“24 den biri” atly aýdym aýtmak boýunça bäsleşik geçirildi
Balkanabat şäheriň 24-nji orta mekdebinde mugallym Arazbibi Mämmedowanyň gurnamagynda we 11-nji synp okuwçysy Rüstem Arslanowyň işjeňliginde okuwçylaryň arasynda aýdym-saza höwesli ýetginjekleri ýüze çykarmak maksady bilen Beýik Ýeňişiň 79 ýyllygyna bagyşlap 8-11-nji synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda “24 den biri” atly aýdym aýtmak boýunça bäsleşik geçirildi.
Okuwçylar diňe bir ene dilimizde däl, eýsem türk, rus, iňlis we arap dillerinde hem aýdym aýdyp öz zehinlerini görkezdiler.
Mekdebiň aýdym-saz mugallymy Ogulşat Bugraýewanyň, türkmen dili we edebiýat mugallymy Bossantäç Möwlamowanyň we 24-nji çagalar bagynyň aýdym-saz mugallymy Arzuw Ataýewiň eminlik etmekleri bilen zehinli okuwçylar ýüze çykaryldy.
Gatnaşyjylar höweslendirilip, has öňe saýlanan okuwçylar sylaglanyldy.
Şabibi AGÖÝLIÝEWA,
Balkanabat şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň mugallymy.