01.11.2024 Söhbetdeşlik204
Mugallymçylygyň mertebeli menzilleri
Mugallym diýen hormatly käriň eýesi Nurtäç Nyýazdurdyýewanyň ak mekdebiň işiginden ilkinji gezek ätlän körpeleri yssy mähri bilen garşylap ýörenine eýýäm kyrk iki ýyl bolupdyr. Onuň edep-terbiýe beren, sowat öwreden körpejeleriniň ençemesi hormatly kärleriň, at‑abraýyň, öý-ojagyň eýeleri bolup gitdiler. Ýöne, adamyň näçe ýaşyna barsa-da, ilkinji synpa baranynda bilim beren mugallymynyň adyny ömürboýy gursagynda göterip, oňa aýratyn hormat-sarpa goýup gezýändigini bellemek gerek. Hawa, şeýle hormat-sarpanyň eýesi bolan mugallym Nurtäç Nyýazdurdyýewa ajaýyp zamanamyzda ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermekde baý tejribesinden örän ýerlikli peýdalanýar.
Arzuwlan käriniň eýesi bolan Nurtäç işe başlan gününden halypa mugallymlar bilen ýakyn gatnaşykda bolup, tejribe toplaýar. Her bir çaganyň häsiýetine görä hereket edip, okuwçylaryň dilini tapmagy başarýar, olaryň her biri bilen aýratyn gürrüňdeşlik geçirip, ýaş nesilleriň sapaga oňat ýetişigini gazanýar. Şeýde-şeýde, zähmetde taplanan mugallym «Ýylyň iň göreldeli synp ýolbaşçysy» atly bäsleşigiň şäher we welaýat tapgyrlarynda birnäçe gezek ýeňiji bolýar. Ençeme gezek başlangyç synplar boýunça görkezme esbaplarynyň sergisini guramakda hem welaýat boýunça baş baýraga mynasyp bolýar we welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary bilen sylaglanýar.
Kerwen gurap geçýän ýyllaryň dowamynda ýaş nesillere bilim hem terbiýe bermekde yhlas-başarnygyny gaýgyrmaýan baýry mugallymyň çeken zähmetiniň ýerine düşýändigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň altyn güýz paslynyň ilkinji aýynda onuň durmuşynda bolup geçen şatlykly wakanyň mysalynda ýene bir ýola aýdyň göz ýetirmek boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda Balkanabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Nurtäç Nyýazdurdyýewa hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglandy.
Ýurdumyzda giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine, ösüp gelýän ýaş nesli halkymyzyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna hormat goýmak duýgusynda, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde, döwlet we jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmakda yhlas-başarnygyny gaýgyrman gelýän mugallymyň Şa serpaýyna eýe bolandygy üçin begenjiniň, buýsanjynyň, döwlet Baştutanymyza hoşallygynyň çägi ýok. Zähmetine berlen şeýle ýokary baha jogap edip, ýaş nesillere döwrebap bilim‑terbiýe bermegi, olary Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly adamlar edip ýetişdirmegi öz öňünde geljekde hem esasy maksat edip goýýan baýry bilim işgärine diňe gowulyklary arzuw edýäris.
Nursoltan DEPBIÝEWA,
«Balkan».
"Balkan" welaýat gazeti, 31.10.2024