Ýatlanylmaga mynasyp mugallym
Magtymguly Pyragy üç asyra golaý wagt bäri ady dillerde sena bolup, rowaýata öwrülen türkmen halkynyň beýik şahyry hem akyldarydyr. Halkymyz özüniň beýik şahyryna hemişe aýratyn sarpa goýupdyr. Onuň ömri, durmuşy, at-owazasy baradaky gürrüňler, rowaýatlar asyrlar boýy dilden-dile geçipdir. Şahyryň durmuş ýoluna, şygryýet dünýäsine, şahsyýetine düşünmekde şol rowaýatlaryň, halky kyssalaryň örän uly ähmiýeti bar. Magtymguly Pyragy baradaky rowaýatlar, gürrüňler dürli ýyllarda magtymgulyşynaslar tarapyndan halkyň arasyndan ýygnalyp, birnäçe gezek kitap görnüşinde halka ýetirildi. Halkyň hakyda göwherine öwrülen halky kyssalar, rowaýatlar dürli ýaşdaky, dürli kärlerdäki şahyryň şygryýet dünýäsiniň janköýerleri tarapyndan toplanypdyr. Şahyryň ömri, durmuşy baradaky gymmatly maglumatlary toplanlaryň biri hem Ataberdi Nursähedowdyr. Magtymguly baradaky rowaýatlaryň esasynda çap edilen ýygyndylarda Ataberdi Nursähedowyň şahyr hakdaky toplan halky kyssalarynyň aşagynda onuň 1929-njy ýylda doglandygy, ýokary bilimlidigi, Köneürgenç etrabynyň Magtymguly köçesiniň 5-nji jaýynda ýaşaýandygy, rowaýatlaryň aglabasynyň 1959-1960-njy ýyllarda TYA-nyň golýazmalar hazynasyna tabşyrylandygy barada maglumatlar berlipdir.
Ataberdi Nursähedow geçen asyryň altmyşynjy, ýetmişinji ýyllarynda Köneürgenç etrabynyň şol wagtky 1-nji orta mekdebinde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup zähmet çekipdir. Mekdebiň jaýynyň soňky ýyllarda birnäçe gezek täzeden abatlanyp, iň soňunda-da başga ýere göçürilendigi sebäpli onuň işlän ýerinden ol baradaky resmi maglumatlary almaga mümkinçilik bolmady. Emma şol döwürde 1-nji orta mekdepde okap bilim alan adamlaryň birnäçesiniň dilinden türkmen dilinden we edebiýatdan özlerine sapak beren magtymgulyşynas mugallym Ataberdi Nursähedow hakynda gürrüňlerini diňlemek miýesser etdi. Onuň okadan okuwçylarynyň bu günki gün 80 — 90 ýaşly adamlardygyna garamazdan, mugallymlary hakynda uly söýgi we buýsanç bilen gürlemekleri magtymgulyşynas mugallymyň ylym gorunyň, mugallymçylyk tejribesiniň, halk içindäki abraýynyň uly bolandygyndan habar berýär. Ataberdi mugallymyň okuwçylary onuň edebiýat dersinden, aýratyn hem Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiliginden gaty gyzykly gürrüňler berip, sapagy örän täsirli geçendigini süýjülik bilen ýatlaýarlar. Ol Magtymgulynyň goşgularyny okaman, hemişe ýatdan aýdar ekeni. Olaryň aýdýan maglumatlaryna görä, ol geçen asyryň ellinji ýyllarynyň ahyrynda Köneürgenje Ahal sebitinden gelipdir we ýetmişinji ýyllaryň ortalaryna çenli bu ýerde zähmet çekip, soňra ýene Aşgabada ýa-da şol wagtky onuň töweregindäki obalaryň birine göçüp gidipdir. Onuň şondan soňky ykbaly häzirlikçe bize nämälim. Belki, gazet makalasyny okanlaryndan soň bu barada seslenenler tapylar.
Ataberdi Nursähedowyň Magtymguly Pyragy barada aýdyp beren ýa-da halkyň dilinden ýazyp, TYA-nyň golýazmalar hazynasyna tabşyran rowaýatlarynyň aglabasynda şahyryň ylym ýoluna ymykly düşüp, Hywa medresesinde okan döwürlerinde Daşoguz, Köneürgenç sebitlerinde bolup, özüniň goşgulary, ýiti pähim-paýhasy bilen halkyň ýüreginden orun alşy barada gymmatly maglumatlar berilýär. Rowaýatlardaky aýdylýan maglumatlaryň ençemesiniň hakykata golaýdygyny alymlar ylmy seljermeleriň üsti bilen delillendirýärler.
Magtymguly hakyndaky rowaýatlar 1959, 1983, 2014, 2023-nji ýyllarda dürli atlar bilen çap edilip halka hödürlendi. Ataberdi Nursähedowyň aýdyp beren we halkyň dilinden ýazyp alan Magtymguly hakyndaky rowaýatlary şol neşirleriň ählisinde hem görnükli orun tutýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp çap edilen «Akyl hazynasy. Magtymguly hakyndaky halky kyssalar» atly kitapda hem onuň şahyr hakynda halkyň arasyndan toplan rowaýatlarynyň on dört sanysy ýerleşdirilipdir. Şahyryň durmuşy, başyndan geçiren wakalary hakyndaky şol rowaýatlara halkyň Magtymguly Pyraga bolan çäksiz söýgüsi siňdirilipdir. Ol rowaýatlar şahyryň beýik adamkärçilige, halallyga ýugrulan, halkyny agzybirlige, jebislige çagyran, Watany söýmegiň belent nusgasyny görkezen şahyrana şahsyýetini okyjynyň göz öňünde örboýuna belende galdyrýar. Halkyň arasynda ýaşap, Magtymguly Pyragy hakyndaky gymmatly maglumatlaryň ençemesini toplap, geljekki nesillere miras galdyran magtymgulyşynas mugallym Ataberdi Nursähedowyň ady hemişelik ýatlanylmaga mynasyp.
Annageldi BEKIÝEW,
«Daşoguz habarlary».
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 02.01.2025