23.08.2024 Täzelikler49

Belent borç, jogapkärli wezipe


Bilim ojaklarynda täze okuw ýylynyň badalga aljak güni barha golaýlaşýar. Welaýatymyzda-da oňa irgözinden gowy taýýarlyk görüldi. Orta mekdepleriň, mekdep-internatlaryň yşyklandyryş, ýyladyş, suw üpjünçilik ulgamlary abatlanyldy, ders we synp otaglarynda, sport meýdançalarynda bejeriş-rejeleýiş işleri geçirildi. Biz bu ugurda ýerine ýetirilen işler dogrusynda gürrüň bermegini sorap, welaýat baş bilim müdirliginiň mekdep bölüminiň başlygy Kerimbergen Maşaripowa ýüz tutduk. Şonda ol şeýle gürrüň berdi:

— Berkarar döwletimizde Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlaryň döwrebap şertlerde okamaklary, bilim almaklary, terbiýelenilmekleri barada yzygiderli tagallalar edilýär. Her ýyl oba-şäherlerimizde ösen tehnologiýaly enjamlar bilen abzallaşdyrylan täze mekdepler, çagalar baglary gurulýar. Öňden hereket edip gelýänleriniň durky täzelenilip, zamanabap keşbe getirilýär. Biziň welaýatymyzda-da bu wajyp iş ýylyň-ýylyna göwnejaý ýola goýulýar. Üstümizdäki ýylyň tomus paslynyň ilkinji günlerinde hem etrap-şäherlerimizdäki orta mekdepleriň, mekdep-internatlaryň 396-synda abatlaýyş-bejeriş işlerine guramaçylykly girişildi. Ähli bilim ojaklarynyň ders we synp otaglary, sport meýdançalary, kitaphanalar, çagalaryň iýmitlenýän naharhanalary düýpli abatlanyldy. Bu iş üçin döwletimiz tarapyndan uly möçberde gurluşyk serişdeleri bölünip berildi. Anyk maglumatlara ýüzlensek, welaýatymyz boýunça orta mekdepleriň ýeňil abatlaýyş-bejeriş işleri üçin sementiň 300 tonnasy, bezeg-emulsiýa reňkleriniň 80 tonnasy sarp edildi. 1330 metrlik plastik turbalaryň hasabyna mekdepleriň abatlanylmaga degişli suw üpjünçilik ulgamy täzelenildi. Şonuň ýaly-da bilim ojaklarynyň yşyklandyryş ulgamynda çyralaryň 1500-si çalşyryldy. Şunlukda mekdep okuwçylarynyň has-da oňaýly şertlerde okamaklary, bilim-düşünjelerini baýlaşdyrmaklary üçin gowy mümkinçilikler döredildi.

Orta mekdeplerde abatlaýyş-bejeriş işlerini geçirmeklige etrap, şäher häkimlikleri, oba Geňeşleri, ýerli edara-guramalar, hususy işini ýola goýan telekeçiler hemmetaraplaýyn goldaw-hemaýat berdiler. Hususan-da, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň, Lebap sement zawodynyň, Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň zähmetkeşler toparlarynyň bu işde ýakyndan ýardamçy bolandyklaryny hoşallyk bilen belläsim gelýär. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde oba-şäherlerimizdäki orta mekdepler, mekdep-internatlar gözel keşbe girdi. Bilim ojaklarynyň maddy-tehniki üpjünçiliginiň hem döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilendigini sözümiň üstüne goşmakçy. Bu bolsa ýaş nesle bilim-terbiýe berlişiniň hilini düýpli gowulandyrmaga itergi berer.

Beýik döwrümize mynasyp nesilleri kemala getirmek ýaly jogapkärli iş bilim ojaklaryny okuw kitaplary, okatmagyň kämil serişdeleri, döwrebap okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün etmegi talap edýär. Bu möhüm meseläniň üstünlikli çözülýändigi-de guwandyrýar. Her ýyl mekdep kitaphanalarynyň kitap gorlarynyň üsti täze neşirler bilen doldurylyp durulýar. Şeýle wajyp işler häzirki günlerde hem üstünlikli dowam edýär. Gelip gowuşýan kitaplaryň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhaslaryndan dörän kitaplaryň bolmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Çuňňur many-mazmuna, ýiti pelsepä ýugrulan bu kitaplar ýaşlaryň hemişelik hemrasyna, aýrylmaz ýankitabyna öwrülýär. Bilim işgärleri beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip, örän jaýdar belleýşi ýaly, ýaşlarda kitaba söýgi, kitaplary okamaga höwes döretmek arkaly olaryň ösen şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanýarlar. Şular bilen birlikde ýaşlarda kitaplara aýawly garamak ýaly häsiýetleri terbiýelemek işleri hem ünsden düşürilmeýär. Şeýle işler täze okuw ýylynda toplumlaýyn häsiýetde alnyp barlar.

Ýokarda belleýşim ýaly, täze okuw ýylynyň ilkinji güni ähli amatlylyklary bolan bilim ojaklaryny ulanmaga tabşyrmaklyk ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Lebaply ýaşlar hem şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýarlar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzüniň ilkinji günlerinde welaýatymyzda täze bilim ojaklarynyň ikisi — Hojambaz etrabynyň merkezinde 960 orunlyk, Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň Alpan obasynda 400 orunlyk orta mekdepler dabaraly ýagdaýda işe giriziler. Bu desgalar ýaşlara okamak, mugallymlara bolsa zähmet çekmek üçin ähli oňaýlylyklary özünde jemleýär. Munuň üçin mekdep okuwçylary, olaryň ata-eneleri, bilim işgärleri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

Geljegimiz bolan ýaş nesle döwrebap bilim, asylly terbiýe bermek belent borç hem-de jogapkärli wezipe. Lebaply bilim işgärleri öz öňlerinde goýlan wezipelere abraý bilen hötde gelerler diýip ynandyrasym gelýär.

Söhbetdeş bolan Myrat TAGAN ogly.
"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 22.08.2024

Tmpedagog