02.01.2025 Söhbetdeşlik100

Hormata mynasyp halypa


Şu ýylyň sentýabr aýynyň ortalarynda «Miras» teleýaýlymynda ýaýlyma berlen «Ruhy çyragym» gepleşiginiň döredijilik topary Köneürgenç etrabyna teleýazga geleninde, oňa biz hem çagyryldyk. Şonda bara-barmana gepleşigiň tanymal alypbaryjysy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Täzegül Nurmämmedowa: — Hany, Meret agaňyz?! Bu gezek Meret agasyz geläýdiňizmi? Beýtmel-ä däl ekeniňiz — diýip, biziň bilen degişdi. Onuň degişmesiniň jany bardy. Biz welaýatymyzyň çäginde guralýan teleradioýazgylara mydama diýen ýaly Meret agamyzy öňümize düşürip barýardyk. Şonda metbugat hem teleradio işgärleriniň ýüzünde kanagatlanma hem şatlyk alamatlaryny görüp, biz hem buýsanýardyk.

Meret Ýagşyýew 1952-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Nazly Gylyjow adyndaky obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär.

Heniz ýaş oglan mahaly eline gazet düşse okamaga ilgezik Meret: «Şu, gazeti çap edýänler, çapa taýýarlaýanlar bilen bile işläýseň-dä!» diýer eken. Şeýdip ýörşüne-de onuň bagty çüwdi duruberdi. Ony Köneürgenjiň «Ak altyn» etrap gazetine işe aldylar. Ol ýerde ilki korrektor, soňra edebi işgär bolup döredijilikli zähmet ýoluna başlady.

Şonda gazetiň redaktory, işine jür žurnalist Baýrammät Babaýew, soňra ussat şahyr bolup ýetişen Juma Nurtaýew dagynyň goldawy bilen žurnalistika girişip gidiberdi.

Gazet işi dura-bara ýaş zehine ýokary bilimiň zerurlygyny duýdurdy. Muny jany-teni, bütin kalby bilen duýan Meret paýtagta tarap ýola düşdi. Şeýdibem, 1971-nji ýylda Aşgabat şäherindäki häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty bölümine gaýybana okuwa girýär. «Ak altyn» gazetinde işläp ýörkä-de etrap gazetleriniň çykmasy bes edilýär. Ol şonda häzirki Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 37-nji orta mekdebe mugallym bolup işe ýerleşýär. Soňra Meret mugallymyň işeňňirligini, işe yhlaslylygyny göz öňünde tutup, ony dürli ýerlere işe ýollaýarlar. 1977-nji ýylda ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlan Meret Ýagşyýew soňra etrabyň birnäçe mekdeplerinde mugallym, müdiriň orunbasary, mekdep müdiri, oba arçynynyň orunbasary ýaly dürli wezipelerde ak ýürekden, halal zähmet çekýär.

Kakasy Ýagşy Sähedow ömrüne daýhançylyk edip güzeranyny dolan bolsa, ejesi Mamyş eje kolhoz işinde işläpdir.

— Biz maşgalada dört dogan bolup, ösüp ulaldyk. Hemmämiz hem bilime teşnedik, öýde kitap okalmaýan günler, gijeler seýrekdi. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragydan başlap, ähli nusgawy şahyrlarymyzyň goşgularyny, dessanlary ürç edip okardyk. Berdi Kerbabaýewiň, Beki Seýtäkowyň, Hydyr Derýaýewiň, Hajy Ysmaýylowyň, Nurmyrat Saryhanowyň, Agahan Durdyýewiň, Ata Gowşudowyň, Gara Seýitliýewiň ajaýyp eserleri kalbymyzdan baky orun alypdy. Durdy Gylyjyň, Ata Salyhyň, Ata Köpekmergeniň, Çary Gurbangylyjyň goşgulary-da biziň üçin tapylgysyzdy. Biziň öýde juguldaşypjyk kitap okaýanymyza bolsa ata-enemiz juda begenýärdi — diýip, Meret aga bir gezek gürrüň beripdi.

Ýaşlygyndan kitap okamagy endik edinen Meret Ýagşyýew dürli dillerde neşir edilen kitaplaryň hem muşdagy. Ol rus, belarus, gazak, özbek, garagalpak, azerbaýjan, täjik, gyrgyz nusgawy edebiýatlaryny şu günler hem irginsiz okaýar. Dünýä belli gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowdan özüçe terjime hem edýär. Bir tanyş kärdeşiniň meşhur ýazyjy Mihail Şolohowyň öýünde bir gije myhman bolanyny şeýle bir täsirli gürrüň berýär welin, Meret aganyň dilewarlygyna-da haýran galýarsyň. Dogrudanam, ol özüniň hormatly mugallymçylyk kesbinden daşary güneşli ýurdumyzyň, welaýatymyzyň, etrabymyzyň çäklerinde geçirilýän dürli medeni-köpçülik, baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşýar. Il-günüň toý-märekelerinde köpügören gojalar bilen «köne gürrüňleriň» ýumagyny çözleýär, olardan ozal eşidilmedik hekaýatlary, rowaýatlary, aýtgylary ýazyp, belläp alýar. Ol ýurdumyza belli sungat, medeniýet işgärleri bilenem ýakyn aragatnaşyk saklaýar, olaryň üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýar. Obada, golaý-goltumda bagşyly uly toý-märeke bolsa, şol toýlaryň bagşy-sazandasyny hökman Meret aga myhman alaýmaly diýen ýaly. Dessançy bagşylarymyzdan Türkmenistanyň halk artisti Almagül Nazarowa, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Kerwen Ýowbasarow, Sabyr Sabyrow, Guwanç Otuzow, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ýaşaýjysy, dessançy bagşy Şamyrat Hydyrow we beýlekiler birnäçe gezek onuň döwletli ojagynyň hormatly myhmany boldular. Meret aga ýanýoldaşy Tagangül gelneje bilen döwletli, agzybir maşgalanyň eýesi. Olar iki ogly, iki gyzy terbiýeläp ýetişdirdiler. Oguldyr gyzyndan bolan ýedi agtygyna guwanyp ýaşaýarlar.

Halypa mugallym, ussat žurnalist Meret Ýagşyýew gazet-žurnallarda dürli temalardan söhbet açýan makalalary, ýatlamalary bilen yzygiderli çykyş edip gelýär. Onuň Berdi Kerbabaýew, sazanda Han Akyýew, degişmeçi şahyrlar Gurbangylyç Hydyrow, Allanazar Begnazarow, şahyr Berdi Sopyýew, halypa türgen Sapargeldi Begnazarow we beýlekiler barada ýazan ýatlamalary okyjylaryň söýgüsini gazandy.

Meret aga, tüweleme, diýseň ýetişikli ynsan. Ol welaýatymyzyň ýaşlarynyň onlarçasynyň halypasydyr.

Ýakynda bolsa bir ýaş kärdeşimiz Meret halypanyň etrabymyzyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginde ýaşap öten Pirjan şahyryň edebi mirasyny öwrenmäge barýanyny, şeýle-de köpügören ýaşulularymyzdan Haljan mugallymy ideýändigini begençli aýtdy. Diýmek, biziň ruhubelent Meret agamyz häzir hem ak ýolda. Goý, mydama şeýle-de bolsun!

Jumadurdy GARAGULOW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky
47-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 02.01.2025

Tmpedagog