24.01.2025 Söhbetdeşlik217

Ömüriň sermaýasy


Bagban özüniň ýetişdiren bagynyň miwesine, seýis özüniň bakyp-bejeren bedewine, gurluşykçy öz guran beýik binalaryna guwansa, mugallym öz okadyp, bilim-terbiýe berip ýetişdiren okuwçylaryna guwanýar. Mugallym örän uly jogapkärçiligi boýnuna alýan adam. Çünki, mugallym öz öňünde oturýan okuwçynyň aň-düşünjesini, okuwa yhlasyny güýçlendirip, olary geljege umyt bagladýan adamlaryň biri hasaplanylýar.

Sakarçäge etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň mugallymy Täzegül Gylyçdurdyýewa barada gürrüň etmek has-da ýakymly. Ol indi bilim ulgamynda 40 ýyl töweregi wagt bäri zähmet çekýär. Täzegül mugallym mekdepde iňlis dili dersinden çagalara sapak berýär. Bu mugallymyň ilkinji okadyp mekdebi gutardan okuwçylary häzirki wagtda hersi bir hünäriň eýesi bolup, durmuşda öz mynasyp orunlaryny tapmagy başardylar.

Bu mugallym durmuşda çaga terbiýesi ýaly gymmatly zadyň ýokdugyna oňat düşünýär. Şonuň üçinem ol bar ukyp-başarnygyny, yhlasyny çagalara sarp edýär. Ol okadan okuwçylarynyň akylly-başly gujur-gaýratly nesiller bolup ýetişmegini gazanýar. Täzegül mugallym okuwçylaryny iňlis dili dersinden okatmakdan daşary olary etrap welaýat, döwlet derejesindäki bäsleşiklere taýýarlaýar. Bu bolsa mugallymyň köp zähmet çekmegine, okuwçylaryň bolsa höweslenip okamagyna uly ýardam berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym we täze tehnologiýalar esasynda ösüş ýoly bilen öňe barýan ýurdumyzda ylmyň gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy täze ösüşleri täze gözýetimleri açmaga esas döredýär.

Ogulşat BERKELIÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 23.01.2025

Tmpedagog