03.09.2024 Täzelikler35

Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy boldy


Türkmen we täjik halklaryny asyrlaryň dowamynda asylly däbe öwrülen dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Bir sebitde ýaşaýan halklaryň däp-dessurlarynda örän meňzeşligiň bardygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Täjigistan Respublikasyna gelmek, bu ýerde türkmen halkyna belent sarpa goýulýandygyny görmek we duýmak örän ýakymlydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri, hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri iki doganlyk halky has-da buýsandyrýar, dost-doganlygy has-da pugtalandyrýar. Biz bu beýik işleri aýdyň görýäris, has takygy, şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda hormatly

Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlup ulanmaga berlen Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi beýik işlerdir, iki halkyň dost-doganlygyny has-da pugtalandyrjak taryhy wakalardyr. Şeýle şanly wakalar iki dost-dogan halkyň hoşniýetli gatnaşyklaryny üpjün edýär, medeni we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar.


Täze mekdep — döwrebap bilim ojagy
Bilim röwşen geljegi üpjün edýän, nesilleriň kämil ynsanlar bolmagyna ýardam edýän gymmatly hazynadyr. Akyldarlaryň aýdyşy ýaly, bilim şeýle bir baýlykdyr, ýagny näçe paýlasaň, şonça köpelýändir. Diýmek, bilim nesilden-nesle geçende barha baýlaşýar, jemgyýete, halka peýdasy köp bolýar. Ata-babalarymyzdan gözbaş alan, kämilleşen şeýle asylly ýörelge Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen döwrebap derejede ösdürilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabyndaky Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň mysalynda hem hoşniýetli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini görmek bolýar.

Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy ýokary derejede geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň sanly ulgam arkaly aragatnaşyga çykmaklary we çykyşlarynyň çuňňur mana eýe bolmagy aýratyn bellärliklidir.


Şanly waka mynasybetli
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan «Bilimli» markaly noutbuklar we «Toyota Coaster» kysymly awtobus sowgat hökmünde gowşuryldy. Bu wakalar mekdebiň okuwçylaryny hem, mugallymlaryny hem diýseň begendirdi, köňülleri buýsanja besledi.

Şanly dabarada aýdym-sazyň belentden ýaňlanandygyny bellemek gerek. Bu, elbetde, biziň her birimizi buýsandyrdy. Döwrebap mekdebiň belent binasy hem, üpjünçiligi hem, okuw otaglary hem iň ýokary derejededir. Bu ýerde okuw otaglary döwrebaplygy bilen tapawutlanýar, miltimedia tagtalar, kompýuter enjamlary aýratyn ünsüňi çekýär. Şeýle hem okuw sapaklaryny ýokary usulda alyp barmaga şertleriň döredilendigini belläsimiz gelýär. Bu şertler we mümkinçilikler okuwçylarda, mugallymlarda buýsanç döretdi. Şunuň ýaly döwrebap mekdepde bilim öwretjek mugallymlar hem kompýuter enjamlaryň aýratynlyklary hakynda, okuw sapagyny döwrebap guramak barada buýsançly söhbet etdiler. Bu bolsa diňe bir okuwçylaryň, ýaşlaryň däl, eýsem, mugallymlaryň hem örän buýsanýandygyny aýdyň beýan edýär. Şeýle buýsançly ýüreklerde, aýdylýan joşgunly sözlerde türkmen we täjik halklarynyň arasyndaky dost-doganlygy görmek bolýar.

Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep 540 okuwçyny okatmaga niýetlenen bolup, bilimiň döwrebap mümkinçiliklerine eýedir. Okuw sapaklaryny döwrebap guramak bilen okuwçylarda okamak we öwrenmek endiklerini kemala getirmek bolýar. Çünki munuň üçin, bellenilişi ýaly, iň döwrebap şertler we mümkinçilikler döredilendir. Şonuň üçin hem bu mekdebiň okuw otaglaryna, lingafon otaglaryna, sport üçin niýetlenen meýdançalaryna mugallymlar buýsanç bilen garaýarlar. Hut şonuň üçin hem bu mekdepde ýaş nesiller döwrebap bilim alarlar, kämil ynsanlar bolup ýetişerler diýip pikir edýärsiň. Iň esasysy hem bu mekdebi synlap, türkmen we täjik halklarynyň dost-doganlygynyň has-da pugtalanýandygyna aýdyň göz ýetirmek bolýar.


