30.01.2025 Söhbetdeşlik315

Söze hem sözüne wepaly


Çagalarynyň körpesi Laçynyň jaňyna hem begendim, hem biraz gyýyldym. Begenýänim-ä, bu jaň sesi meni mekdep ýyllaryma syýahata alyp gitdi. Gyýylýanymam... Bilmedim, näme üçindir hökmany ýerine ýetiriläýmeli, borç ýerindäki işlere hem käteler wagt gytlyk edýärmi ýa-da geleňsizligimiz sebäpli gijä galýarys. Ýok, barybir begendim. Şu pursada, bolmanda, şujagaz makalam üçinem hoşal bolmalydym. Ol meni mekdebimize, okuwçy dünýämize alyp gitdi.

O ýerde bolsa keşpleri kalbymyzda ömürbaky orun tutan Soltan Akyýew, Keýik Öwlüýägulyýewa, Anna Körpäýew, Ogulbeg Allakowa, Ogulbeg Hojanyýazowa, Ýagşymyrat Begiýew, Ogultäç Allamyradowa, Walentina Sidelnikowa, Annasoltan Babalyýewa, Şamämmet Weliýew ýaly mähriban mugallymlarymyz bilen bir hatarda türkmen dili we edebiýat dersinden sapak beren Hudaýýar Deňliýew hem bardy. Şu ýyl doglan gününiň 80 ýyllygy bellenilýän, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolan mugallymymyz, halypamyz bilen bagly ýatlamalar hem şol okuwçy döwrümizden gaýdýar. Hakykatdan-da mugallym diýilse, özgelerden hökman bir üýtgeşik tarapy bardyr. Ýogsa oňa mugallym diýilmezdi. Olar welin, hakykatdan-da, üýtgeşikdiler. Oňa indi-indiler hasam akyl ýetirýäris. Ýöne bu mugallym şahyrmyş hem diýlende, oňa hemmämiz, şolaryň içinde özümiň hem gudrat gören ýaly garap oturanymyz ýadyma düşýär. Dogrudan hem ol öňi bilen şahyra meňzeýärdi. Uzyn boýly, hortap, salykatly hem belent adamkärçilikli bu ynsanyň edebiýat dersinden geçýän sapaklary diýseň gyzyklydy. Ýöne okuwçy wagtyň şeýle bilesigeliji bolýarsyň welin, şondandyr, belki-de, bir gezek mugallymymyz bize özüniň «Zülfiýa» atly goşgusyny okap berende, özümizi öňküdenem bagtly duýup diňlänimiz ýadymda. Hawa, şahyry, onda-da mugallym şahyry şonda ilkinji gezek görýärdik diýsem ýalan däl. Ýogsa, mekdebimizde başga-da şahyr mugallymlar bardy ahyry. Ýöne şol goşgynyň şu günem hakydamyzdadygy onuň kalbymyza ýetiren täsiriniň uludygynyň alamaty dälmi, eýsem?

«Ol güni hiç wagt çykarman ýatdan,
Ol gün şu günki deý ýadymda meniň.
Mähirli gözleriň yssydy otdan
Ýylgyrýan gül meňziň parasy Günüň.

Syrdam boýuň misli çynary gaýaň,
Zülfiýa, Zülfiýa, meniň Zülfiýam.
Gowy görýän bolsaň dogan bolaly
Men agaň bolaýyn, sen bolsaň uýam.

Diýip gül keşbiňe bakamda weli,
Sen syrly ýylgyryp bakypdyň gyýa.
Şar gara saçlaryň müşk ysly syýa,
Zülfiýa, Zülfiýa, meniň Zülfiýam».

