25.02.2025 Söhbetdeşlik297

Ömür daragty (oçerk)


Onuň keşbi oglan gözlerimde galypdyr. Beýleden Gün ujy görnüp-görünmänkä, köçämiziň aşaky — gündogar tarapyndan saýhally ädim urup gelýän keltepaýçadan saryýagyz, tegelek ýüzli, gözleri agraslyk bilen agyp-dönýän, juda sypaýy geýnen adam görner. Ony görenler hal-ahwal soraşmaga howlugar, daşrakda duranlar ýa-ha gatyrak ses bilen salam berer, ýogsamam ellerini göterip, salam-hormat alamatyny eder.

— Geldimyrat mugallym geçip gitdi!

Ine, şondan soňra hem biziň dilimizde aýdanda, mekdepçileriň erewde-berewligi başlanar. Göwnüňe bolmasa, Geldimyrat mugallym ümsüm köçede sessiz jaň kakyp giden ýalydyr. Okuwçylaryň hemmesi birden diýen ýaly köçäni doldurar. Hon-ha, öňden bolsa Geldimyrat mugallym ak mekdebe ýetip barýandyr.

Baraňsoň hem mugallymlar sapakda sähel asgynlasaň, «Geldimyrat mugallymyň çagalary ýaly okajak boluň!» diýen jümläni gulaga guýarlar. Dagy nä! Bizden iki synp ýokardaky Amansoltan, bir synp aşakdaky Agamyrat Geldimyradow diňe 5-likçilerdi ahyry!

Çaga hyýalbentligi-dä. Bizem Geldimyrat mugallym ýaly şeýle abraý-derejeli bolmagy arzuw ederdik. Ýöne ömür daragtynyň şeýlekin bagt-berekede bürenýänçä neneňsi azap-zähmet bilen ösüp-örňeýändigi hakda ýukarak pikir edipdiris. Diňe akyl käsämiz doluşansoň, «Durmuşda üstünlige dyrnaklap, abraýly menzile bilim, gaýrat bilen ýetilýär» diýen üýtgewsiz kesgitleme özümiziňem ömrümize ýaran bolansoň düşündik. Dogry, Geldimyrat mugallymyň kakasy Baýly agany bilýärdik. Agyzly adamdy. Hojakümmet, Ýylgynly obalarynda oba hojalyk işlerini darak daran ýaly eden, obada başlyk bolan adamdy, öte daýhandy. Çagalaryny selteň tutmadyk, orak, pil bilen aýalaryny gatadan, edep-terbiýäniň owaldan dowam ýoluny gyşartman tutmagy kükreklerine guýan pederdi.

Geldimyrat şu ojagyň iň uly ogul perzendidi. Käte toý-tomguda gepden-gep açylanda, baýry mugallymyň uludan dem alyp aýdan bir jümlesi henizem ýadymyzda.

— Ömrümde gulagymda öçmez bolup galan hemem iň ýakymly pursat bolup, ýüregime ornan habar 9 ýaşymda eşiden «Buşluk, Ýeňiş!» diýlen jümle bolupdy.

Hawa, oglanlygyny urşa ogurladan oglan gyşyň aňzagynda mekdebe giderdi, düýşünde doýa garyn bolsa-da, daňdan gözüni açlykdan ýaňa usurgap açardy. Ýöne kitap görse çörekden owal topulardy. Häzirki Görogly etrabynyň gadymy Ýylgynly obasyndaky başlangyç mekdebi gutaransoň, ikinji Hojakümmet obasyndaky mekdep-internata okuwa barypdy. Ara 30 kilometr çemesi bardy. Howa gowy bolsa-ha hepdede, ýogsamam hepde aşa bazar güne gabatlap, öýe gelerdi.

Gidende garabagyr ene-dä, Soltan eje içine kädi, käşir goşulan ýedi-sekiz sany zagara, pişigiň kellesi ýaly gowurma, iki gysym igde salyp, goşhaltasyny egnine gysdyrardy. «Eje, aňyrda-da nahar-çaý berýärler-ä» diýen Geldimyradyň egninden çalaja gujaklardy: «Ejeň bişirenini bal bolanda iýäý, balam!».

