30.03.2024 Söhbetdeşlik164 .

Halypa hakda…


Häzirki wagtda Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebinde mugallym bolup zähmet çekýärin. Geçene nazar aýlasak söýgüli kärimde işleýändigime eýýäm 32 ýyl bolupdyr.

Ertirki sapagyma taýýarlyk görüp, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren, mugallymlar üçin pähim-paýhas mekdebine öwrülen ajaýyp “Paýhas-çeşmesi” atly kitaby elime alyp, halal zähmet çekmek, halypa hem şägirt baradaky nakyllara göz aylap okap başlanymda ünsümi “Halypasyz ussa bolmaz, tagsyrsyz-molla”, “Şägirt bolmadyk, halypa-da bolmaz” diýen nakyllar ünsümi özüne çekdi.

Elime galam alyp, “A” harpyny öwreden başlangyç synp mugallymym hem 1992-nji ýylda zähmet ýoluna başlanymda halypalyk edip, okuwçylara bilim hem edep-terbiýe bermegiň we mugallymçylyk käriniň inçe syrlaryny öwreden mähriban halypam Oguljemal Hangeldiýewa barada dile gelen ýürekdäki setirleri ýazmagy makul bildim.

Gürrüňini etmekçi bolýan ýaşuly zenan mugallymym Bereket etrabyna degişli bolan gadymy Uzboý ýakasyndaky obalaryň biri, “Parawbibiniň” dogany “Ümürli Goçy” etekläp oturan Allanyň nazar aýlan bereketli Ýasga obasynda ýaşap, şol ýerde işlän zenan.

Durmuş hem zähmet ýoluna bu toprakda başlan Oguljemal mugallym obadaky 9-njy orta mekdepde köp ýyllap zähmet çekip, ýokary Döwlet sylaglaryna mynasyp bolup, okuwçylara bilim hem terbiýe bermekde özüniň gujur-gaýratyny siňdiren, atly-abraýly mugallym hemmeleriň ýadynda müdimilik ýaşar.

Ak kagyz deý arassa çaga ähli gowulyklary, ene-atany, Watany söýmegi, halallygy, päkligi ýazyp bilen, durmuşda şeýle ajaýyp yz galdyryp bilen, mertebesi belent zenanyň elinden çykan sada oba oglan-gyzlary bu gün Watanymyzyň dürli künjeklerinde uly kärlerde zähmet çekýärler.

Zenan maşgala uýgun bolan ähli edim-gylymlary özünde jemlän mähriban mugallym häzirki wagtda hormatly dynç alyşda.

Durmuşyň çarkandakly ýollaryny ýeňip geçmegi başaran, halypa mugallym bu gün gara saçyny agardyp çeken halal zähmetiniň hözürini görýär. Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny dowam edýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde şäher bilen bäsleşýän Ýasga obasynyň agzybir oba ilatynyň arasynda hormatly Oguljemal mugallym uly abraýdan peýdalanýar. Oba adamlary oňa uly hormat goýup, onuň durmuş hem zähmet ýolundan görelde alýarlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halypa mugallym ogullaryna, gyzlaryna, agtyklaryna we bilim beren okuwçylaryna guwanyp hem buýsanyp ýaşaýar.

Ak mekdebiň bosagasyna gadam basan çagany hormat bilen garşy alan, ýazmagy, okamagy öwreden, başyndan sypalap, çaga gözlerini açan mugallym! Bu gün siziň öz okadan okuwçylaryňyza buýsanmaga hakyňyz bar. Olar size ömürbaky minnetdardyrlar. Goý, siziň ömrüňize ömür goşulyp, ömür ýoluňyz uzasyn we baky dowamat bolsun! Siziň bilen toýly günlerde, süýjülik bilen didarlaşmak bize nesip etsin!

Aýsoltan MUSAÝEWA,
Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
7-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.



Tmpedagog