Mekdep okuwçylarynyň üstünligi
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde ýaşlary ýagty ertirlere ruhlandyrýan, olaryň nurana geljegini berkarar etmäge gönükdirilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu günki gün ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky ösüşler aýdyňlygy bilen görünýär. Munuň şeýledigini halkara ders bäsleşiklerine gatnaşýan mekdep okuwçylarynyň üstünlikli çykyş edip, baş baýraklara, altyndyr bürünç medallara mynasyp bolmaklary hem subut edýär. Şeýle halkara bäsleşikleriň biri 18 — 25-nji fewral aralygynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda iňlis dili dersi boýunça geçirildi.
Dünýäniň 50 döwletinden müňden gowrak mekdep okuwçysynyň gatnaşmagynda kiçi, orta we uly ýaş toparlarynda 6 ugur boýunça geçirilen halkara bäsleşik çekeleşikli boldy. Oňa ýurdumyzdan jemi 15 okuwçy gatnaşyp, 10 sany baş baýraga, 6 sany altyn medala, 5 sany kümüş medala, 11 sany bürünç medala mynasyp boldular.
Mekdep okuwçylarynyň halkara üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn bilimli, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge berýän üns-aladalarynyň miwesidir.
"Türkmenistan" gazeti, 27.02.2024