01.05.2024 Täzelikler287

«Ýylyň terbiýeçisi — 2024» diýen ada mynasyp boldy


Tejribeli terbiýeçileriň bäsleşigi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda «Ýylyň terbiýeçisi» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry boldy. Aşgabat şäherindäki 99-njy çagalar bakja-bagynda guralan bu bäsleşik iki gün dowam etdi. Oňa bäsleşigiň welaýat tapgyrynda we Aşgabat şäher tapgyrynda ýeňiji bolan terbiýeçiler gatnaşdylar.

Bäsleşigiň birinji gününde terbiýeçiler eminler toparynyň taýýarlan meýilnamasy esasynda nätanyş toparda bellenen wagt aralygynda sapak geçdiler. Tejen etrabyndan terbiýeçi Aýnabat Körpäýewa daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak sapagyny işjeň ýagdaýda geçirmegi başardy. Ol öý işi boýunça «Türkmenistanyň şypahanalary» we täze tema boýunça «Ulularyň çekýän zähmeti bilen tanyşmak» temalaryny okuwçylara giňişleýin düşündirdi. Şeýle hem Aşgabat şäherindäki 103-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Güljahan Kulyýewa ýönekeý matematik düşünjeleri öwretmek sapagyny täsirli gurady. Ol «Geometrik şekiller» diýen tema boýunça birnäçe oýunlar esasynda temany düşündirdi. Lebap welaýatyndan terbiýeçi Şirinjemal Şükürowa bolsa sözleýşi ösdürmek dersi boýunça gyzykly sapagy guramagy başardy. Ol öý işiniň temasy boýunça A.Allanazarowyň «Taýçanak» hekaýasyny gyzykly gürrüň berdi. Täze tema boýunça A.Hümmedowyň «Baglar» goşgusyny labyzly okap, manysyny düşündirdi. Daşoguz welaýatyndan tejribeli terbiýeçi Mähri Abdyweliýewa bolsa sowat öwretmek dersinden «Ž» sesi we harpyny gaýtalamak», täze tema boýunça bolsa «F» sesi we harpy» diýen temalarda täsirli sapak guramagy başardy. Terbiýeçiler nätanyş çagalar bilen umumy dil tapmagy, olaryň sapaga işjeň gatnaşmaklaryny, sowal-jogaplary alşyp, höwesini artdyrmagy başardylar.

Soňra terbiýeçiler öz tejribeleri boýunça öňdebaryjy iş usullary, ata-eneler bilen bilelikdäki işleri, dürli temalarda geçiren terbiýeleýjilik ähmiýetli çäreleri, öwreniş usulynda taýýarlanylan okuw-görkezme we paýlama esbaplary boýunça çykyş etdiler. Gollanma işlerini multimedia tagtasyndan peýdalanyp, eminler toparyna ýetirmegi başardylar. Eminler toparynyň soraglaryna jogap berdiler.

Bäsleşigiň ikinji gününde terbiýeçiler nätanyş toparlarda synp sagadyny geçdiler. Şeýle hem bäsleşigiň ýene bir şerti esasynda körpeler bilen guralýan gyzyklanma çäreleriniň bir pursadyny amaly ýagdaýda görkezdiler.

Bäsleşige gatnaşan tejribeli terbiýeçilerden ýeňijileri saýlamak eminler toparyna hem ýeňil düşmedi. Netijede, Aşgabat şäherindäki 103-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Güljahan Kulyýewa «Ýylyň terbiýeçisi — 2024» diýen ada mynasyp boldy. Ýeňijä bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat haty we gymmat bahaly sowgat dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bäsleşigiň geçýän ýerinde oňa gatnaşan terbiýeçileriň sapaklarynda peýdalanýan görkezme esbaplarynyň sergisi hem guraldy.

Şähribossan ÖWEZOWA,
«Mugallymlar gazeti»

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 01.05.2024

Tmpedagog