23.08.2024 Söhbetdeşlik163
Mugallymyň bagy
Halkymyzyň arasynda bagbançylyk bilen meşgullanýan adamlara hemişe hormat-sarpa goýulýar. Zähmetsöýer bagbanlarymyzyň alyn derini ene topragymyza siňdirip ýetişdiren ir-iýmişleridir miweleriniň hasabyna bazar bolçulygy, saçaklarymyzyň berekedi artýar. Bu gün bag ekmek ýaly sogaply işe dürli kärde zähmet çekýän ynsanlar hem baş goşýarlar. Olaryň çekýän gaýratly zähmeti netijesinde, ene topragymyzda bişip ýetişýän miweleriň görnüşleri-de, mukdary-da ýylsaýyn artýar.
Agzybir hem zähmetsöýer maşgalanyň bagy bu gün uly ýoluň boýuna aýratyn görk berip, özüniň datly miwelerini eçilip otyr. Etrabyň merkezine ýakynlaberen ýeriňde, uly ýoluň gyrasynda Baýramdurdy mugallymyň yhlasly zähmetini siňdirip ýetişdiren bagyny indi «Baýramyň bagy» ýa-da «Mugallymyň bagy» diýip atlandyrýarlar. Bu bagda her bir miweli daragtyň 4-5 görnüşi bolup, olaryň ir bişeri-de, giç bişeri-de, aralyk wagtda öz bol miwesini eçilýäni-de bar.
Baýramdurdy mugallymyň bagçylyk boýunça tejribesi ýylsaýyn artýar. Ol sapma usulynda miweli daragtlarynyň görnüşini köpeldýär. Baýramdurdy mugallym 2023-nji ýylda «Ýylyň bagbany» bäsleşigine gatnaşyp, welaýat boýunça 2-nji orna mynasyp boldy. Ol bagbançylygy mugallymçylyk kärine ýakyn görýär. Özüniň päk zähmeti bilen bu durmuşy süýjedip, manyly ömür sürmegiň göreldesini görkezip ýaşaýar.
Annageldi BEKIÝEW.
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 22.08.2024