Peder kesbine wepaly
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdep welaýatymyz boýunça iň göreldeli bilim ojaklarynyň hatarynda tanalýar. Golaýda lebaply öňdebaryjy bilim işgärleriniň, usuly birleşmeleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda «Matematika sapaklarynda okuwçylaryň özbaşdak pikirlenmek, ýatdan hasaplamak endiklerini ösdürmegiň usulyýetini kämilleşdirmek» diýen at bilen usuly-amaly maslahatyň hem hut şu mekdepde geçirilmegi muny ýene bir ýola tassyklaýar.
Çäräniň dowamynda mekdebiň mugallymlary tarapyndan dürli synplarda göreldeli okuw sapaklary guraldy. Şolardan mugallym Myrat Babalyýewiň okadýan 10-njy synpynda «Progressiýalar bilen bagly meseleleriň çözülişi» diýen mowzukda interaktiw tagtadan, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmak arkaly geçen sapagy maslahata gatnaşyjylaryň has-da göwünlerinden turdy. Biz bu mugallymyň işi, zähmet ýoly bilen ýakyndan tanyşmagy makul bildik. Söhbetdeşligimiz onuň mugallymçylygy kesp-kär hökmünde saýlaýşy baradaky gürrüňden başlandy.
— Men entek orta mekdepde okaýan döwrümde mugallym bolmagy kalbymda besläpdim. Mugallymlar maşgalasynda önüp-ösen perzent hökmünde başga hünäri saýlamak barada pikir hem etmedim. Ejem we kakam tejribeli bilim işgärleridi. Onsoň özüm hem, aýal doganym hem şu kesbi saýladyk. Nesibäm çekip, Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherindäki uniwersitete okuwa girdim. Talyplyk ýyllarymda matematika ylmynyň çuňluklaryna aralaşmak bilen birlikde türk, iňlis, nemes dillerini öwrendim. Köp dil bilmek işiň abyny-tabyny ele almaga oňyn itergi berýär. 2013-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamladym. Şondan bäri hem söýgüli kärimde zähmet çekýärin. On ýyldan gowrak iş tejribäm bar. Şonuň soňky üç ýylyny hut häzirki işleýän mekdebimde işläp geçirdim. Tejribeli kärdeşlerim Muhabbat Kyýasowanyň, Gülşat Kulyýewanyň halypalyk goldawy bilen öz işimde kämilleşýärin. Okadýan okuwçylarymyň bilimleri çuňňur özleşdirýändikleri, dürli bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleri meni has-da höwesli işlemäge ruhlandyrýar — diýip, ol gürrüň berýär.
Işine yhlasly mugallyma buýsançly gürrüň etmäge esas hem bar. Onuň bilim-terbiýe berýän okuwçylary ýylyň-ýylyna dürli bäsleşiklerde öňdeligi eýelemegi başarýarlar. Tamamlanan 2023 — 2024-nji okuw ýylynda-da Myrat Babalyýewiň okuwçylary uly üstünlikleri gazandylar. Olardan Yhlas Begliýew «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň şäher tapgyrynda matematika dersi boýunça ikinji, Merdan Amanow we Enejan Serdarowa bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Şu okuw ýylynda olardan has-da uly ýeňişlere garaşylýar. Myrat Babalyýewiň okuwçylary geçen okuw ýylynda Eýran, Russiýa döwletleriniň bilim ojaklary tarapyndan guralan internet olimpiadalarynda-da şowly çykyş etdiler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny şeýle ýeňişler bilen jemlemek olaryň baş maksady. Okuwçylaryň döwlet hem-de halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak maksady bilen mekdepde ýörite ugurly ders sapaklary geçilýär. Mugallym Myrat Babalyýew şeýle sapaklaryň maksada laýyk guralmagy, ýaşlaryň bilimlerini has-da çuňlaşdyrmaklary barada aladalanýar. Elbetde, tagallalar öz miwesini berýär.
— Ýurdumyzda ýaş nesle bilim-terbiýe berlişini dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň kabul eden «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» bu ugurdaky anyk wezipeler kesgitlenilýär. Ähli kärdeşlerimiz bilen bir hatarda men hem şu resminamada göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen öz işimi guraýaryn. Matematika — çylşyrymly dersleriň biri. Emma okuwçy ýaşlar eýýäm 1-nji synpdan başlap, bu ders boýunça ilkinji bilimleri ele alsalar, soňra hiç hili kynçylyk çekmeýärler. Biziň wezipämiz hem ata-baba ýol-ýörelgelerimiz esasynda ýaş nesle kämil bilim, asylly terbiýe bermekden, olary ilhalar şahsyýetler edip ýetişdirmekden ybarat. Şu wezipä abraý bilen hötde geleris.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny döwrebap derejede ösdürýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp alkyş aýdýarys — diýip, ussat mugallym Myrat Babalyýew buýsançly aýdýar.
Her gün irden ak mekdepleriň gapysyndan ätleýän çagalaryň nurana keşplerine nazaryň düşende, olaryň okamaga, öwrenmäge höweslidigine göz ýetirýärsiň. Makalamyzyň gahrymany Myrat Babalyýew we onuň kärdeşleri türkmeniň bilimli-sowatly, päk ahlakly neslini kemala getirmekde tagallalaryny gaýgyrmaýarlar.
Myrat TAGAN ogly.
"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 31.10.2024