Halkara olimpiadadan medallar
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagy, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, ylym döredijilik, sport bilen meşgullanmagy ugrunda uly işler edilýär. Türkmen ýaşlarynyň halkara derejedäki olimpiadalarda we ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri hem şol tagallalaryň miwesidir.
16 — 18-nji dekabr aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen «INFOMATRIX-ASIA 2023» atly halkara IT taslama bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda türkmenistanly mekdep okuwçylary baýrakly orunlaryň 19-syna, ýagny 1 baş baýraga, 2 altyn, 3 kümüş we 13 bürünç medallara mynasyp boldular. Olaryň arasynda Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň hem 7-si bar. «Ýeralma galyndylaryndan emeli ýagdaýda maýa kömeleginiň alnyşy» atly ylmy işi bilen ekologiýa ugrunda bäsleşen 10-njy synp okuwçymyz Mähriban Şöhradowa halkara olimpiadanyň altyn medalyna mynasyp boldy. 11-nji synp okuwçylarymyz Selbi Orazgeldiýewa bilen Humaý Garlyýewanyň üzärligiň tohumyndan alkoloid almak we ony derman senagatynda ulanmak bilen baglanyşykly taslamasy bolsa bürünç medala mynasyp görüldi. «Emeli aňy ulanmak arkaly şahsyýeti tanamak we hasaba almak» diýen taslama işini taýýarlan 11-nji synp okuwçymyz Selim Jomartow bilen 9-njy synpda bilim alýan Hakberdi Orazow hem olimpiadada bürünç medallary gazandylar. Selim Jomartowyň «Ula hormat, kiçä sylag» atly gysga metražly terbiýeçilik ähmiýetli filmi hem olimpiadanyň bürünç medaly bilen sylaglandy. Şeýle hem 9-njy synp okuwçymyz Osman Gylyjowyň robot taslamasy we 8-nji synpda bilim alýan Rejepmämmet Bäbişowyň sosial torlardan ýerlikli peýdalanmaga bagyşlanan taslamasy üçünji orunlara mynasyp görüldi.
Zehinli okuwçylarymyzyň netijeleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gazanylan üstünliklere mynasyp goşant bolup, biziň yhlasymyzyň ýerine düşýändigini görkezýär.
Gurbanmyrat JELALETDINOW,
Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän
87-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Watan" gazeti, 23.12.2023