24.06.2024 Söhbetdeşlik176

Mugallym ýazyjy


Suratda: ýazyjy Annatagan Nurgeldiýew maşgalasy Hajar bilen (1976 ý.).

Okyjylaryň arasynda köpöwüşginli döredijiligi bilen giňden tanalýan ýazyjylaryň biri-de Annatagan Nurgeldiýewdir. Ýazyjynyň dürli ýyllarda «Baýram han», «Aba Serdar», «Çarhypelek», «Kenar» ýaly eserleri neşir edildi. Biz onuň maşgalasy Hajar gelneje bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol ýazyjyny ýatlap şeýle gürrüň berdi:

— Annatagan 1946-njy ýylda Etrek etrabynyň Madaw obasynda doguldy. Meniň atam Saryja bilen onuň atasy Annatagan dogan bolansoň, biri-birimizi çagalykdan tanaýardyk. Ol atasynyň ady dakylandy. Mekdep ýyllaryndan edebiýaty söýensoň, häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetine okuwa girdi. Annatagan uniwersiteti tamamlap, ýigrimi bäş ýyl Etrek etrabynyň Amanberdi Arbatow adyndaky 3-nji orta mekdebinde mugallym bolup işledi. Onuň oba durmuşy bilen bagly degişmeleridir hekaýalary gazetlerde yzygiderli çap edilýärdi.

Ol durmuşda galdaw adamdy, azsözlüdi. Uzak gün diýen ýaly mekdepde ýaş nesle bilimdir terbiýe berip gelse-de ýadawlygy bilmezdi. Maşgalada çagalarynyň terbiýesine uly üns bererdi. Gijelerine uzak wagta çeken döredijilik işinden az-kem daşlaşan pursaty-da iş otagynda ýeke galanyny kem görmezdi. Indi-indiler onuň hemişe öz ýazýan eserleriniň jümmüşinde bolup, baş gahrymanlarynyň ruhy dünýäsi bilen dem alandygyna düşünýärin.

Annataganyň «Bäş käkilik», «Bedew takdyry», «Gaplaň çagasy», «Azat bilen atasy» ýaly kitaplary okyjylara gowuşdy. Ol kyssa eserleri bilen birlikde goşgudyr rubagy hem ýazardy. Maňa bagyşlap «Zülpüň» diýen goşgusyny ýazypdy. Ýurdumyzyň belli ýazyjy-şahyrlary Kerim Gurbannepesow, Gurbannazar Ezizow, Kasym Nurbadow dagy bilen dostlukly gatnaşykda boldy. Bu günki günde onuň bilimdir terbiýe beren okuwçylary ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekýärler. Olar hormatly mugallymyny ýagşylykda ýatlaýarlar.

Biz 1976-njy ýylda durmuş gurup, otuz ýyl bile ýaşadyk. Maşgalamyzda ýedi çaga kemala geldi. Olar halal zähmetden bagtyny tapan adamlar bolup ýetişdiler. Körpe gyzymyz Aýperi kakasynyň döredijilik ýoluny dowam edip, goşgudyr kyssa ýazýar.

Bagtyýar döwrümizde milli edebiýatymyzy, sungatymyzy ösdürmekde uly hyzmatlary bitiren ýazyjy-şahyrlary belent sarpalaýan Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden alkyşlaýaryn.

Ýazga geçiren Meretgylyç ÝAGMYROW,
«Edebiýat we sungat».

"Edebiýat we sungat" gazeti, 15.12.2023

Tmpedagog