07.02.2025 Söhbetdeşlik328

Öz käriniň ussady


Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Watanymyzy mundan beýläk-de ösüşiň ak ýoly bilen alyp gitjek ýaşlary kemala getirmekde uly işler alnyp barylýar. Röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň edep-terbiýeli bolmagy ugrunda mugallymlar yhlasly zähmet çekýärler. Mary şäherindäki 36-njy orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Çemen Gurbanowa hem çagalara ýaşlykdan bilim-terbiýe bermekde uly tagallalary edýär.

Ç. Gurbanowa 2017 — 2020-nji ýyllarda Mary şäherindäki H. Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň başlangyç synp hünärini ele alýar. Soňra ol Mary şäherindäki 19-njy orta mekdepde işe başlaýar. Çemen mugallyma ol ýerde mugallymçylyk käriniň inçe ýollaryny içgin öwretmekde, şol mekdebiň mugallymy Gyzylgül Mommadowa halypalyk edýär. Soňra 2024-nji ýylda Bilimler we talyp ýaşlar gününe sowgat bolan ýokarda ady agzalan orta mekdebe başlangyç synp mugallymy bolup işe geçýär. Döwrebap mekdepde işläp ýaşlara bilim-terbiýe bermek Çemen mugallymyň işine bolan yhlasyny has-da artdyrýar. Arzyly kärinde baý iş tejribesini toplan Ç. Gurbanowa häzirki wagtda 2-nji synpa ýolbaşçylyk edýär. Öz işine ökde mugallyma bilim-terbiýe berýän okuwçylary matematika dersi boýunça internet olimpiadasyna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Çemen mugallym işdeş ýoldaşlarynyň hem-de ene-atalaryň arasynda uly abraýdan peýdalanýar.

Biz okatmagyň ýokary usullaryndan peýdalanýan, okuwçylara bilim-terbiýe berýän Çemen mugallyma geljekde işinde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Şemşat SAÝLYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.



Ýaş nesillere bilim bermekde yhlasyny gaýgyrmaýan, uly abraýdan peýdalanýan mugallymlaryň biri-de Jahan Muhadowadyr. Jahan mugallym Russiýa Federasiýasynyň Adigeý döwlet uniwersitetini üstünlikli tamamlap, ilki, Baýramaly etrabyndaky 15-nji orta mekdepde zähmet ýoluna başlaýar. 2020-nji ýyldan bäri ýaş mugallym Baýramaly etrabyndaky 13-nji mekdepde işleýär.

Jahan mugallym okuwçylara iňlis dili dersi boýunça sapak berýär. Ol innowasion tehnologiýalaryndan — kompýuterden hem-de multimediýa tagtasyndan peýdalanyp, ýaş nesillerimiziň bilim derejesini, dil endigini ýokarlandyrýar. Mugallym ýaş nesilleriň bilimli, ata Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýär.


"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 06.02.2025

Tmpedagog