Eline mekdep şahadatnamasyny alan günem obadan saýlandy. Wagonyň biline basyp, üç günden soň, Aşgabadyň demir ýol menzilinde düşdi. Hawa, demir ýol menzilinden uniwersitete pyýadalap ýetdi. Şeýdibem häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty bölümine resminamalaryny tabşyrdy.

Talyp bolandanam, kitaplarda ýazylyşy ýaly, halypa ussatlardan tälim-ylym ýüküni tutup ugrady. «Durmuşda diňe mertler ýeňýändir» diýen peder pendini ýol-ýörelgesine öwren Geldimyrat awuna topulan aç gurt ýalydy. Ol uniwersiteti tapawutly bahalar bilen tamamlady.

Mugallym bolup Görogly etrabyndaky 1-nji orta mekdebe gadam basanda, göýä, gudratly bir dünýäniň işiginden giren ýaly, ýakymlydan jogapkärli duýga gaplanypdy. Gögele mugallym bolsaň halypa goldawy goltugyňdan göteräýýär. Şu töwereklerde iň uly mekdebiň işläp-işläp saçyna ak düşüren galjaňdan talabediji, pedagogik işi ilik-düwme bilýän Aman Ýazmedow, Atjy Geldiýew, Araz Mätjanow, Daňatar Babaýew, Meňli Öräýewa, Begjan Garlyýew ýaly tejribeli mugallymlar Geldimyrada «Şägirt halypadan ozdurmasa kär ýiter» diýilýäniniň tälim-tärlerini irginsiz öwretdiler.

...Şol döwürde obada şeýle gürrüň ýörgünli bolan:

— Daň horazynyň yz ýany Baýly agalaň öýünden motoryň sesi çyksa, diýmek, Geldimyrat mugallym işe ugrandyr.

Hawa, mekdep bilen öýüň arasy 6-7 kilometr bolsa, sapaga gijä galyp girip bolmaz-a. Onsoňam agşam ýarygijä çenli okalan kitaplar, taýýarlanan sapak ýazgysy, täze gazetlerden alnan sapaga degişli mysallar, ornaşdyrylmaly täze tejribeler... garaz, okuwçylaryň öňünde ýüzüň gyzmaly däldi.

Geçip barýan aý-günler bolsa barha taplaýardy, tejribe ýüküňi agraldýardy, öz aýdyşy ýaly, indi sapaga girende sesi durlanyp, ynamdan süňňi gatap barýardy.

Ine, bir günem etrap bilim bölüminiň müdiri Ata Gurbanow çagyrdy. Ol Beýik Watançylyk urşundan ýaraty bolup gelen, gönümelden talabediji ýolbaşçydy.

— Biz şu ömrümizde ata-eneleriň mekdebiň üsti bilen «Biziň çagalarymyzy pylan mugallym okatsyn» diýen haýyş-towakgasyny eşitmändik. Ynha, 41-nji mekdebiň dil-edebiýat mugallymy Otuzowy Garagumdaky Damla guýusyna mugallym bolup gitmäge yrdyk. Gowy mugallym, görseň, çarwa çagalarynyň okuwa, bilmäge höwesleri goşalanyberer. Obadaky ata-eneler bolsa «Şoň ornuna Geldimyrat Baýlyýewi ugradaýsaňyz» diýýärler. Ol haýyşy kanagatlandyrmaly bolar.

Şeýdip, mugallymçylygyň dördünji ýylynda «örini» täzelemeli bolupdy. Derekliýap obasy Geldimyrat mugallymyň dogup-dörän obasyna ýanaşykdy. Şonuň üçinem ol ýerde ýaşaýanlar onuň aslyna beletdi.

