Bilim işgärleriniň tejribeleri artdyrylýar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň barha belent sepgitlere ýetmegi üçin, ilkinji nobatda, döwletimizde bilimli, ylymly, döredijilikli, terbiýeli sagdyn nesilleri ösdürip ýetişdirmegiň wajypdygyny nygtaýar. Bilim dünýäsine aralaşmak, onuň belentliklerine çykmak ýoly orta mekdepden başlap, ýokary okuw mekdeplerinde dowam etdirilýär. Ynha, golaýda Türkmenistanyň bilim ulgamynyň işgärlerinden düzülen topar Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde 5 – 11-nji maý aralygynda geçirilen «Ýüz ýüze 100 çaga oýunlary» atly okuw maslahatyna gatnaşdy. Türkiýe, Türkmenistan, Azerbaýjan döwletleriniň bilim işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen okuw maslahaty täsirli, ýatda galyjy we tejribe almaga örän ähmiýetli çäreleriň biri boldy. Okuw maslahatynyň açylyş dabarasyna Türkiýäniň Milli Bilim ministriniň orunbasary Jelile Eren Ökten gatnaşdy.
Gündelik okuw maslahatyndan soňra, Türkiýäniň Ankara şäheriniň gözel ýerlerine syýahatlar guraldy. Ankara şäheriniň döwlet kitaphanasyna, kitaphananyň dünýä boýunça ýeke-täk kitaplar bölümine, ýagny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň saklanylýan bölümine we bir wagtyň dowamynda 5 million okyjy kabul edip bilýän okyjy zalyna baryldy. Şeýle hem Türkiýe döwletini esaslandyran Mustafa Kemal Atatürküň ýadygärlikler toplumyna zyýarat edildi.
Soňra Döwlet muzeýindäki Türkiýe döwletiniň milli gymmatlyklaryna, Mustafa Kemal Atatürküň, Türkiýe döwletiniň halkynyň taryhyna degişli esbaplara, eksponatlara, suratlara, portretlere, taryhy ýazgylara syn edildi. Munuň özi bilim işgärlerinde uly täsir galdyrdy, çünki kitaplar bilen tanyşlyk aýratyn many-mazmuna eýedir.
Bu ýerde 6 — 10-njy maý aralygynda günüň birinji ýarymynda okuw maslahaty, ikinji ýarymynda bolsa milli oýunlary oýnamak pursatlary geçirildi. Üç sany doganlyk halkyň arasyndaky milli oýunlaryň biri-birine meňzeşlikleri, tapawutly taraplary we onuň dürli dersler bilen baglanyşdyrylyp, sapakda peýdalanmagyň düzgünleri dogrusynda çykyşlar edildi. Sowal-jogaplar guraldy.
Ankara şäheriniň taryhynda bilim we medeni toplumy bolan «Ankara Düşünçe Araştirma Merkezi» atly gadymy döwürde ylym-bilim medresesi bolan bilim ojagyna myhman bolduk. Hünärmeniň gürrüň bermeginde şol gadymy medresäniň taryhy bilen tanyşdyk. Ol ýerde bilim we hünär alýan okuwçylaryň ýerine ýetirip oturan işlerini, ýagny diňe el işleri bilen ýerine ýetirilýän sowgatlyk önümleriniň taýýarlanylyşyny, arap dilindäki sözleriň el işleri bilen ýazga geçirilişini, elde tikilen ýantorbalaryň taýýarlanylyşyny, arap dilindäki mukaddes sözleri sowgatlyk hökmünde bezeýişlerini synladyk.
Okuw maslahatynyň dowamynda türkmenistanly bilim işgärleri «Başkent ögretmenevi» myhmanhanasynyň okuw merkezinde Watanymyzyň ösüşleri, ýurdumyzda alnyp barylýan bilim ulgamynyň işleri, «akylly» şäher bolan Arkadag şäheri barada maglumat berdiler. Bular dogrusynda taýýarlanan wideoşekiller arkaly çykyş etdiler. Soňra türkmen milli çaga oýnuň çyzgysy we öwrediliş tertibi, onuň yzygiderliligi, haýsy dersler bilen baglanyşdyryp bolýandygy, terbiýeçilik ähmiýeti we dost-doganlyk ýurtlaryň milli oýunlary bilen baglanyşygy görkezildi. Wideoşekilleriň üsti bilen çagalaryň oýun oýnaýan pursatlary, onuň howpsuzlyk talaplary giňişleýin düşündirildi. Soňra ähli türkmenistanly bilim işgärleriniň gatnaşmagynda oýun janly görnüşde sahnalaşdyrylyp görkezildi. Sahnalaşdyrylan oýna okuw maslahatyna gatnaşyjylar uly baha berdiler we öz derslerinde dürli usullar bilen peýdalanjakdyklaryny aýtdylar.
Türkiýe Respublikasynda geçirilen okuw maslahaty türkmenistanly bilim işgärlerinde aýratyn täsir galdyrdy. Daşary ýurtly bilim işgärleri bilen tejribe alyşmak, bar bolan tejribäniň üstüni ýetirmek mugallymlar üçin ajaýyp mümkinçilik boldy. Bilim işgärleriniň döredijilikli işlemekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Mährijemal BEREKETOWA,
Aşgabat şäherindäki 45-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Mugallymlar gazeti" gazeti, 22.05.2024