21.06.2024 Söhbetdeşlik96

Bedirkentli kompozitor


2022-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Şadrin adyndaky döwlet pedagogik uniwersitetini tamamlap, Görogly etrabynyň 31-nji orta mekdebinde zähmet ýoluma başladym. Şonda öz zähmet ýolumyň milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge saldamly goşant goşan alym kompozitor Rejep Allaýarowyň ilkinji işlän mekdebinden başlanandygyna buýsanjym artdy.

Rejep Allaýarow 1936-njy ýylda Görogly etrabynyň Bedirkent obasynda eneden dogulýar. 1953-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, şol döwürde Daşoguz şäherinde ýerleşen mugallymçylyk institutynyň fizika-matematika fakultetine okuwa girýär. Saz bilen bolsa ol özbaşdak meşgullanyp başlaýar. Fortepiano çalmagy, nota sowadyny öwrenýär. Ol 1957-nji ýylda instituty üstünlikli tamamlap, 31-nji orta mekdepde zähmet ýoluna başlaýar. Durmuşy aýdym-sazsyz göz öňüne getirip bilmedik ýaş ýigit bir ýyldan soň bu ugurdan ýörite bilim almaly diýen pikire eýerýär. Şeýlelikde, 1958-nji ýylda ol Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň «Horuň dirižýory» bölümine okuwa girýär. Bu ýerde oňa ussat kompozitor Ata Esadow halypalyk edýär. Birinji ýylynda ol ilkinji eserini — fortepiano üçin pýesany ýazýar. Şondan soň iki bölümde — hor dirižýory we sazyň taryhy-nazaryýeti bölümlerinde okuwyny dowam etdirýär.

1962-nji ýylda R.Allaýarow bu mekdebi üstünlikli tamamlap, Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky Döwlet konserwatoriýasynyň hor-dirižýorlyk bölümine okuwa girýär. Şol ýyllar ol nusgawy şahyr Annagylyç Mätäjiniň «Elden gider» atly goşgusyna ses we fortepiano üçin romans, dört bölümden ybarat «Kirişli saz gurallary üçin kwartet», «Skripka, fortepiano üçin üç sany pýesa» ýaly saz eserlerini, 1969-njy ýylda diplom işi hökmünde skripka we orkestr üçin konsert-poemasyny döredýär. Bu eser ilkinji gezek şol ýyl Moskwa şäherindäki kompozitorlaryň Bütinsoýuz öýünde ýaňlanýar. Konserwatoriýany tamamlap, ýaş kompozitor Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde sazyň nazaryýeti dersi boýunça mugallymçylyk edip başlaýar. Döredijilikli işleýän mugallym hindi ýazyjysy we şahyry Rabindranat Tagoryň goşgularyna okyjy, üç solist, hor we uly simfoniki orkestr üçin oratoriýany ýazýar.

R.Allaýarow 1974-nji ýylda belli azerbaýjan kompozitory, professor Kara Karaýewiň ýolbaşçylyk etmeginde, U.Gajybekow adyndaky Döwlet konserwatoriýasynyň aspiranturasyna okuwa girýär. Şol ýyllar ol wiolonçel we orkestr üçin konsert, simfoniki orkestri üçin «Dört pýesa» ýaly eserlerini döredýär.

Zehinli kompozitor Magtymguly Pyragynyň goşgularyna hor eserlerini, Mollanepesiň we Keminäniň goşgularyna iki sany wokal toplumyny, Garajaoglanyň goşgularyna «Gamlanma, köňül», «Ýar köňlüne salsa meni», «Ýerimde ýok» ýaly aýdymlary döredýär.

Rejep Allaýarow dürli ýyllarda ozalky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň, Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat institutynyň mugallymy bolup işleýär. 1992-nji ýylda ol professor diýen alymlyk derejesine mynasyp bolýar.

Yhlas MAHMUDOW,
Görogly etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 21.06.2024

Tmpedagog