13.02.2025 Söhbetdeşlik355

Mugallymyň şowly gadamlary


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda irki döwürlerden bäri dowam edip gelýän ynsanperwer we mukaddes ýörelgelerimiz täzeçe ösüşlere, rowaçlyklara beslenýär. Munda gyz-gelinlerimiziň hem uly paýy bar. Päk zähmeti bilen ýurdumyzyň ösüşlerine önjeýli goşant goşýan zenanlaryň biri-de mekdebimiziň ýapon dili mugallymy Kristina Çaryýewadyr. Ol on ýyla golaý wagtdan bäri mekdebimizde zähmet çekýär.

Ata-babalarymyzyň «Bir dil bilen bir adam, köp dil bilen köp adam» diýen parasatly sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda ýaş nesle ene dilimiz bilen bir hatarda dünýä dillerini öwretmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek boýunça asylly işler amala aşyrylýar. Biziň mekdebimizde-de 2016-njy ýylda ýapon dilini okatmak ýola goýuldy. Çagalary okatmaklyk bu ugurdan ýokary bilimli hünärmen Kristina Çaryýewa ynanyldy. Onuň ýapon dilini okatmakda, öwretmekde alyp barýan işleri bellenilmäge mynasypdyr.

Kristina Çaryýewa iş tejribesini artdyrmak maksady bilen ençeme gezek Aşgabat şäherinde kämilleşdiriş okuwlaryny geçdi. Bu hem onuň öz kesp-kärinde has-da kämilleşmegine itergi berdi. Mugallym ýapon dilini okatmakda özboluşly döwrebap usullardan peýdalanyp, sapaklary täsirli guraýar. Her bir geçilýän sapagyň mowzugy bilen baglanyşykly görkezme esbaplaryň, suratly ýumuşlaryň ençemesini taýýarlaýar. Okuwçylaryň ýapon halkynyň taryhy, ýaşaýyş medeniýeti, däp-dessurlary bilen tanyşmaga höwesini artdyrýar. Geçen okuw ýylynyň dowamynda mekdebimize ýaponiýaly wekiliýetiň gelmegi mugallymlarymyzyň we okuwçylarymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlar boldy. Şonda okuwçylaryň myhmanlar bilen ýapon dilinde sowal-jogap alyşmaklary, goşgudyr aýdymlary aýtmaklary, dostlukly halkyň däp-dessurlary bilen bagly tanslary ýerine ýetirmekleri dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Ýapon dili mugallymy Kristina Çaryýewa işjeň we döwrebap usullardan peýdalanyp, sapaklaryny täsirli guraýan, ýaş nesle bilim-terbiýe berlişiniň netijeliligini artdyrmaga çalyşýan mugallym hökmünde uly hormata eýe. Ol welaýat baş bilim müdirligi tarapyndan ençeme gezek Hormat hatlaryna mynasyp boldy. Kristina işine yhlaslylygy, maksadaokgunlylygy bilen kärdeşlerine görelde görkezýär. Şeýle mugallymlara guwanýarsyň.

— Ajaýyp zamanamyzda ýaşlar bilimleri çuňňur özleşdirýärler, ösen aň-düşünjeli şahsyýetler bolup kemala gelýärler. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň miwesidir. Şeýle oňaýly şertler ýaşlara jemgyýetimizde mynasyp orunlaryny tapmaga ýardam berýär. Biz hem ýaş nesle döwrebap bilim, asylly terbiýe bermekde uly tagallalary edýäris. Okuwçylarymyz ýapon dilini uly höwes bilen öwrenýärler. Dostlukly ýurduň wekilleriniň gatnaşmaklarynda guralýan duşuşyklar bolsa ýaşlaryň dil öwrenmeklerine oňyn täsir edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýarlygy we ýaş nesillerimiziň bilimli, ylymly adamlar bolup ýetişmekleri üçin alyp barýan asylly işleri rowaçlyklara beslensin! — diýip, Kristina Çaryýewa buýsançly aýdýar.

Biz hem işjanly mugallyma asylly kärinde geljekde-de uly üstünlikleri arzuwlaýarys.

Döwletmyrat SADOW,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen
35-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy.

"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 13.02.2025

Tmpedagog