Goşgynyň başga-da käbir setirleri ýadyma düşýär. Öň ony dolulygyna bilýärdik. Gowy görşümiz çyndan bolmaly, ýadymyzda berk galypdyr. Şeýdip biz mugallymymyz Hudaýýar Deňliýewi ýuwaş-ýuwaş tanap başladyk. Tanadygymyzça-da baharda daragtyň gülleriniň köpelişi ýaly, gowulyklaryň sany artyp başlady. Instituty tamamlap, etrap merkezine işe geçmegimiz bilen halypa mugallymyň maşgalasy bilenem ýakyndan tanyşmak miýesser etdi. Ol şol wagtlar eýýäm «Lebap pagtaçysy» etrap gazetiniň redaktorydy. Maşgalasy Gözel gelneje mylaýymdan alçak zenandy. Şonda onuň çagalarynyň atlaryny hem bildik: Akmaýa, Gülaýym, Äşe, Patma, Çemen, Jennet, Maýsa, Laçyn, ogly Akmuhammet bilenem gaýybana tanyşdyk. Ýene-de mugallymymyzyň zehinli şahyr Ymarat Meredowyň dostudygyny bilip galdyk. Hudaýýar mugallym etrap radiogepleşikleriniň habarçy-guramaçysy bolup işläp başlanymyzdan soň, halypa hökmünde-de kän zatlary öwredipdi. Mugallymymyzyň terjimehalyny ürç edip öwrendim diýib-ä biljek däl, ýöne bilşimize görä, ol biriniň ýeke ogludy. Kakasy urşa gidip gelmändi. Ejesi Aýdolyn daýza ony janyndan hem eziz görüp saklapdyr. Mugallymymyzyň doglan obasy hem goňşy obamyz eken. Soň işi bilen bagly etrap merkezine göçüpdiler. Şu geçen ýyllary seljerip, saldarlap oturşymyza bir zada ýakyndan göz ýetirdik: mugallymymyz hem halypamyz ömürboýy söze hem, sözüne hem wepalydy. Uly hojalygyna, iş-aladasynyň ýetikdigine garamazdan, hiç wagt goşgy ýazmasyny goýmady. Ýurdumyz Garaşsyzlygyny alandan soňra onuň ylham joşguny has hem artyp başlady. Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän ajaýyp goşgulary, maňyzly makalalary bilen metbugatda yzygiderli çykyş etdi. Öz galamdaşlary hakynda ýatlama makalalary hem ýazdy. Hudaýýar Deňliýewiň dürli ýyllarda çapdan çykan «Armanym galdy», «Iýnji», «Kalbymyň owazy», «Bu gün bizde toý!» atly kitaplary okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Şahyryň 2014-nji ýylda «Ylym» neşirýatynda» çapdan çykan «Bu gün bizde toý!» atly kitaby mekdebe çenli ýaşly çagalara we kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryna niýetlenipdir. Kitap bilen adybir ýerleşdirilen ilkinji goşguda körpäniň diş toýunda mekgeden patrak edilişi, çagalaryň şondaky şatlygynyň uly bir toýy ýadyňa salýandygy täsirli beýan edilýär. Çaganyň akja dişiniň patraga meňzedilmegi, dişleriniň köp bolmagynyň arzuw edilmegi, zähmetsöýerlik hakda aýdylanlar şygryň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şeýle goşgularyň ýene biri «Sowuk zähmetden gorkýar» diýlip atlandyrylypdyr. Şahyryň synçylygy, çagalar dünýäsine beletligi okyjyda uly täsir galdyrýar.

«Işle, oduny
Uşadyp-döwüp.
Saňa kär etmez,
Şonda gar, sowuk!»

Tebigat mowzugy şahyryň bu kitabyndaky goşgularynyň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär. «Öýlänçi», «Garynja bilen gürrüň», «Gargadili», «Üzüm», «Garga bilen gurbaga», «Balary», «Kürkürek», «Horazyň jogaby», «Görip syçan» atly goşgulary muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Şahyryň tebigata beletligine, onuň muşdaklarynyň biridigine terbiýeçilik häsiýetli bu şygyrlary okanyňda, ýakyndan göz ýetirmek bolýar. «Gargadili» goşgusynda:

«Bilsin oba, şäherliler —
Gargadili zäherlidir»

diýse, «Kürkürek» atly goşgusynda kürkürek atly guşuň balaryny iýýändigi barada maglumat berýär.

Hudaýýar Deňliýew Garaşsyzlygymyzyň beýik waspçylarynyň biridi. Şahyryň «Ýaşaň, siz!» atly goşgusy şonuň bir mysalydyr.

«Türkmen ilim bir saçagyň başynda,
Keramatdyr duz-çöregiň, aşyň-da.
Jebislenip Arkadagyň daşynda
Bir ten bilen, bir jan bolup ýaşaň, siz!»

Sözüň üsti bilen halka hyzmat etmek, oňa wepaly bolmak durmuşda hem ynsany kämil menzillere ýetirýär. Öz şygyrlary bilen nusgalyk yz galdyran şahyryň manyly ömri bize şol hakda aýdyp berýär. Bellemeli zatlaryň ýene biri, mugallymyň çagalarynyň köpüsi saz sungatyndan okap, bilim aldy. Halypamyz öz çagalaryny şeýle gowy görerdi. Elbetde, olaryň saz sungatyna ykballaryny baglamaklarynda hem onuň uly hyzmaty bardyr diýip pikir edýärin. Onuň perzentleriniň körpesi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Laçyn Hudaýberdiýewa bolsa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda dutar saz guralyndan talyplara sapak berýär. Onuň dutarda çalýan sazlaryny diňläniňde, kakasyna juda çalymdaşdygy diňe daş keşbinden däl, zehininden hem bildirýär diýip oýlananyňy duýman galýarsyň.

Hudaýýar mugallym bu gün aramyzda ýok. Ýöne ol hakdaky ýagşy ýatlamalar, ýakymly söhbetler, onuň ajaýyp goşgulary aramyzda ýaşaýar. Halypa mugallym hakdaky ýatlama söhbedimizde geçen ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilen Magtymguly Pyragynyň dürdäne setirleri biygtyýar serimize dolýar:

«Yhlas bilen bir kämilge gol beren,
Ýeter maksadyna ýetmeýen galmaz».

Bu setirler mugallymymyz, şahyr Hudaýýar Deňliýewe hem degişli. Ol söze yhlas edip, oňa söýgüsinde wepalylygyň nusgasyny görkezip, kämillige ýeten ynsanlardandyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşan halypalary ýatlamakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri rowaç alsyn!

Aýjemal OMAROWA,
žurnalist.

"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 30.01.2025

Tmpedagog