03.08.2024 Täzelikler72

Mekdep bazarlary işläp başlady


Golaýda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, etrap merkezlerinde, şäherlerinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan guralýan mekdep bazarlary hereket edip başlady.

Biz mekdep okuwçylaryna niýetlenen bazarlaryň işleri bilen gyzyklanyp, paýtagtymyzyň «Teke bazarynda» bolduk. «Mekdep bazaryna hoş geldiňiz!» diýlip ýazylan bazarda okuwçylar ene-atalary bilen bilelikde özlerine gerekli harytlary görýärler. Ol ýerde gyzjagazlar ýaşyl köýnekdir penjekleriň, oglanjyklar bolsa akja köýnekdir gara jalbarlaryň özlerine laýyklaryny saýlaýarlar. Şeýle hem beýleki okuw esbaplaryny alyp gaýdýarlar. Umuman, täze okuw ýylyna taýýarlyk görmekde mekdep bazarlarynyň hyzmaty uly.

Okuw esbaplarynyň bezeg işlerine-de aýratyn üns berlipdir. Depderleriň, gündelikleriň dürli görnüşleri bolup, olaryň daşyny paýtagtymyzyň ajaýyp binalarynyň şekilleri bezeýär. Ýurdumyzyň telekeçileri we Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan öndürilen ýokary hilli önümler köpdürlüligi bilen alyjylaryň islegini kanagatlandyrýar.

Hawa, ýurdumyzdaky mekdep bazarlarynda söwda gyzgalaňly başlady. Olar ir ertirden giç agşama çenli halkymyza hyzmat edýär.

Maral KASYMOWA,
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň ýaşaýjysy:


— Täze okuw möwsüminiň öňüsyrasynda her bir ata-ene perzendine gerek bolan okuw esbaplary satyn alýar. Biz mekdep egin-eşiklerini almak üçin bazara geldik. Bu ýerde islän harydyň elýeterli bahadan halka hödürlenýär. Okuw köýnekleriniň milli biçüwde taýýar görnüşlerini görenimde has-da begendim. Tekjeleriň üstündäki ýerleşdirilen ýokary hilli harytlary saýlap almagyň hem özboluşly lezzeti bar. Çagajyklarymyzyň ähli arzuwlarynyň hasyl bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Merjen ÝAZLYÝEWA,
«Watan».

"Watan" gazeti, 03.08.2024

Tmpedagog