«Okumyşlygy Geldimyrat mugallymdan öwrenäýmeli». Bu sözi mekdepde-de, ondan daşrakda-da gaýtalardylar. Muňa esas bardy. Obanyň hat gatnadyjysy, uruş weterany, degişgen Kakyş aganyň: «Geldimyrat mugallymyň ýazylan gazet-žurnallaryny beremsoň, ýüküm ýeňläýýär» diýen sözüniň maňzy düşnükli ahbetin! Onsoň okuwçylaram mugallymynyň göreldesine eýermezmi? Toýda-tomguda «Geldimyrat mugallymyň okadýan okuwçylarynyň içinde goşgy goşýany, makala, habar ýazýany, asyl Magtymgulynyň nijeme goşgusyny, Berdinazar şahyryň, Kerim Gurbannepesowyň, Gurbandurdy Gurbansähedowyň tutuş poemalaryny ýatdan bilýänleri bar» diýlip gürrüň edilmegem şondan.

Sapaklary guramagyň netijeli usullary, synp otaglaryny döretmegiň özboluşly görnüşini tapmak, okuw-terbiýeçilik işlerini döwrelaýyk alyp barmak, gurnaklara okuwçylaryň işjeň gatnaşmagy hem-de başarnyklaryny anyk ýüze çykarmaklary, ýetişikdir gatnaşygy iň gowy derejä ýetirmek... Geldimyrat mugallymyň şeýle teklipdir başlangyçlary toplanan tejribäniň guramaçylyk ukyby bilen deň ýöreýändiginiň alamatydy. Şondandyr, onuň mekdep müdiriniň okuw-terbiýeçilik boýunça orunbasary wezipesine mynasyp görülmegi. Bu jogapkärli işde 16 ýyl zähmet çekensoň, 1997-nji ýylda Çaňlyýap obasyndaky 62-nji orta mekdebe müdir bellediler.

...Mekdebiň gapysyndan girmänkä bir baş ýaýkardy. Kybla-günbatardan uly ýap lummurdap akýanam bolsa, giň howlynyň içi çaňjaryp ýatyrdy. Bar bu ýer sport meýdançasy diýeli, gapdaldaky topursap ýatan meýdana saýaly, oňarsaň-ha miweli agaçlary ekäýmeli ahyry. Mekdebe golaýlaňda, onuň howlusyndan okuwçylaryň jagyl-jugulyndan owal şahada saýraşýan guş-gumrularyň owazy gelse, iki mukamyň garyşygy baryp ýüreklere ornamazmy eýse?

Hernä bahar başy bolany bähbit bolaýdy. Bir hepde geçip-geçmänkä täze müdir mekdebiň mugallymlaryny ýygnady.

— Birigün ýowar geçireris. Mekdebiň daş-töweregini bagy-bossanlyk etmeli. Men 70 düýp miweli agaçlaryň nahallaryny getirerin. Sizem tapdygyňyzdan alyp geliň.

Soňam uzynakdan berdaşly ýigide ýüzlendi:

— Mäti mugallym, seň dädeň Gylyçnepes aga tutuş töwerekde sylanýan kişi, Beýik Watançylyk urşundan ordenli-medally dolanan, indem zähmet weterany. Şoňa, soňam sylanýan ýaşulular Berdigylyç aga, Akmät aga baryp aýt: «Geldimyrat mugallym haýyş edýär, hem-ä okuwçylara öwüt-ündewleriňizi ýetiriň, hemem bir haýyrly işe gatnaşyp beriň!» diýýär diýip.

Baý-buw, bu çäre hakyt kiçiräk toý-dabara öwrüläýdi. Ýüzlerçe düýp miweli, saýaly agaçlaram oturdyldy, dürli güllerem ekildi, çekilen salmadan suw şarlap akdy, çilem çekildi, pellerem düzlendi. «Adam eli — gyzyl gül» diýleni bolup, nazary düşeniň göwni galkyjyklaberdi. Gör-ä, ýokary synpyň okuwçylary aýratyn ýeriň bölünip berilmegini, şol çäge özleriniň göz-gulak boljakdyklaryny towakga etdiler.

