Arzan we peýdaly dökün
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen halk hojalygynyň islendik pudagynda ylmyň gazananlaryndan, ösen tehnologiýalardan netijeli peýdalanylýar. Ylmyň gazananlarynyň önümçilige üstünlikli ornaşdyrylmagyna uly üns berilmegi netijesinde bu ugurda täze açyşlaryň, oýlap tapyşlaryň sany köpelýär. Ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýaşlaryň arasynda ylmy bäsleşikleriň geçirilip ugramagy bolsa diňe bir ýokary okuw däl, orta mekdeplerde hem ylmy işlere höwesli ýaşlaryň bir toparyny ýüze çykarýar.
Biziň orta mekdebimiziň 11-nji synp okuwçysy Agabek Atajanow hem iýmit taýýarlanylanda, emele gelýän aşhana zyňyndylaryny çüýretmek we ony organiki dökün hökmünde medeni ösümlikleri ösdürmekde peýdalanmagyň bähbitlidigini tejribeler arkaly ylmy nukdaýnazardan öwrendi. Netijede ol aşhana zyňyndylaryndan medeni ösümlikler üçin organiki dökün taýýarlap boljakdygyny tejribeler arkaly aýdyňlaşdyrdy. Onuň tejribeleri esasynda alnan organiki dökün arzan we ekologiýa taýdan arassa hasaplanylýar. Agabek özüniň alyp barýan ylmy tejribeleriniň gowy netije bermegini hormatly Prezidentimiziň ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almaklary barada edýän tagallalary bilen baglanyşdyrýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýakyndan ýardam berilýär, olary ylym-bilime höweslendirmek, halallyk, agzybirlik, ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek üçin maksatlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Hut şu döredilýän şertleriň özüni ylmy işe höweslendirendigini Agabek buýsanç bilen gürrüň berýär. Hormatly Prezidentimiziň gadymy topragymyzda ekilýän ekinlerden bol hasyl almak baradaky aladalary Agabekiň döredijilik pikirlerine itergi beripdir. Ol Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň azyklyk önümleriň bolçulygyny döretmek baradaky tagallalaryna goşant goşmagy maksat tutunandygyny aýdýar. Öz iş tejribeleriniň ýer eýeleri üçin aýratyn peýdalydygyny, bu döküni ýönekeý şertlerde uly çykdajy etmezden taýýarlap boljakdygyny ýaňzydýar.
Ekin, toprak bilen iş salyşýan islendik adam ekologik taýdan arassa we köp mukdarda hasyl almaklyga çalyşýar. Bu biziň hemmämize mälim. Köplenç hasyllylygy artdyrmak üçin himiki dökünler ulanylyp, çykdajy bary hem edilýär. Hasylyň düzümine we hiline bolan talaplaryň bärden gaýdýan pursatlary bolýar. Agabekiň maslahat berýän döküni ekologiýa taýdan arassa hasylyň kemala getirilmegini üpjün edýär. Agabek köpsanly hojalyklarda emele gelýän iýmit galyndylaryny toplap, ýörite usullar arkaly çüýredip, şolardan alnan döküni topragy we ekini gurplandyrmak üçin ulanmagyň tertibini işläp düzüpdir. Ol şeýdilende hem-ä öýlerde zyňyndylaryň üýşmeginden halas bolunýandygyny, üstesine, olaryň peýdaly maksatlar üçin ulanylýandygyny ýörite mysallaryň, hasaplamalaryň üsti bilen subut edýär. Bu ekologiýa taýdan hem peýdaly. Galyndylar organiki döküne öwrülip, gök-bakja ekinleriniň hasylynyň hil taýdan ýokary we arassa bolmagyny üpjün edýär. Şonda himiki dökünler ulanmazdan alnan hasyl ynsan saglygy üçin peýdaly maddalara baý bolýar.
Ol topragy baýlaşdyrmak maksady bilen organiki dökünleriň dürli görnüşini taýýarlamagyň mümkindigini tejribede öwrenipdir. Ýumurtga gabygyndan, çaý galyndysyndan, ýeralmanyň, soganyň, pomidordyr käşiriň, badamjanyň, kädiniň, hyýaryň we dürli miweleriň gabyklaryndan taýýarlanylan dökünler bol hasylyň kemala gelmegine oňyn täsirini ýetirýär. Agabek galyndylary çüýretmek üçin kompostirlemek hadysasyny ulanypdyr. Bu hadysany geçirmek üçin galyndylary ýörite boýy 1,5 metre golaý gapda toplapdyr. Şu gapda kompostirlemek hadysasynyň geçişine gözegçilik edýär. Galyndylary çüýretmek üçin gaby howa çekmez ýaly berk ýapsa-da bolýar. Birnäçe günden dökün taýýar bolýar. Gaby ýapmazdan, howadan peýdalanyp hem iýmit galyndylaryny çüýredip bolýar. Belli bir wagt geçenden soň bu usullaryň ikisinde hem hadysa sezewar edilen iýmit galyndylaryndan edil topraga çalymdaş dökün alynýar.
— Alan organiki dökünimizi zyýansyzlandyrmak maksady bilen oňa sogandan, sarymsakdan, ajy gyzyl burçdan we üzärlikden taýýarlan erginlerimizi yzygiderli sepip durduk — diýip, Agabek Atajanow ylmy esasda geçiren tejribesi barada gürrüň berýär. — Taýýarlan dökünimiziň täsirini bilmek üçin ony iş ýüzünde synagdan geçirdik. Munuň üçin şu dökün sepilen we sepilmedik topragy saýladyk. Biziň dökünimiziň ulanylan ýerinde ekilen pomidoryň, bolgar burçunyň, noýbanyň, jöweniň ösüşi we hasylynyň möçberi görnetin tapawutly boldy.
Tejribeleri geçirmäge men hem halypa hökmünde gözegçiligi amala aşyryp durdum. Bu işde Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň uly gollanma bolandygyny hem buýsanç bilen aýdasymyz gelýär.
Dursun DÖWLETOWA,
Çärjew etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň biologiýa mugallymy.
"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 25.01.2024