07.02.2024 Täzelikler185

Pyragydan ruhlanyp


Hepdäniň ilkinji gününde Balkan welaýatynyň Balakanabat şäheriniň Baýram şahyr adyndaky 8-nji orta mekdebinde «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy» mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen dabaraly çäre geçirildi.

Biziň mekdebimiz hem ýurdumyzda geçirilýän çärelerden ylham alyp: “Magtymguly Pyragynyň 300 yyllygyna” bagyşlanan aýdym-sazly, dabaraly çäre geçirildi.

Köňüller, ýürekler bir bolup başlar.
Tartsa ýygyn erär topraklar-daşlar.
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

Ilki bilen mekdebiň okuwçysy Suray Gurbanberdiýewanyň aýtmagynda görnükli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada kyssa diňlendi.

Dabaranyň dowamynda Çynar Gyrmanowanyň ýerine ýetirmeginde “Janyna degmez” aýdymy, Ysmaýyl Gökiýewiň ýerine ýetirmeginde bolsa halk aydymy diňlenildi.

Mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Selim Ataýewiň, Suray Annaýewanyň, Şaperi Annamuhammedowanyň, Şasoltan Nazargulyýewanyň , Myratberdi Gylyjowyň yerine yetiren kompozisiyasy bolsa dabara gatnaşyjylary has hem ruhlandyrdy.

Çäräniň dowamunda goşgular ýygyndysynyň okalyp durulmagy dabara özboluşly bezeg berdi.

Çäre türkmen toýlarynda adat bolup galan küştdepdi bilen jemlendi.
Dabarany gurnaýjylara, gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirildi.

Orazjemal BEKMÄMMEDOWA,
Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň
8-nji orta mekdebiniň biologiýa mugallymy.



Tmpedagog