Nijeme ýyllap «Baýlyýewiň mekdebiniň bagy» diýlen gürrüň agza-dile düşdi. Mekdep hem diňe etrapda däl, tutuş Daşoguz welaýatynda iň göreldeli mekdepleriň biri hökmünde tanaldy. Matematika, edebiýat, geografiýa boýunça ders bäsleşiklerinde welaýatda, hatda ýurdumyzda ýeňiji bolýan okuwçylar hakda agzalsa, «Olar 62-nji mekdepdendir» diýildi. Sebäbi hem ýolbaşçy, hem halypa hökmünde hemişe goltga-hemaýata taýýar Geldimyrat mugallym mynasyp şägirt ýetişdirmegi ömrüň manysy hasaplaýardy. Şeýle bolansoň, Arazbibi Öwezowa, Annagül Piriýewa, Hudaýberdi Goçow, Nurjemal Hangeldiýewa, Mäti Gylyçnepesow ýaly mugallymlaryň elinden çykan okuwçylaryň aglabasynyň mekdep şahadatnamasyny 4-lükdir 5-lik bezedi.

Geldimyrat mugallym ýanýoldaşy Ogultuwak daýza bilen ýedi çagany terbiýeläp ýetişdirdiler. Iň uly gyzlary Amansoltan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny tamamlap, soň durmuşa çykan ýerinde Hüdük Myradow obasyndaky 25-nji mekdepde mugallym bolup işe başlap, nijeme ýyllap mekdep müdiri wezipesinde işledi. Ondan kiçileri Agamyrat S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini tamamlap, etrapda «ak altyn» tabşyrmakda kerwenbaşylaryň biri bolup adykdy. Gurbansoltan, Jumamyrat, Arazsoltan, Çary, Saparsoltan hem ata ýolundan gitdiler, hemmesi ak mekdepden girip-çykýarlar.

Eger-de Daşoguz illerine düşüp, sport, onuňam karate görnüşi hakda gürrüň çyksa, hökman «Görogluda Jumamyrat Baýlyýew diýen bir türgen bardyr» diýerler. Russiýa Federasiýasynda bedenterbiýe ugrundan ýokary bilim alyp gelen ýigit ilki öz obalaryndaky mekdepde mugallym bolup, tälim berýän okuwçylarynyň köpüsini welaýat, döwlet derejesindäki sport bäsleşiklerinde ýeňiji etmegi başardy. Ussat bolsaň idegli, kämil bolsaň hormatly boljagyň düşnükli. Jumamyrat mugallymy soň etrapda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen açylan döwrebap sport mekdebine işe çagyrdylar. Häzir ol ýokary derejeli tälimçi-mugallym bolup, milli sportumyzyň geljekki ýyldyzlaryna halypalyk edýär. Ýetişdiren şägirtleriniň onlarçasy ýurdumyzyň çempionlary boldular, birnäçesi Aziýa sebitinde, hatda dünýä bäsleşiklerine gatnaşdylar, baýrakly dolanyp, ilki bilen Jumamyrat mugallymy begendirdiler.

Sanap otursaň, Geldimyrat mugallymyň agtyklarynyň, gelinleriniň ençemesem mugallym. Ogly Ýagşymyrat:

— Käte ýanýoldaşym Hurmanyň «Senem oba hojalykçy däl-de, mugallym bolan bolsaň, gaýyn atamyň yzyny ýöredýän mugallymlaryň sany ýigrimi bäşe ýetiberjek eken» diýmesi bar. Dogrudanam, «Alma öz agajyndan daşa düşmez» diýleni bolup, hut meniň öz çagalarymyňam birki sanysy kakamyň kärine eýerdiler — diýýär.

Ömür daragty! Onuň barly-bereketli bolmagy özüňe, onda-da gaýratyňa, bilim-başarnygyňa, uly-kiçi durmuş kynçylyklaryny ýeňip bilmek ukybyňa, zähmetiňe bagly. Ömrüň manysyna öwrülýän şol häsiýet-gylyklary çemen bogan ýaly edibilseň, ömür menzillerem abraý-mertebeli boluberýär.

Segsen ýaşy tegeläp, aramyzdan gidenem bolsa, Geldimyrat mugallymyň ömür daragty howalaly bolup göz egleýär. Tüweleme, nesil daragty bolsa barha boý alýar, miwesini bolluk bilen eçilýär, abraý-mertebe nusgasy bolup ýüreklerden orun alýar. Aýdylyşy ýaly, kök näçe çuňa-uzaga gitse, daragt şonça belent hem boldumly bolýar.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 24.02.2025

Tmpedagog