Akyldar şahyra belent sarpa
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän bu ajaýyp mekdebiň dabaraly açylmagy iki doganlyk halky buýsandyrdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän umumybilim berýän orta mekdebiň açylyp ulanmaga berilmeginde hem çuňňur many-mazmun bar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynda akyldar şahyryň döredijiligine belent sarpa goýulýar, ajaýyp eserleri dünýä ýaýylýar. Şanly ýylda medeni ynsanperwerlige uly üns berilýär, medeniýet diplomatiýasy ösdürilýär. Şonuň üçin hem Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän iň döwrebap mekdebiň Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda açylyp ulanmaga berilmegi örän täsirlidir.

Bu döwrebap mekdebiň açylyş dabarasynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgulary okaldy. Türkmen we täjik dillerinde ýaňlanan ajaýyp goşgular dost-doganlygyň, hoşniýetliligiň belent waspy bolup ýaňlandy.

Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgulary dünýä dillerine geçirildi, halkara derejesinde wagyz edildi. Täjigistanyň alymlarynyň, edebiýatçylarynyň çykyşlaryny diňlänimizde şahyryň döredijiligini gyzyklanma bilen öwrenýändiklerini aýdýarlar. Esasan-da, şahyryň ençeme goşgulary täjik diline terjime edildi, okyjylaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy.

Magtymguly Pyragy adamzat kalbynyň şahyry diýip alymlar we edebiýaty öwrenijiler belleýärler. Bu günki günde dünýäniň dürli künjeklerinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň, söz ussadynyň adyny göterýän mekdepleriň bardygy buýsandyryjydyr. Mekdebiň binasynyň ýanynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini hem görmek bolýar. Bu bolsa iki halkyň arasynda diňe bir ylym-bilim babatda däl, eýsem, medeni-ynsanperwer ugurda hem gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygyny alamatlandyrýar. Şeýle hem bu medeniýet diplomatiýanyň ösdürilýändiginiň, dost-doganlyk, hoşniýetlilik ýörelgesiniň has-da rowaçlanýandygynyň beýany bolup durýar.


Taryhdan gözbaş alýan dost-doganlyk
Taryhdan gözbaş alýan diýip bellänimizde halkyň geçen köpasyrlyk ýoluny, gadymyýetden gaýdýan asylly ýörelgäni göz öňünde tutmak bolýar. Şeýle asylly ýörelgeler, esasan hem, dost-doganlyk, hoşniýetlilik ýaly ýörelgeler halkymyzyň gymmatly baýlygydyr. Türkmen we täjik halklarynyň arasynda hem uzak taryhyň dowamynda hoşniýetli gatnaşyklar saklanyp galypdyr. Şonuň üçin hem doganlyk halkyň milli medeniýetinde, däp-dessurlarynda, çeper edebiýatynda, aýdym-sazlarynda örän meňzeşligi görýäris. Milli däp-dessurlaryň meňzeşligi bir sebitde ýaşaýan halklaryň agzybirliginiň, birek-birege belent hormatyň nyşanydyr. Hut şeýle hormatyň we agzybirligiň häzirki ajaýyp döwrümizde hem ösdürilýändigi buýsançlydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde hoşniýetlilik ýörelgelerimiz ösdürilýär. Hoşniýetlilik ýörelgesiniň esasynda halklaryň milli medeniýetine belent sarpa bar, çeper edebiýatyň gymmatlyklary çuňňur öwrenilýär, netijeli işler bilen ýaş nesillere öwredilýär. Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň dabaraly açylmagy hem muny aýdyň beýan edýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 17-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy açyldy. Şu ajaýyp medeni-seýilgäh toplumynda täjik şahyry Saýido Nasafiniň heýkeliniň hem oturdylandygyny beýan etmek örän ýakymlydyr. Bularyň ählisi türkmen we täjik halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Çünki medeniýet, ylym-bilim halklary dostlaşdyrýar, hormat-sarpany has-da ösdürýär. Asyrlaryň dowamynda hem medeniýet halklaryň dostluk köprüsi hökmünde hyzmat edip gelipdir. Şonuň üçin hem bu günki günde milli gymmatlyklara, nusgawy edebiýata belent sarpa goýulýar.

