24.10.2024 Täzelikler56

"Mertebe" gepleşigi öz işine başlady


Türkmen pedagogy döredijilik taslamanyň köp sanly muşdaklarynyň islegini kanagatlandyrmak maksady bilen söhbetdeşlik gepleşigi öz işine başlady. Bu gepleşik bize gelen birnäçe tekliplerden saýlanyp "Mertebe" diýen ada eýe boldy. Bu söz Abu Nasr Al Farabynyň (870–950) «Mertebe gazanmagyň iki ýoly bar: 1) Okatmak; 2) Terbiýelemek. Okatmak diňe sözüň kömegi bilen bolýar, terbiýe bolsa sözüň hem hereketiň kömegi bilen amala aşyrylýar» (Pedagogika-I, Aşgabat 2017) diýen jümlesinden ugur alýar.

"Mertebe" gepleşigi "Tmpedagog" döredijilik taslamanyň maksadyna uýmak bilen, Türkmenistanly pedagoglaryň okatmak, terbiýelemek tejribeleriniň, döredijilikli işjeňliginiň kämilleşmegine öz goşandyny goşmagy maksat edinýär.

Balkanabat şäheriň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy Myrat Sopyýew özüne şu gepleşigiň alypbaryjylygy ynanylandygyna begenjiniň çägi ýokdugyny nygtap belleýär.

Ilkinji sany halypa, baýry mugallym Gülbagt Kulyýewa bilen geçirildi. Bu söhbetdeşlige sabyrsyzlyk bilen garaşan tomaşaçylara ýetirilende işlerimiziň ugruna bolmagyny arzuwlamak bilen özleriniň hem bu gepleşige gatnaşmak isleýändigini aýdanlar az bolmady.

"Tmpedagog" taslamanyň Türkmenistanly pedagoglary begendirjek täze gepleşikleriň, çäreleriň meýilnamalarynyň üstünde işlenilýändigini ýatladasym gelýär.

Şeýle mümkinçiliklere ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Döwranguly ANNAGULYÝEW,
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
2-nji orta mekdebiniň mugallymy, "Tmpedagog".



Tmpedagog