01.05.2024 Täzelikler309

«Ýylyň mugallymy — 2024» bäsleşiginiň ýeňijisi diýen hormatly ada eýe boldy


Mugallymyň ussatlygy — üstünligiň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimi ösdürmek, kämil mugallymlary taýýarlamak boýunça döwletimizde netijeli işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde bu ugurda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda döredilýän mümkinçilikler öz miwesini berýär. Kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek ähli döwürlerde hem halkymyzyň üns merkezinde saklaýan esasy ugry bolupdyr. Watanymyzyň şöhraty bolan terbiýeli nesiller biziň röwşen geljegimizdir.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döredilýän giň mümkinçilikler esasynda ylym-bilim döwrebap ösdürilýär, bilim-terbiýe bermegiň kämil usullary giňden ulanylýar. Milli bilim ulgamyny ösdürmek we ony döwrebaplaşdyrmak esasy ugurlaryň biri bolmak bilen bir hatarda, bu ugruň yzygiderli kämilleşdirilmegi hem zerur bolup durýar. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzda bu ulgama degişli döwlet çäreleri-de yzygiderli guralýar. Asylly däbe öwrülen «Ýylyň mugallymy — 2024» bäsleşigi hem bu ugur boýunça amala aşyrylýan netijeli işleriň biridir.

Ýakynda onuň netijeleri üstünlikli jemlendi we oňa gatnaşan ýurdumyzyň ussat mugallymlary öz başarnyklaryny görkezdiler hem guwandyryjy netijelere eýe boldular.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 29-30-njy aprelinde «Ýylyň mugallymy — 2024» bäsleşiginiň döwlet tapgyry paýtagtymyzdaky ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebinde geçirildi. Bu bäsleşik zehinli mugallymlara öz başarnyklarynyň kämilligini açyp görkezmäge mümkinçilik berdi.

Bäsleşik iki gün dowam etdi. Oňa gatnaşan mugallymlar, bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, nätanyş synplarda degişli ugurlar boýunça görelde sapagyny we synp sagadyny geçip görkezdiler. Sapagyň dowamynda mugallymlar öz ukyp-başarnyklaryny, toplan tejribelerini görkezdiler. Bu bolsa olaryň bäsleşige höwes bilen taýýarlykly gelendigini aýdyň subut etdi. Tejribeli hem-de işine höwesli mugallymlar bäsleşigiň dowamynda multimedia tagtasyndan peýdalanyp, sowal-jogap arkaly okuwçylaryň sapaga işjeň gatnaşmagyny gazandylar. Görkezme esbaplaryndan işjeň peýdalanan mugallymlar okatmagyň döwrebap usullaryny açyp görkezdiler. Şeýle-de bu kämil usuly netijeli peýdalanmakda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri gymmatly gollanma boldy. Öz hünärine ökde mugallymlaryň içinden mynasybyny saýlamak boýunça emin agzalary bäsleşige gatnaşyjylaryň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini içgin seljermegi başardylar.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilen «Ýylyň mugallymy — 2024» bäsleşiginiň netijesinde Daşoguz şäherindäki 29-njy orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Jennet Annamedowa döwlet tapgyrynyň ýeňijisi diýen hormatly ada eýe boldy. Bäsleşigiň netijesinde baş baýraga eýe bolan ýeňijä gymmat bahaly sowgat we Hormat haty dabaraly gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşan beýleki mugallymlara hem höweslendiriji baýraklar berildi. Ýokary derejede geçirilen bäsleşik ähli mugallymlarda has-da netijeli işlemäge höwes döretdi.

Altyn SARYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 01.05.2024

Tmpedagog