08.08.2024 Täzelikler76

Arzyly Awaza


Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ynsanyň ýüregine, zeminiň ýüzüne sagdynlygyň we bagtyýarlygyň nury bolup ýalkym saçýar.

Çagalykda gulagymyzda galan hyýaly ertekilerdäki täsinlikleri görmedigimiz az-azdyr. Olardaky «jadyly taýajygyň», «uçýan halynyň»... täsinligini diýsene. Sähel-salymda gahrymanlaryň arzuwlary öňlerinde häzirdir... Indi bular barada çagalara gürrüň berip oturmagyň hajaty ýok. Otlynyň, uçaryň ýa-da ýeňil ulagyň işigine ädimiňi ätläbildigiň bes, hakyt ertekileriň dünýäsine aralaşyp, gahrymanlaryň ornuna özüňi oklanyňy duýman galýarsyň. Münen ulagyňdan düşüp-düşmänem, oklaw ýaly göni ýoldan ugrarsyň hyýalyňdaky menziliňe tarap. Hä diýmänem, owazasy äleme dolan Awazanyň kenarynda häzir bolarsyň. Ynha-da, ertekilere gaýra dur diýýän biri-biriniň boýuna, roýuna bäs edýän binalar. Bu ýerde bir wagtyň özünde dynç alýanlaryň 10 müňden gowragyny kabul edýän 18 sany myhmanhana, 8 sany dynç alyş we sagaldyş merkezleri, şol sanda, 1380 orunlyk çagalar dynç alyş merkezleri hem-de 9 sany kottejler toplumlary hereket edýär. Bular syýahatçylyk zolagyndaky ertekilere meňzeş hakykatyň diňe bir bölegi. Binalaryň haýsy birine ýerleşjekdigiň barada netijä gelmek bolsa öz eliňde. Olaryň içki şert-mümkinçiliklerini görüp çykmazyňdan ozal, binalaryň atlaryna nazar aýlamakçymyň?! «Hazyna», «Watançy», «Serdar», «Nebitçi», «Çarlak», «Bereket», «Berkarar», «Bagtyýar», «Merdana», «Seýrana», «Şamekan», «Hazar», «Gämi», «Tolkun», «Deňiz»... atly myhmanhanalar, «Aşgabat», «Täjir», «Galkynyş», «Şowhun», «Şapak», «Ak Ýelken», «Ýüpek ýoly», «Rowaç»... kottejler toplumlary, ulular we çagalar üçin welaýatlaryň adybir sagaldyş we dynç alyş merkezleri... bularyň haýsy birine ýerleşjekdigiňe, garaz, deňiz kenaryna sary atygsan ýüregiňe geňeşip, netije çykaranyňy kem görmersiň.

Heniz ýerleşen myhmanhanaň şert-mümkinçilikleri bilen tanşyp ýetişmänkäň, maşgala agzalaryňdan biri hökman ýa deňiz kenaryna, ýa-da «Älemgoşar» seýilgähine, «Deňiz merjeni», «Jadyly kenar» attraksionly seýilgählerine, «Ýelken» ýaht klubly syýahatçylyk dynç alyş toplumyna... aýlanmaga alňasaýandygyny ýaňzydar. Ol ýerlere aýlandygyňça, seýilgählerde çagalar üçin döredilen attraksionly oýun meýdançalaryndan... başlap, teatrlaşdyrylan deňiz suw çüwdürimleri, amfiteatr... mahlasy, Awazanyň şypaly kenarynda ynsan eli bilen döredilen gözellikleriň hiç biri ünsüňden düşmez. Akwaparkyň mümkinçilikleri, «Awaza» derýasy, olarda döredilen döwrebap, amatly, häzirki zaman şertler barada aýdylanda bolsa, olary birine gürrüň bermeg-ä beýle-de dursun, gözli şaýady bolup durkaň-da, söz bilen beýan ederden çetin. Daş-töweregiňde özüň ýaly dynç alýanlaryň nazarlarynyň köplügine garamazdan, çagalyk ýyllaryňa dolanan ýaly bökjekläp, elleriň bilen çapak çarpyp, begenjiňi daşyňa çykaraýasyň geler. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň behiştsypat gözelliklerini, jenneti jemalyny synlap durşuňa ýüregiňden:

Göýä ertekiden çykan hakykat,
Kenaryňda bagtyň keşbi, Awaza!.. —

diýen setirleri joşanyňy duýman galýarsyň.

Aýjemal GAÝLYÝEWA,
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini
çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen
2-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Arkadag" gazeti, 08.08.2024

Tmpedagog