08.10.2024 Söhbetdeşlik31

Ýagşydan at galar


Ýaşan ömründe ýagşy işleri bitirip, halk hakydasynda orun alan adamlar hemişe ýagşylykda ýatlanýar. Halk paýhasynda aýdylyşy ýaly, «Ýagşylyk iňňäniň gözünden görner», çünki ol hiç mahal unudylmaýar.

Esenmyrat Haýytjanow hem şeýle adamlaryň biridi. Ol gysga ömründe uly işleri bitirip, hakydalarda hormatly mugallym, tejribeli ýolbaşçy hökmünde galmagy başardy.

E.Haýytjanow 1972-nji ýylda Daşoguz şäherinde dogulýar. Ol 1994-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetini üstünlikli tamamlap, Aşgabat şäherindäki 13-nji orta mekdepde zähmet ýoluna başlaýar. Soňra birnäçe ýyl Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda mugallym, Aşgabat şäherindäki 8-nji orta mekdebiň müdiri wezipesinde işleýär. 2008-nji ýylda bolsa Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň direktory wezipelerinde işläp başlaýar.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň dünýäsine aralaşmak, ene-ata ornunda durup, olary durmuş ýoluna atarmak üçin öňi bilen ýolbaşçynyň başarnygy zerurdy. Esenmyrat mugallym bu ugurda «Öwrenjege — mekdep, meňzejege nusga» diýilýänlerdendi. Ol ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, watansöýüji, kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegi ugrunda yhlasyny gaýgyrmady.

E.Haýytjanow Döwletliler köşgünde terbiýelenýän okuwçylaryň ýurdumyzda yglan edilýän bäsleşiklerde üstünlikli çykyş etmekleri üçin aýratyn tagalla ederdi. Döwletliler köşgünde hereket edýän «Joşgun» tans toparynyň 2008 — 2009-njy ýyllarda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň çagalarynyň arasynda Sankt-Peterburg şäherinde «Kastal çeşmesi» ady bilen geçirilen halkara çeper döredijilik bäsleşiginde baýrakly orna, 2011-nji ýylda «Ýaňlan, Diýarym!» ady bilen yglan edilen telebäsleşigiň çäklerinde geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginde Türkmenistanyň Prezidentiniň

«Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyna mynasyp bolmagynda Esenmyrat mugallymyň tagallasy uludyr. Tejribeli ýolbaşçy dürli ýyllarda Döwletliler köşgüniň «Joşgun» tans topary bilen Russiýa Federasiýasynda, Hytaý Halk Respublikasynda, Ukrainada mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara medeni çärelere gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmeklerini gazandy.

Zehinli çagalar ýurdumyzda yglan edilýän bäsleşiklere hem höwesjeň gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Esenmyrat mugallymyň Döwletliler köşgünde direktor bolup işlän on bäş ýylynyň dowamynda bu ýerde terbiýelenýän çagalaryň Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna, «Iň eýjejik gyzjagaz», «Merdana nesil» bäsleşiginde ýeňiji bolanlarynyň sany ýigrimä golaýdyr.

E.Haýytjanow dürli mazmunly makalalary bilen metbugat sahypalarynda hem yzygiderli çykyş edýärdi. 2009-njy ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan onuň çagalaryň durmuşyndan söhbet açýan «Döwletliler köşgi» atly kitaby çap edildi. 2011-nji ýylda bolsa onuň tagallasy bilen köşgüň şirin dilli çagalarynyň ýerine ýetiren aýdymlarynyň «Döwletliler köşgüniň owazy» ady bilen aýdym albomy taýýarlanyldy.

E.Haýytjanow 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglandy.

2021-nji ýylda Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşigi tarapyndan Döwletliler köşgüniň bagtyýar çagalarynyň durmuşyndan söhbet açýan «Alkyşnama» atly dokumental film döredildi. Film birnäçe gezek «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň üsti bilen teletomaşaçylara ýetirildi. E.Haýytjanow bu filmiň edebi esasyny ýazmaga gatnaşan awtorlaryň biridir.

Esenmyrat mugallym hakda oýlananyňda, mirasgär mugallym Atda Gurbangeldiýewiň «Eşrepi» atly kitabyndaky şu setirler seriňde janlanýar:

Ynsan ömrüniň kadasy şeýle,
Kalba akyl sepip gider danalar.
Halka hyzmat eden asyl kişileň,
Müň ýyldan soňra hem ýaşy sanalar.

Esenmyrat Haýytjanow hem şeýle adamlaryň biridi.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 07.10.2024

Tmpedagog