31.05.2024 Täzelikler297

Mekdeplerde synaglar başlandy


2023-2024-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen Ak bugdaý etrabyndaky umumybilim berýän mekdeplerde synpdan synpa geçiş synaglary başlanyp, olar guramaçylykly dowam edýär. Okuwçy ýaşlaryň bilim derejesini we sapaklaryny özleşdirişini açyp görkezmekde ähmiýetli bolan synpdan synpa geçiş synaglarynyň degişli talaplara laýyklykda geçmegi üçin etrap bilim bölümi tarapyndan degişli tagallalar edilýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mekdebi tamamlan uçurym ýaşlaryň gutardyş döwlet synaglaryna hem aýratyn ähmiýet berilýär. 1-nji iýunda başlanjak bu synaglarda etrap boýunça hereket edýän umumybilim berýän orta mekdepleriň 46-synda bilim alan mekdep uçurymlarynyň 2 müň 71-si zehin-başarnyklaryny görkezer. Öňdäki synaglaryň tamamlanmagy bilen etrabymyzyň bilim ojaklarynda ýeňil abatlaýyş işleri ýerine ýetirilip, mekdeplerde täze, 2024-2025-nji okuw ýylyna taýýarlyk işlerine girişiler.

Ogulşat ÇARYÝEWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň
Ak bugdaý etrap Geňeşiniň işgäri.



Tmpedagog