24.07.2024 Täzelikler75

Öňde belent maksatlar


Ylym-bilim adamzat durmuşynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr. Ol biziň ýurdumyzda jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, Garaşsyz Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykmagynda esasy şert bolup hyzmat edýär. Ýaş nesliň ylym-bilim alyp, kämil hünärli bolmagy, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, zähmetsöýerligiň belent ruhunda terbiýelenmegi olaryň durmuşda mynasyp ornuny tapyp, işlemegine, döretmegine, gurmagyna, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine goşant goşmagyna ýol açýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň dünýä derejeli ylym-bilimiň, giň dünýägaraýşly bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Ýaş nesliň ylymly-bilimli, ökde hünärmenler bolmaga gönügen höwesi we bu ugurda ýylsaýyn artýan islegi döwletimiziň alyp barýan bilim syýasatynda giňden goldanylýar.

Halk döredijilik eserlerindäki «Bilimli il ozar», «Hünärli ýigit — miweli agaç», «Bilegi güýçli birini ýeňer, bilimi güýçli — müňini», «Hünärli ýigit hor bolmaz» diýen ýaly ençeme paýhasly sözler halkymyzyň ir döwürlerden bäri ylym-bilimlilige, kämil hünärli bolmaga uly ähmiýet berendigine şaýatlyk edýär. Uly ösüşleri nazarlaýan bu paýhasly düşünjeler häzirki wagtda döwlet derejesinde giňden goldanylýar we ösdürilýär. Şu jähetden, türkmen ýaşlary ylymly-bilimli bolmak, göwün söýen hünärlerini ele almak maksady bilen, dürli ýokary okuw mekdeplerinde okamaga uly gyzyklanma bildirýärler. Bagtyýar ýaşlarymyzyň bu höwesini şu günler ýurdumyzyň paýtagtynda, Arkadag şäherinde we welaýatlarynda ýokary hem-de orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul edilişik möwsüminde has aýdyň görmek bolýar. Welaýatymyz boýunça-da ýaşlaryň müňlerçesi talyp bolmaga dalaşgärlik edýärler. Resminamalaryny tabşyrmaga gelýän ýigitlerdir gyzlara welaýatymyzyň 1-nji, 45-nji orta mekdeplerinde döredilen resminamalary kabul ediş toparlarynyň agzalary talabalaýyk hyzmat edýär. Bu mekdeplere gelýän ýaşlaryň gadamlarynda dogum, ýüz-gözlerinde ynam nury şugla saçýar.

Ylym-bilim — aňyň, ruhuň we zehiniň iýmiti. Talyplyga dalaşgärlik edýän ýaşlarymyz bilen gürrüňdeş bolanyňda, olaryň okamaga, öwrenmäge teşnediklerine göz ýetirýärsiň. Bagtyýar ýaşlarymyzyň öz okan mekdeplerinde çuňňur bilim alandyklaryna, boş wagtlarynda gurnaklara, ýörite ugurly okuw we dil merkezlerine gatnap, bilimlerini çuňlaşdyryp, başarnyklaryny ösdürendiklerine guwanýarsyň. Bu gün döwletimiziň ösüş depginleri hem döwrebap innowasion tehnologiýalardan ökde baş çykarýan hünärmenleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, bu ugurda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda türkmen ýaşlarynyň häzirki zaman ylymlary, kämil hünärleri ele almaklaryna gönükdirilýän tagallalar düýpli we maksatnamalaýyn esasda ýerine ýetirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda alnyp barylýan şeýle öňegidişliklere tüýs ýürekden guwanyp, talyp bolmaga höwesli dalaşgär ýaşlarymyza üstünlik arzuw edýäris.

Täzegül ÇARYÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen
45-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 24.07.2024

Tmpedagog