13.12.2023 Täzelikler244

Iňlis dili boýunça guralan bäsleşik


Hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işleriň netijesinde giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, sagdyn, ruhubelent, döredijilikli zähmete ukyply ýaşlar kemala gelýär. Ýurdumyzda ylmy we bilimi ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler ýaşlara aýratyn hyjuw, joşgun bilen okamaga ýardam berýär. Olaryň parahatçylygyň mekany bolan ata Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrmaga mynasyp goşant goşmagyna giň ýol açýar.

Ýakynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli umumybilim berýän orta mekdepleriň 9 — 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Türkmenistan — dost-doganlyk mekany» diýen temada iňlis dilinde düzme (esse) ýazmak boýunça bäsleşik geçirildi.

Bäsleşigiň maksady Türkmenistanyň her bir raýatynyň azyndan üç dili — ene dilini, iňlis we rus dillerini kämil bilmeklerini gazanmakdan hem-de «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» talaplaryndan, döwletimizde ýaş nesilleriň şadyýan, sagdyn ösmegini, döwrebap bilim-terbiýe almagyny, hünär öwrenmegini, dil başarnyklaryny ösdürmegi gazanmak bolup durýar. Geljekde olaryň ýurdumyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirilýän tutumly işleriň, ösüp gelýän ýaş nesliň daşary ýurt dillerini çuňňur özleşdirmäge bolan höweslerini artdyrmakdan, olaryň dil başarnyklaryny kämilleşdirmekden, zehinli mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmakdan we goldamakdan, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň diplomlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Aýlar SEÝITNIÝAZOWA,
Aşgabat şäheriniň 66-njy orta mekdebiniň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 11.12.2023

Tmpedagog