30.08.2024 Söhbetdeşlik128

Işjanly mugallym


Bilim ulgamynyň ösmegine özüniň mynasyp goşandyny goşup, ýaşlaryň çuňňur bilim, döwrebap terbiýe almagy ugrunda yhlasly zähmet çekýän mugallymlar az däl. Şeýle mugallymlaryň biri hem Kerki etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň taryh mugallymy Ýaban Azizowdyr.

Ýaban 1980-nji ýylda Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny üstünlikli tamamlaýar. Şondan bäri hem öz göwün beren kärini uly höwes, jogapkärçilik bilen dowam etdirip, ýaş nesle bilimdir terbiýe berip gelýär.

Üstünlik öz-özünden gelmeýär. Munuň üçin dyngysyz işlemeli, kesp-käriňe tutuş düýrmegiň bilen berlip, hemişe gözlegde bolmaly. Ýaban mugallym bada-bat işe höwesli ýapyşdy. Halypa mugallymlardan sapagy netijeli we täsirli guramagyň usullaryny ürç edip öwrendi. Öz okadýan dersi boýunça döwrebap enjamlaşdyrylan okuw otagyny döretdi, her bir synp üçin barlagnamalar, soragnamalar taýýarlady. Her bir sapagy çekişmedir oýunlar arkaly geçmegi ýola goýdy. Munuň özi okuwçylaryň işjeňligini artdyryp, olaryň döredijilikli pikirleniş ukybyny ösdürýärdi.

Kämillige ymtylýan mugallymyň çekýän zähmeti ýerine düşýär. Onuň okadýan okuwçylary ýylyň-ýylyna geçirilýän ders we taslama bäsleşiklerine gatnaşyp, olarda gowy netijelere eýe bolýarlar.

Tejribeli bilim işgäri ýaşaýan obasynyň şöhratly geçmişini, uly nesliň bitiren işlerini öwrenmäge we ýaşlara öwretmäge çynlakaý üns berýär. Şeýle çemeleşme ýaşlara watançylyk terbiýesini bermekde uly ähmiýete eýe bolýar. Ol irginsiz gözlegleriň netijesinde ilki işleýän mekdebinde, soňra öz öýünde muzeý döretdi. Olarda ýerlerden toplanan dürli döwürlere degişli gymmatlyklaryň 1000-den gowragyny ýerleşdirdi. Muzeýde etrabyň Gowak obasynyň çäginde ýerleşýän Mürzebeggaladan tapylan toýundan ýasalan kiçi aýal hudaýynyň, söweş ýapynjaly urşujynyň, I-IV asyrlara degişli haýwanlaryň heýkelleri bar. Zergärçilige, küýzegärçilige, agaçdyr deri önümçilgine, şeýle-de demir ussaçylygyna degişli dürli iş gurallaryny synlanyňda, geçmişe syýahat eden ýaly bolýarsyň. Ýaban mugallym geçýän sapaklarynda muzeý gymmatlyklaryndan ýerlikli peýdalanýar, olaryň taryhy barada gyzykly gürrüňleri berýär. Etrap, welaýat, döwlet derejelerinde geçirilýän dabaraly çärelerde guraýan sergileri-de köplerde janly gyzyklanma döredýär.

Kärine yhlasly mugallymyň çekýän asylly zähmetine, bitirýän işlerine döwletimiz tarapyndan mynasyp baha berilýär. Ol 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy. Şeýle sylag-hormat Ýaban Azizowy has tutanýerli we döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Ödegeldi KULYÝEW.
"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 29.08.2024

Tmpedagog