17.01.2025 Söhbetdeşlik231

Bilimiň çuňluklaryna aralaşdyrýan akaba


Orta mekdebe ýaňy gadam basan günleriňizi ýadyňyza salyň! Siz hem üç-dört sagatlyk derslerden soň öýe gelip, ata-eneňize mekdepde bilimleri özleşdirişiňiz hakynda gürrüň bermeli bolansyňyz. Ilkinji soralýan zat hem haýsy sapaklardan bäşlik alanlygyňyzdyr. Ine, şonda beýleki sapaklaryň ählisinden goşa-goşadan bäşlik alyp, matematikadan gowy baha almadyk bolsaňyz, beýleki bahalaryňyz hasap däldir. Bäşlik alan dersleriňizi sanap başlarsyňyz: «Harplyk», «Surat», «Rus dili»... Dessine-de sowal berler: «A matematikadan?». Eger şol dersdenem bäşligiňiz bar bolsa-ha, şol gün öýde sizden «abraýly» adam ýok, almadyk bolsaňyz hem, hiç kim beýleki bahalaryňyz bilen gyzyklanmaz.

Näme üçin matematika? Näme üçin ähli ata-eneler çagalarynyň ilki bilen matematikadan gowy okamagyny isleýärler? Megerem, bu dersde öwrenenleriň durmuşda häli-şindi gerek bolup durýanlygyndandyr. Megerem, şonuň üçin «Matematika — bilimleriň şasy» diýilýändir. Şu ylmy çuňňur özleşdirip bilen adamlaryň durmuşda aňsat-aňsat kösenmeýändigini alymlar bireýýäm aýtdylar.

Ine, hut şonuň üçin hem biziň ýazgylarymyzyň gahrymany diýseň arzyly. Ol diňe bir okuwçylaryň däl, eýsem, olaryň ata-eneleriniň hem gözleýän ussady. Biz size «Matematika» we «Almagül mugallym» diýeli, siz hem bize «Bu gürrüň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň mugallymy Almagül Zülpikarowa barada bolar» diýiň! Hawa, ony tanamaýan, perzendiniň hut Almagül mugallymdan matematikany öwrenmegini islemeýän az-az.

Şu ýyl mugallymçylyk tejribesi 40-njy ýyly tegeleýän Almagül Çaryýewnanyň ilkinji aýratynlygy okuwçylaryna ene mähri bilen çemeleşýänliginde. Mugallymynda ene mährini gören okuwçylar onsoň ondan hem, matematika, informatika derslerinden hem ýaýdanjak bolanoklar. Çünki sapaklaryny diýseň gyzykly we täsirli geçýän mugallym okuwçylary bilen robototehnika dersine çenli baryp, bu ugurda yzygiderli iş alyp barýar. Şol sebäpden okuwçylar sapaklara-da, goşmaça okuwlara-da höwes bilen gatnaýarlar. Okuwçylar bilen bilelikde ýasalan robotlar dürli bäsleşikde «ukyplaryny» görkezip, mugallyma-da, olaryň şägirtlerine-de üstünlikleri bagyşlady.

«Mugallymyň jadysy» diýilýäni şu bolsa gerek. Okuwçylar Almagül mugallyma, mugallym hem olara şeýle bir baglanypdyr welin, olar üýşüşenlerinde, matematikada çözülmejek syr galmajak ýaly bolup görünýär. Biziň syrdyr, gizlinlikdir öýdýän hasaplamalarymyzyň ýumagy hem bu toparyň ýanynda ýeňillik bilen çözülip gidip otyr.

«Adam öz kärini söýse, hiç wagt ýadawlygy duýmaýar. Okuwçylarymyň derslerine gowy ýetişigi, olaryň gazanýan üstünlikleri meniň güýjüme güýç goşýar» diýýär mugallym. Ol ýyllaryň dowamynda öwrenenlerini, özleşdirenlerini ähli aýratynlygy bilen okuwçylaryna siňdirmek üçin gijesini-gündiz edip işleýär. Bileni-biteni — işi. Bu gün özüniň dynç alşyny, başga aladalaryny pida etmegiň geljekde has zehinli ýaşlar hökmünde miwesini eçiljekdigini bilýär. Mugallymyň häzirki şägirtleriniň aglabasy mekdep okuwçylarynyň arasynda däbe öwrülen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň şäher, welaýat we döwlet tapgyrlarynyň ýeňijileri. Ýöne Almagül mugallym ýetilen sepgitler bilen çäklenýänlerden däl. Ol okuwçylarynyň ukyp-başarnygynyň has uly bäsleşikler üçin hem ýeterlik boljakdygyna ynanýar. Şonuň üçin bu mekdepde halkara ders bäsleşikleriniň ýeňijileri hem seýrek däl. Häzirki döwürde mugallymyň Sadat Bazarowa, Suraý Çaryýewa, Bäşim Koldaşow, Akmuhammet Joraýew, Gülnura Jumaýewa ýaly ozalky okuwçylarynyň ençemesi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Türkiýede, Angliýada, Hytaýda, Germaniýada bilim alýarlar we abraýly ylym we bilim ojaklarynda zähmet çekýärler. Olaryň yzyny bu gün Kemal Hydyrow, Toýly Aýmyradow ýaly köpsanly zehinli ýaşlar dowam etdirýär.

«Mugallym dynç günleri hem okuwçylary bilen haýsydyr bir bäsleşige taýýarlanyp ýa-da bir taslama işine ýardam berip oturandyr. Iň bolmanda, ýetişigi pes okuwçylar bilen goşmaça iş geçirýändir» diýip, mekdebiň mugallymlary gürrüň berýärler. Ony diňe kärdeşleri ýa okuwçylary däl, eýsem, tutuş döwletimiz hem arzylaýar. Almagül mugallym Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi.

Almagül mugallym diňe bir okuwçylarynyň däl, ýaş kärdeşleriniň hem halypasy. «Halypa, eýlemi? Halypa, beýlemi?» diýip, ýanyna gelýän kärdeşlerinden hem maslahatyny gysgananok. Olaryň arasyndan halypasyndan-da ozduryberenleriniň bolsa tüýs ýürekden elini gysýar. Mugallymyň şägirtleri bolsa ondan heniz-heniz öwrenmeli zatlarynyň köpdügini aýdýarlar. Özem şol zat diňe bir sapak, iş bilen bagly däl. Adamkärçilik, işjanlylyk, maksadaokgunlylyk babatynda hem ol hemmeleriň göreldesi.

Hawa, Almagül mugallymy göreniňde: «Bu ussat halypalaryň halypasy» diýeniňi duýman galýarsyň. Çünki onuň şägirtleriniň şägirtleri bar. Gözbaşyny Almagül mugallymdan alyp gaýdýan akaba zehinli çagalary matematika diýilýän belent ylmyň basgançaklary bilen ýagty ertire alyp barýar.

Maral AKMYRADOWA.
"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 16.01.2025

Tmpedagog