22.05.2024 Täzelikler217

«Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy


14-nji maýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda yglan edilen «Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilen bäsleşik düzme we hekaýa ýazmak hem-de surat çekmek ugurlaryny öz içine aldy. Oňa paýtagtymyzyň, Arkadag şäheriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň mekdep okuwçylarynyň 195-si öz işleri bilen gatnaşdylar. Netijede, eminler topary bäsleşige hödürlenen işleriň içinden şu aşakdakylary ýeňiji diýip yglan etdi:

Hekaýa ugry:

1. Alişer MATÝAKUBOW, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky 95-nji orta mekdebiň okuwçysy. 1-nji orun.

2. Abadan SATLYKOWA, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň okuwçysy. 2-nji orun.

3. Aýgül BABAGULYÝEWA, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň okuwçysy. 3-nji orun.

4. Mamajan HOJALYÝEWA, Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy. 3-nji orun.

5. Resul ŞAGULYÝEW, Aşgabat şäherindäki 37-nji orta mekdebiň okuwçysy. Höweslendiriji baýrak.

6. Aganur PARAHADOW, Aşgabat şäherindäki 41-nji orta mekdebiň okuwçysy. Höweslendiriji baýrak.

7. Bägül ÖWEZOWA, Aşgabat şäherindäki saz ugruna ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň okuwçysy. Höweslendiriji baýrak.

8. Mähri ŞÖHRADOWA, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçysy. Höweslendiriji baýrak.



Düzme ýazmak boýunça:

1. Näzli AHMEDOWA, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebiň okuwçysy. 1-nji orun.

2. Käbe TAGANOWA, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň okuwçysy. 2-nji orun.

3. Aýşa AGAÝEWA, Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň okuwçysy. 3-nji orun.

4. Hatyja ŞAMYRADOWA, Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy. 3-nji orun.

5. Aýnur ABAÝEWA, Babadaýhan etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň okuwçysy. Höweslendiriji baýrak.

6. Ýusupnur ANNAKOW, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiň okuwçysy. Höweslendiriji baýrak.

7. Mähri RAHYMOWA, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 143-nji orta mekdebiň okuwçysy. Höweslendiriji baýrak.

8. Nurgözel GUTLYÝEWA, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçysy. Höweslendiriji baýrak.



Surat çekmek ugry boýunça:

1. Nurana NAZAROWA, Aşgabat şäherindäki 96-njy orta mekdebiň okuwçysy. 1-nji orun.

2. Daýanç ANNAÝEW, Gökdepe etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň okuwçysy. 2-nji orun.

3. Ysmaýyl ATAÝEW, Babadaýhan etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň okuwçysy. 3-nji orun.

4. Merjen HOJAKULYÝEWA, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebiň okuwçysy. Höweslendiriji baýrak.

5. Ejegül GURBANOWA, Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň okuwçysy. Höweslendiriji baýrak.

6. Aýlar ŞIRJANOWA, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň okuwçysy. Höweslendiriji baýrak.

Olar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň sowgatlary we gurnaýjylaryň hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

«Güneş».
"Güneş" žurnaly,

www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog