen hem tanyşdyrdylar. Ol eliniň işliligi bilen tutuş ýurdumyzda adygan başarjaň zenanlaryň biri bolup çykdy. «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen hormatly adyň eýesi bolan Maýagözel mugallym dürli ýyllarda «Gülüň owadan» atly keçe sungatyna bagyşlanan we «Keşdeçilik sungaty milli mirasymyzdyr» atly bäsleşikleriň welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolup, olaryň döwlet tapgyryna gatnaşypdyr. Ýakynda bolsa ol paýtagtymyzda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan ene-mamalarymyzdan galan milli el işlerimizi geljek nesillere ýetirmek bilen bagly geçirilen maslahata gatnaşyp, milli kilim senedimiz barada çykyş etdi. Bu gün Maýagözel mugallymyň şägirtleri barmak büküp sanardan kän. Olaryň agramly bölegi bolsa şu mekdebiň okuwçy gyzlary we uçurymlary.

Pälwanlaryň obasynda önüp-ösen okuwçy oglanlaryň käbiri bolsa türkmen milli göreşi boýunça geçirilen welaýat ýaryşynyň çempionlary bolupdy. Şeýle ezber okuwçylaryň arasynda 4-nji synpdan Aly Babagulyýewiň, 10-njy synpdan Oraz Gurbanmyradowyň, 5-nji synpdan Näzli Suhanberdiýewanyň atlaryny agzadylar. Mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Selbi Ýazgulyýewa bolsa «Iň eýjejik gyzjagaz» atly däbe öwrülen bäsleşigiň etrap tapgyrynda öňdäki üçlüge girmegi başarypdyr.

Ekizler — mugallymlar
Täze mekdep we onuň mugallymlary babatynda ýene bir aýratynlyga ünsüňizi çekmek isleýäris. Mugallymlaryň, has takygy, ýaş hünärmenleriň arasynda şu obada önüp-ösen ekizler Aýşat we Ogulşat Şükürowalar hem bar. Çagalygyndan ikisi hem mugallym bolmagy arzuw eden ekizler — şu mekdebiň uçurymlary. Olar diňe talyplyk ýyllarynda biri-birinden aýry bolupdyrlar. Aýşad-a Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Ogulşat bolsa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ýokary bilim alypdyr. 2019-njy ýyldan bäri şu mekdepde Aýşat iňlis dili, Ogulşat bolsa başlangyç synp mugallymy bolup zähmet çekip gelýär.

Uly umyt bilen
Ýeri gelende aýtsak, mekdepdäki okuwçylaryň sany ilkinji okuw ýylynda eýýäm 400-e ýetipdir. Olaryň 35-si bilimler dünýäsine hut şu ýylda, hut şu täze mekdepde salam beren birinji synpyň okuwçylary bolsa, 23-si täze mekdebiň ilkinji uçurymlaryna öwrüljek ýaşlardyr.

Täze mekdep ýaňy bir ilkinji üç aýyny yzda galdyrdy. Muňa garamazdan, uly umyt, täzeçilliklere bolan gyzyklanma mekdepde höküm sürýär. Şol aýratynlyklaryň mekdebiň ilkinji okuw ýylyny üstünliklere beslejekdigine bolan ynamyňy hem artdyrýar. Goý, şeýle bolsun! Nesip bolsa, okuw ýylynyň ahyrynda bize täze mekdebiň täze üstünlikleri barada gürrüň bermek miýesser etsin!

Agageldi ITALMAZOW.
"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 05.12.2024

Tmpedagog