Halklaryň arasyndaky dost-doganlygy ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

* * *


Jennet HOLOWA,
Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň müdiri:

— Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen döwrebap mekdep gurlup ulanmaga berildi. Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän mekdebiň açylyş dabarasy hem ýokary derejä eýe boldy. Bu ýerde türkmen we täjik halklarynyň aýdymlary belentden ýaňlandy, köňüllere ylham paýlady. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan «Bilimli» markaly noutbuklaryň we «Toyota Coaster» kysymly awtobusyň sowgat hökmünde gowşurylmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu wakalar her birimiziň kalbymyzda baky orun aldy. Ynha, şu şanly wakalaryň özi hem dost-doganlygyň has-da pugtalanýandygyny aňladýar diýip bellemek isleýäris.

Bu günki günde türkmen we täjik halklarynyň arasynda hoşniýetli gatnaşyklara şaýat bolmak örän buýsandyryjydyr. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän umumybilim berýän orta mekdebiň açylyp ulanmaga berilmegi hem döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilýändigini, bu ugurda uly işleriň alnyp barylýandygyny alamatlandyrýar.

Täjik halkynyň arasynda Magtymguly Pyragynyň goşgulary örän meşhurdyr. Edebiýatçy alymlar hem dana şahyryň goşgularyny nusgawy edebiýatyň genji-hazynasy diýip belleýärler. Bu bolsa şahyryň eserlerini öwrenmäge we ýaş nesillere öwretmäge ruhlandyrýar. Aslynda hem, iki halkyň medeniýetiniň meňzeşligi, dost-doganlyk ýörelgeleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Dost-dogan halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary has-da ösdürýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

* * *


Gülbahar GURBANOWA,
Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy:

— Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasyna gatnaşmak biziň köňüllerimizi buýsanja besleýär. Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän umumybilim berýän orta mekdep halklaryň arasyndaky ylym-bilim, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berer.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda ylym-bilimiň ösdürilmegi, ýaşlaryň döwrebap bilim öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwrebap mekdep hem ýaşlaryň bilim öwrenmegine uly mümkinçilikleri açýar. Mekdebiň okuw otaglarynda okatmagyň iň döwrebap usullaryndan peýdalanmaga, okuw-usulyýet işini kämilleşdirmäge şertler döredilendir. Bu mümkinçilikler mugallymlary hem, bu ýerde bilim öwrenjek ýaşlary hem aýratyn buýsandyrýar.

Bu döwrebap mekdepde edebiýat sapagyny okatmaga, nusgawy edebiýatyň gymmatlyklaryny okuwçylara öwretmäge şertleriň bardygyny bellemek gerek. Okuw otaglaryndaky multimedia tagtalarda nusgawy edebiýatyň wekillerini, olaryň döredijiligini suratlar arkaly öwredip bolýar. Bu okatmagyň döwrebap usullarydyr. Şu mysallardan görnüşi ýaly, Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdepde ähli döwrebap şertler bar. Şeýle şertlerden we mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýaş nesillere bilim öwretmeklige öz goşandymyzy goşarys. Ýaşasyn türkmen we täjik halklarynyň dostlugy!

Söhbet NURBERDIÝEW,
«Mugallymlar gazeti». Aşgabat — Duşenbe — Aşgabat.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 02.09.2024

Tmpedagog