01.11.2024 Söhbetdeşlik159

Mugallym hemme ýerde mugallymdyr


Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mynasyp neslini kemala getirmekde ata-babalarymyzdan miras galan ýörelge dowam etdirilýär. Çünki ata Watanymyzda nesil terbiýesine uly ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde ýokary görkezijiler gazanylýar.

— Ata Watanymyz bilim işgärleri bolan mugallymlara özüniň ösüşli, özgerişli, ertirki geljegini ynanýar. Şonuň üçin hem mekdebimiziň mugallymlary okuwçylara durnukly bilim, mynasyp terbiýe bermekde ähli tagallalary edýärler. Her bir ders boýunça okuwçylaryň geçilýänleri düýpli özleşdirmekleri mugallymyň sapagy gurap bilşine, ukyp-başarnygyna bagly. Şeýle täsirli sapak gurnaýan mugallymlaryň biri 19 ýyl iş hyzmatly bolan ýokary bilimli, tejribeli iňlis dili mugallymy Göwher Hallyýewadyr. Mugallym göreldeli sapaklary, synp sagatlaryny nusga alarlykly geçirýär. Kärdeşleriniň köpüsine halypalyk edip, iş tejribesini öwredýär — diýip, Mary etrabyndaky 37-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri baradaky orunbasary Şirin Meredowa aýdýar.

Ol mamla. Mekdebiň iňlis dili mugallymy Göwher Hallyýewa guramaçy, işbaşarjaň mugallym. Onuň kärdeşleri Oguljahan Sylapowa, Uzuk Nurmuhammedowa, Maýa Atajanowa, Ogulkeýik Mälikowa, Begnazar Amannazarow Göwher mugallyma “Halypa” diýip ýüzlenip, onuň göreldesine eýerip işleýärler.

Tejribeli, işbaşarjaň mugallym Göwher Hallyýewa 2005-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis dili bölümini tamamlaýar. Ol häzirki wagtda zähmet çekýän mekdebinde mekdebiň iňlis dili boýunça usuly birleşmesiniň başlygy, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.

Çary AMANGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 31.10.2024

Tmpedagog