16.08.2024 Täzelikler97

Öňdebaryjy mekdepdäki iş-aladalar


Häzirki wagtda bilim ojaklarynda täze okuw ýylyna giňden taýýarlyk görülýär. Kerki etrabynyň mekdeplerinde hem golaýlap gelýän täze okuw ýylyna ykjam taýýarlyk görüldi. Iýul aýynyň ahyryna çenli etrapda bar bolan mekdepleriň hem-de çagalar baglarynyň ählisinde gowy hilli abatlaýyş we bejeriş işleri geçirildi. Bu işde etrabyň Çekir geňeşliginde ýerleşýän 24-nji orta mekdepde öwgä mynasyp işler bitirildi. Bu bilim ojagynda ilkinjilerin biri bolup, mekdebi täze okuw ýylyna taýýarlamak işlerini üstünlikli tamamlandy. Mekdepde 1400-den gowrak okuwçy bilim we terbiýe alýar, mugallymlaryň 88-si zähmet çekýär. Olaryň hemmesi hem öz işini gowy bilýän bilim işgärleri. Maksat Hudaýberdiýew, Kerwen Beghanow, Timur Allaberdiýew, Maral Ýazlyýewa, Möwlamberdi Möwlamow dagy synp otaglaryny täze okuw ýylyna taýýarlamakda kärdeşlerine görelde görkezdiler.

Ýakynda biz bu öňdebaryjy mekdepde bolup, täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdyk. Işleriň talabalaýyklygy göwnüňi göterýär. Synp otaglarynyň, dälizleriň reňkleriniň ýerine düşendigi, oňat bezelen diwarlyklaryň göze ýakymlylygy mekdebi has-da görke getirýär. Mekdebiň howlusynda oturdylan baglardyr güllere edilen gowy idegler bada-bat ünsüňi özüne çekýär.

— Her ýyl etrap häkimligi hem-de bilim işgärleriniň kärdeşler arkalyşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň etrap geňeşi mekdepleri täze okuw ýylyna taýýarlamak boýunça bäsleşik yglan edýär. Biz ýylyň-ýylyna bäsleşikde öňdeligi eýeleýäris. Şu ýyl hem mekdebimizi täze okuw ýylyna gowy hilli taýýar etdik. Täze okuw ýylynda 1-nji synplara 120-den gowrak çaga okuwa gelmeli. Olary okatmaklygy tejribeli mugallymlara ynandyk. Täze okuwa geljek çagalary mekdep durmuşy bilen häzirden tanyşdyryp, taýýarlyk işlerini geçirýäris. Arassa we ýagty synp otaglarymyz çagalara garaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyna berýän üns-aladalaryna jogap edip, mekdebimiziň mugallymlary yhlasly zähmet çekýärler — diýip, mekdebiň müdiri Güýçgeldi Çaryýew gürrüňdeş bolanymyzda aýtdy.

Ödegeldi KULYÝEW.
"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 15.08.2024

Tmpedagog