05.09.2024 Söhbetdeşlik224

Il ogly, halk şahyry, mugallym. Ata Köpekmergen.


Şahandaz, hoşgylaw, gürrüňçil, bir sözde aýdanyňda, il adamsy bolan Ata Köpekmergen halkyň hormatyna mynasyp bolupdyr. Onuň döredijilik dünýäsine aralaşanyňda, goşgularynyň köpüsinde şorta, teýene bar bolsa-da, olaryň aglabasynda ýiti durmuş meseleleri gozgalyp, watançylyk, ynsap, lebzihalallyk duýgulary okyjyny özüne bendiwan edýär. Munuň özi şahyryň döredijiliginiň türkmen edebiýatynda mynasyp ornunyň bardygyny görkezýär.

Ilki bilen, hem eserleri, hem şahsyýeti halkyň hakydasynda ýaşaýan döredijileriň az sanlydygyny aýtmak gerek. Ýedi ýaşlydan başlap, ýetmiş ýaşla çenli ýüzleneniňde, Ata Köpekmergen diýlende, olaryň ählisiniňem hökmany suratda, türkmenistanly Aleksandr Aborskiniň aýdyşy ýaly, «döwrüniň Keminesi», il ogly göz öňüne gelýändir. Ýazyjy A. Aborskiý «Türkmenistan» gazetiniň 1969-njy ýylyň 9-njy fewralynda çap edilen ýatlamalarynyň birinde: «Ata agany bir ýerde uzak saklamak mümkin däl. Ol ýurt gezmäni, adamlara gürrüň berip, gürrüň etmäni gowy görýän adam... Bilýän gürrüňlerini edil artist ýaly ussatlyk bilen gyzyklandyryp aýtmany başarýanlygy üçin töweregine üýşen adamlaryň onuň ýanyndan turup gidesleri gelenok. Bir sapar, diýseň, märekeli toýda menem bagşyny däl-de, Ata Köpegiň gürrüňlerini diňlemegi höwes edendiklerini hut öz gözüm bilen gördüm» diýip belleýär. Ine, şu aýratynlyk, şeýle-de, folklory oňat bilmegi şahyryň il arasynda adykmagyna, şahsyýetiniň edebi keşbe öwrülmegine getiripdir.

Ol özi barada «Keseýabyň taryhy» poemasynda şeýle belleýär:

Meniň önüp-ösen obam Keseýap,
Bulam-bujarlygy gördi bihasap.
Müň sekiz ýüz togsan sekizde boldum.
Başlangyç bilimi men şunda aldym.
Atam awçy, belli mergenleň biri,
Gökde guşy, ýerde keýigi diri
Sypdyrman urardy gören badyna,
Köpek Mergen diýerdiler adyna.


On iki ýaşanda kakasy Köpek aga Atany okuwa berýär. Ol mekdepde Magtymgulynyň eserleri, «Zöhre-Tahyr», «Hüýrlukga-Hemra», «Şabähram», «Gül-Bilbil» dessanlary bilen tanyşýar. Ol oba adamlaryna şol kitaplary okap berer eken. 1920-nji ýylda likbezi gutaryp, 1923 — 1929-njy ýyllar aralygynda tomusky mugallymçylyk okuwlaryna gatnaşyp, sowadyny artdyrýar. Keseýapda, Tejende, Maryda 1923 — 1949-njy ýyllar aralygynda mugallymçylyk edýär.

Mugallymçylyk eden ýyllarynda şahyr çagalaryň ençemesine ylym-bilim berip, olary ýagty geljege ugrukdyrýar. Bu barada onuň Marydaky internatda okadan okuwçysy, soňra oňat ýazyjy bolup ýetişen Aşyr Nazarow «Nesil kerweni» (1992) kitabyndaky «Mugallym» atly ýatlamasynda şeýle ýazýar:

«...Kyrk bäşinji ýylyň aýaklarynda köçede pete-pet gabat gelen mugallymym Ata Köpekmergen saglyk-amanlyk soraşdy-da:

— Tamamam şeýledi — diýdi. — Meniň okuwçylarym boljak bolsaňyz jeň meýdanyndan hökman ordenli geläýmelisiňiz. Sebäbi mähriban Watany mertlik bilen goramagy siziň kalbyňyza ýumruk ýaly çagalygyňyzdan kemini goýman guýupdyk.

Şahyr mugallyma minnetdarlyk bilen garadym:

— Köp sag boluň, ýoldaş mugallym! Bilimem, terbiýe-de beribilipdiňiz. «Watansöýüji boluň!» diýip her ädimde aýdardyňyz».

Şahyryň degişmeleri goşgulary bilen ugurdaş 1920-nji ýyllarda Parsy lakamy bilen ýaýrap ugraýar. Ony 1925-nji ýylda «Tokmak» žurnalynyň redaksiýasyna işe çagyrýarlar. Bu žurnalda işlemegi, şahandazlygy ilkinji goşgularynyň, esasan, gülküli, satiriki äheňde ýazylmagyna sebäp bolupdyr.

