Jemleýji synaglara taýýarlykly baralyň!
2023 — 2024-nji okuw ýyly Tejen etrabyndaky tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdep üçin şowly ýyllaryň biri boldy. «Altyn asyryň altyn zehinleri» ders bäsleşiginde mekdebimiziň okuwçylarynyň ýigrimi altysy welaýat tapgyrynyň ýeňijisi boldy. Onuň döwlet tapgyrynda bolsa alty okuwçymyz üstünlik gazandy. Şol üstünlikleriň esasy görkezijisi bolsa mekdebi tamamlaýan okuwçylarymyza degişlidir. Şu ýyl mekdebi uçurymlarymyzyň 84-si tamamlar.
Hawa, esasy jogapkärçilik öňde. Mekdebi tamamlaýan okuwçylarymyz jemleýji synaglaryny üstünlikli tabşyrmak üçin taýýarlyk işlerini netijeli geçýärler. Bu işlerde okuwçylara mekdebiň mugallymlary Döwran Mukymow we Öwezdurdy Hanow uly goldaw berýärler.
Synaglara taýýarlyk işleri barada aýdylanda, ilki bilen, dälizlerde ýerleşdirilen synag burçuny bellemek gerek. Bu burçda okuwçynyň ene-atasyna, mugallymlara we okuwçylara ýatlama, synaga taýýarlyk günleriniň we synag günleriniň tertibi, synag toparynyň agzalary barada maglumat berilýär. Şeýle-de synag otaglary saýlanyp alnyp, olarda synagda ulanmaly görkezme esbaplary ýerleşdirilýär. Synagda ulanylmaly synag kagyzlary möhürlenip, taýýarlanyp goýulýar.
2013-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda (7 ýaşynda) 1-nji synpa kabul edilen okuwçylar bu ýyl mekdebi tamamlap, özleriniň saýlan hünärleri boýunça ýokary, ýörite orta mekdeplerde okuwlaryny dowam etdirerler.
Synaglar boýunça her derse ýörite synag depderleri ýöredilýär. Mysal üçin: algebra we analiziň başlangyçlary dersinden döwlet synaglaryna taýýarlyk depderinde okuwçy «Algebra we analiziň başlangyçlary» gutardyş synagy üçin ýumuşlar ýygyndysyndan özüniň düşünmedik ýa-da çözmekde kynçylyk çekýän mysal-meselelerini depdere belleýär. Mugallym bilen birlikde şol temalar gaýtadan öwrenilýär we synaga taýýarlyk görülýär. Sowal-jogaplar alşylýar.
Synaglara görülýän taýýarlyklar okuw ýylynyň mekdebimiz üçin şowly tamamlanjakdygyna bolan ynamy has-da artdyrýar.
Ýaş nesliň geljegi, şu güni üçin ýurdumyzyň ähli ulgamynda döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Mekdepleriň ýokary synp okuwçylary ýörite hünärlere, ugurlara ýöriteleşdirilýär. Munuň özi ýaşlaryň saýlap alan hünärleriniň ussatlary bolup ýetişmekleri üçin örän uly ähmiýete eýedir.
Aýmyrat MAMEDOW,
Tejen etrabyndaky tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen
33-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Mugallymlar gazeti" gazeti, 13.05.2024