Ak mekdepde ak arzuwlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň güneşli Diýarymyzda ylym-bilimi ösdürmeklige gönükdiren döwletli işleri ýaşlary kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmekde özüniň ajaýyp miwelerini berýär. Her ýylyň 1-nji sentýabrynda — Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli döwrebap bilim edaralarynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi, öňki bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegi indi biziň ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Şu günler bu nurana baýramyň şanyna Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäherinde 960 orunlyk täze, döwrebap orta mekdebi işe girizmek bilen bagly taýýarlyk işleri hem giň gerimde alnyp barylýar. Biz etrap merkeziniň ajaýyp künjeginde gurulýan bu binada işleriň gidişi bilen ýakyndan tanyşmagy makul bildik.
Bizi öň hem kän binalaryňdyr, desgalaryň gurluşygynda öz başarnygy bilen adygan gurluşykçy, häzirki wagtda bu ýerdäki gurluşyk meýdançasynyň başlygy Sapa Esenow güler ýüzli garşylady. Ol sözüniň başynda özüne şeýle jogapkärli wezipäniň ynanylandygy üçin bar ukyp-başarnygyny gaýgyrman zähmet çekýändigini we özlerinden garaşylýan tamany ödejekdigini ynamly belläp, gurluşyk işleriniň gidişi hakynda şeýle gürrüň berdi:
— Gurluşyk işlerinde has-da kämilleşen «Bäş nur» hojalyk jemgyýetimiz tarapyndan geçen ýyl hem Saýat etrabynyň Sakar şäherinde 600 orunlyk, Halaç etrabynda bolsa 500 orunlyk täze döwrebap mekdepler gurlup, ulanylmaga berildi. Nesip bolsa, Hojambaz şäheriniň binagärlik keşbine aýratyn zynat berjek bu döwrebap mekdebiň gurluşygyny hem ýakyn günlerde tamamlamagy maksat edinýäris. Bu ýerde öz işine ussat gurluşykçylaryň 300-e golaýy yhlasly zähmet çekýär. Kämil tehnikalaryň 30-a golaýy bökdençsiz işledilýär. Häzirki wagtda biz mekdebiň içki bezeg işlerini we elektrik toguny geçirmek işlerini alyp barýarys. Mekdebiň binasynda okuw otaglarynyň 43-si we 320 orunlyk naharhana, 280 orunlyk mejlisler zaly, şeýle hem mugallymlar üçin ýörite iş otaglary bar. Esasy okuw binasynyň daşynda bolsa basketbol, woleýbol we futbol meýdançalary döredildi. Binanyň töwereklerine bag ekmek, ýaşyl meýdançalary döretmek işlerine-de aýratyn üns berilýär.
Gurluşykçylardan iş öndüriji Taýly Mämmetgulyýew, ussalar Myrat Hamraýew, Gaýgysyz Annamyradow, Geldimyrat, Mergen Annaýewler, Baýram Soltanow, esasy hasapçy Ygtyýar Satwaldyýew dagy öz ugurlary boýunça halypalyga ýetişen hünärmenler hökmünde ýaş gurluşykçylara ýolbaşçylyk edýärler. Agzybirlikde bu asylly işi üstünlikli tamamlamak ugrunda el-ele berip, yhlasly zähmet çekýärler.
Hakykatdan hem bu ýerde alnyp barylýan işler Sapanyň sözlerini aňryýany bilen tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurulýan şeýle döwrebap bilim ojaklary we beýleki dürli maksatly binalardyr desgalar ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işlenilip taýýarlanylan giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň şaýadydyr. Şeýle-de obalary şäher bilen deňleşdirmek hem-de ilat üçin amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek ulgamynyň häzirkizaman ugurlarynyň döwrebap şöhlelenmesidir.
Iň kämil döwrebap enjamlar bilen üpjün edilýän, içinde interaktiw multimediýa tagtaly okuw, zähmet otaglary, şeýle hem lingafon, kompýuter otaglary we okalga zally kitaphana, mejlisler zaly, naharhana, lukmançylyk otagy, açyk sport meýdançalary döredilýän bu döwrebap mekdepde bagtyýar okuwçylar zamanabap bilim alarlar.
Gurluşykçylar şeýle ajaýyp binalary gurmaga döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden alkyş aýdýarlar.
Atanyýaz HANGELDIÝEW.
"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 18.07.2024