06.06.2024 Täzelikler109

Synaglar üstünlikli dowam edýär


Şu günler ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde 11-nji synplaryň gutardyş döwlet synaglary guramaçylykly dowam edýär. Muny Arkadag şäherindäki mekdeplerde alnyp barylýan işlerde hem görmek bolýar. Okuwçylaryň bu okuw ýylyny üstünlikli tamamlamagynda Arkadag şäheriniň mekdepleriniň mugallymlarynyň yhlasly zähmetlerini hem belläp geçmek gerek.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji maýda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Şu resminama bilim bermegiň hilini has-da ýokarlandyrmak, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmagy netijeli dowam etdirmek, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da artdyrmak maksady bilen kabul edildi.

Konsepsiýada umumybilim maksatnamalary boýunça okuw dersleriniň döwlet bilim standartlarynyň we okuw maksatnamalarynyň talaplaryna laýyk getirilişine yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmak, mekdep okuwçylarynyň okaýyş, matematika we tebigy dersler boýunça bilim derejelerini bahalandyrýan halkara maksatnamalarynyň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak hem bellenilýär. Häzirki wagtda dowam edýän gutardyş döwlet synaglary Arkadag şäherindäki 1-nji orta mekdepde hem guramaçylykly geçirilýär. Uçurymlar döwlet synagyna örän taýýarlykly gelipdirler, bilimleri oňat özleşdiripdirler.

Şeýle hem orta mekdepleriň okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny döwrüň ösýän talaplaryna laýyk getirmek üçin olar mazmun taýdan baýlaşdyryldy. Bilim ulgamyna öňdebaryjy iş tejribeleri ornaşdyryldy. Mekdeplerde talabalaýyk okatmak üçin ähli zerur şertler, mümkinçilikler döredildi. Şol mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, döwrebap bilim berýän mugallymlaryň çekýän zähmetiniň miwelerini mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň jemleýji synaglarynyň netijelerinde hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Bilim işgärlerine döredilýän şeýle mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris.

Ýanwar ANNAÝEW,
Arkadag şäheriniň bilim müdirliginiň başlygy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 05.06.2024

Tmpedagog