31.01.2024 Täzelikler194

Watansöýüjilik terbiýesi


Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde «Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda watansöýüjilik terbiýesi» atly usuly-amaly maslahat geçirildi. Bilim işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýaşlaryň gatnaşmagynda bolan maslahat Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Ahal welaýat häkimligi, welaýat Baş bilim müdirligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi tarapyndan guraldy.

Usuly-amaly maslahata gatnaşmaga ýygnananlar, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň mekdebiň eýwanynda ýerleşýän ýadygärligine gül desselerini goýdular, ussat mugallymy, watançy esgeri hatyraladylar, soňra mekdep muzeýine aýlanyp gördüler.

Bilim ojagynyň mejlisler jaýynda geçen usuly-amaly maslahatda öňdebaryjy, baýry bilim işgärleri Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy we şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti, täze taryhy döwrümizde dana şahyryň hormat-sarpasy dogrusynda gürrüň etdiler. Çykyş edenler bu gün beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň garaşsyz döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik hakyndaky arzuw-islegleriniň hasyl bolandygyny, şirin dilli söz ussadymyzyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan, kämil many-mazmunly goşgularynyň ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedigini, ildeşlerimizi halal zähmete, belent maksatlara ruhlandyrýandygyny aýratyn belläp geçdiler.

Usuly-amaly maslahatyň dowamynda ýaş nesli watansöýüji, hemmetaraplaýyn düşünjeli, kämil şahsyýet edip kemala getirmekde Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmegiň we wagyz etmegiň, okuw terbiýeçilik işinde peýdalanmagyň usullary barada aýratyn bellenip geçildi hem-de özara pikir we tejribe alşyldy.

Hatyja EZIZOWA,
Gökdepe etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň müdiri.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 31.01.2024

Tmpedagog