01.12.2024 Täzelikler113

Halypa şägirtlik ýoly


2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň gurnamagy bilen Balkanabat şäheriniň 22-nji orta mekdebinde welaýatyň dürli künjekleriniň bilim ulgamynda zähmet çekýän, ýaňy zähmet ýoluna gadam basan ýaş hünärmenleri bilen halypa mugallymlaryň gatnaşmagynda “Ýaş mugallymlaryň mekdebiniň” işini netijeli guramak ýaş we halypa mugallymlar bilen geçirilen bir günlük usuly-amaly okuw maslahaty geçirildi.

BWBBM-iň baş hünärmeni Orazmämmet Begjanowyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen usuly-okuw maslahatynda özümiň döreden, sapaklarda ulanylmaga mümkinçiligi bolan terbiýeçilik ähmiýetli esbaplarym barada çykyş etmegim meniň üçin ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy.

22-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy Akpamyk Baýlyýewanyň taryh dersinden, Orazbibi Orazowanyň edebiýat dersinden, ýaş hünärmen mugallym Aýperi Sapaýewanyň türkmen dili dersinden gurnan açyk sapaklary sapaga gatnaşan myhmanlarda öz täsirini galdyrmagy başardy.

Şäheriň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň mugallymy Döwranguly Annagulyýewiň “Ýaş mugallymlara ýüzlenme...”, Balkan welaýat Baş bilim müdirligiiniň baş hünärmeni Orazmämmet Begjanowyň “Ýaş mugallymlary mekdebiniň işini netijeli guramagyň usullary”, Balkan welaýat Baş bilim müdirligiiniň ýanyndaky döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkeziniň müdiri J. Annamämmedowyň, ýaş mugallymlara iş tejribesinden maslahaty bilen çykyş eden Türkmenbaşy şäheriniň 10-njy orta mekdebiniň taryh mugallymy Gyrmyzy Maşadowanyň şeýle-de 22-nji orta mekdebiň rus dili mugallymy Güljemal Öräýewanyň öz iş tejribesinde ulanan görkezme esbaplary bilen eden çykyşy gurnalan usuly-okuw malsahatynyň has täsirli geçmegine itergi berdi.

Halypa şägirtlik ýoluny ýaýbaňlandyrmakda şeýle mümkinçilikler döreden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslenip dursun!

Ogulmiwe Atnaýewa,
Balkanabat şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýat mugallymy.



Tmpedagog