Ata Köpekmergen 1940-njy ýylyň awgust aýynda SSSR Ýazyjylar birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär. Onuň şahyrana sesi belent ýaňlanyp, döredijilik dünýäsi barha kämilleşýär, döredijilik tematikasy giňäp ugraýar. Ýurtda bolup geçýän täzeliklere öz wagtynda seslenýär, peýzaž, didaktiki temalardaky, oba durmuşy, ak pagtaly pelleriň gahrymanlarynyň joşgunly zähmeti hakyndaky goşgulary kämilleşýär. Ol goşgulardaky liriki gahrymanlarda hiç kimiňkä meňzemeýän joşgun, ýaşaýyş hyjuwy, höwes, dünýäniň estetik lezzetini duýup, görüp bilmek ukyby bar. Bu aýratynlyk «Türkmen edebiýatynyň taryhy» kitabynyň V tomunyň 1-nji kitabynda (1980) şeýle düşündirilýär: «Ata Köpegiň eserlerindäki liriki obraz türkmen sowet edebiýatynyň ähli etaplarynyň dowamynda ösüp geldi. Onda nusgawy edebiýatymyzyň, türkmen halk döredijiliginiň, häzirki zaman poeziýamyzyň mümkinçilikleri birleşipdir». Şahyryň «Jeren», «Keseýabyň taryhy», «Gowgaly ýyllaryň hekaýasy», «Pälwanyň başdan geçireni», «Ussa Haýty», «Kepderiniň syýahaty», «Ýalňyz çynar», «Meniň mekdebim» ýaly poemalaryndaky liriki gahrymanlar özleriniň maksada okgunlylygy, ylym-bilim almaga yhlaslylygy, şadyýanlygy, ýaşaýşa höwesi bilen jemgyýetde öz orunlaryny tapýarlar. Durmuş ýollaryndan söhbet açyp, töweregindäkileri hem röwşen ýola çagyrýarlar.

«Ata Köpekmergen we onuň döredijiliginde folklor hem edebiýat däpleriniň öz täsiri» diýen temadan 1965-nji ýylda dissertasiýa gorap, filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini alan Nury Atdaýew: «Ata Köpegiň epiki häsiýet alyp ugran obrazy häzir ösüş prosesinde. Dürli gürrüňler göçýän balary sürüsiniň hüwmegi ýaly bolup, şol obrazyň daşynda aýlanýar, kämilleşýär we obrazy gitdigiçe timarlaýar, folklorlaşdyrýar» diýip nygtaýar.

Ýeri gelende, şahyryň ýaşlaryň döredijiligi bilen yzygiderli tanşyp, olaryň döredýän eserlerine baha berip, halypalyk edendigini hem bellemek gerek. Bu barada öz döwründe TSSR Ýazyjylar birleşiginiň Mary welaýaty boýunça edebi maslahatçysy bolup işlän şahyr Ata Abdyrahmanow «Lenin baýdagy» (häzirki «Maru — şahu jahan») gazetiniň 1969-njy ýylyň 11-nji ýanwaryndaky sanynda: «Häzir Mary raýon toparlarynda Ata Köpekmergeniň ýaş şägirtleri az däl. Şahyr Çary Gurbangylyjow, Akmyrat Çarygulyýew, ýazyjy Bazar Öwezow dagy Ata aganyň ilkinji şägirtleridir. Bulardan başga-da, Ata aganyň Näzik Annatyýewa, Tagan Söhbedow, Durdy Hajymyradow, Amannazar Çaryýew, Sahyt Saparow, Agageldi Allanazarow we başga-da ynamly şägirtleri bar» diýip belläpdir. Çyn şahyryň ynam eden şägirtleri soňra türkmen edebiýatynyň ägirtleri bolup ýetişýärler. Ýazyjy Amannazar Aşyrowyň şahyr barada «Ata Köpek», «Ata Köpek o dünýäde» atlary bilen iki roman ýazandygy hem agzalmaga mynasypdyr.

Dürli ýyllarda onuň döredijiligi «Ýürek depderim» (1948), «В стране советов» (1952), «Jeren» (1955), «Goşgular» (1956), «Saýlanan eserler» (1960), «Poemalar we goşgular» (1962), «Вывернутый колодец» (1965), «Gep sakgalda däl» (1968), «Meniň mekdebim» (1973), «Sygyr. Goýun. Balary. Söýýärin men olary» (1976), «Meniň baýlygym» (1979), «Ata Köpek ýylgyrýar» (1980), «Çöwrülen guýy» (1986) ýaly kitaplarda türkmen we rus dillerinde okyjylar köpçüligine ýetirilýär. Şeýle-de, şahyryň köpsanly şygyrlary «Türkmenistan» neşirýaty tarapyndan 1948-nji ýylda çykarylan «Народные шахиры Туркменистана» atly ýygyndyda ýerleşdirilipdir.

Ähli baýlygymy, ähli zadymy,
Geçenmi, geljegmi, şahyr adymy,
Ýüregimden çykan her bir aýdymy,
Siz saklaň, adamlar, size ynanýan.

Bu owaz il ogly halk şahyrynyň ata Watana, ene topraga, poeziýa kasamy bolup eşidilýär. Ol kasam diňe bir ynsanyň däl, tutuş halkyň kasamy. Çünki, ol kasam, il gülküsine gülüp, agysyna aglaýan, il derdini gerdeninde göteren şahyr ýüreginiň gürsüldüsi, şahyr kalbynyň çuňundan çykan sözler. Şeýle adamlar müddeti dolup, bakyýa göç etselerem halkyň kalbynda ýaşaýarlar.

Kakajan ÇARYÝAROW,
Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň
pedagogika mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 05.09.2024

Tmpedagog