04.04.2024 Söhbetdeşlik92 .

Özüň edip "etme" diýip bolanok...


Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, ussat mugallym Ata Akbäbäýew işe ilki başlan döwürlerinde bir ýaşuly ýetginjek oglany öňüne salyp gelýär. Oglunyň üstünden käte-käte çilim tüssesiniň ysynyň gelýändigini aýdyp, oňa käýäp bermegi haýyş edýär. Ata mugallym olara on bäş günden soň gelmegi sargaýar. Ýaşuly: “Bu gün näme käýinç berýän günüň dälmi?!” diýip, närazy halda hüňürdäp gidýär.

On bäş günden soň Ata Akbäbäniň özi şol ýaşulynyň öýüne baryp, ýetginjege çilimiň zyýanyny düşündirýär. Ogluny ýumşa iberen ýaşuly, Ata kakadan öň baranlarynda käýemän, näme üçin on bäş günden soň ýörite gelenini soraýar. Ata kaka müýnli ýylgyryp: “Wah, o döwür meniň özümem toýda-tomaşada çilim elläýmäm bardy. Özüň edip “etme” diýip bolanok. Şol on bäş günde çilimiň zyýany barada birtopar kitabam açdym, çilimem zyňdym” diýip, ötünçli gürrüň edýär.

Ata Akbäbe çäksiz abraýyna, tanymallygyna garamazdan, juda kiçi göwünli, üýtgeşik ynsandy.

Döwletmyrat JUMADURDYÝEW,
Garagum etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy,
mirasgär, TDP-niň işjeň agzasy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 04.04.2024

Tmpedagog