18.07.2024 Söhbetdeşlik97

Türkmen tebigatynyň tarypçysy. Halypa mugallym Çaryýar Goçyýewiň iş tejribesi hakynda söhbet



Hakydamda pikir ýumagyny çöşläp oturyşyma, bu zähmetsöýer we pespäl ynsan bilen tanyşlygymyza çärýek asyra golaý wagtyň geçendigine göz ýetirdim. Şol döwürde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň zoologiýa kafedrasynyň dosenti wezipesinde zähmet çekýärdim. 1999-njy ýylyň 4-5-nji maýynda ýurdumyzyň ylym-bilim işgärlerinden ybarat topar bilen Bäherden etrabynda geçirilen «Tebigatyň ykbalynda ─ biziň ykbalymyz» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşypdyk. Şol ylmy maslahatda etrabyň 7-nji orta mekdebiniň biologiýa mugallymy Çaryýar Goçyýewiň Köpetdagyň dermanlyk ösümliklerine bagyşlanan gyzykly çykyşy biziň ünsümizi aýratyn özüne çekipdi.

Ç.Goçyýew 1948-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Nohur obasynda daýhan maşgalasynda dünýä indi. Ol Goçy aga bilen Ogulsadap ejäniň alty çagaly döwletli we agzybir maşgalasynda mynasyp edep-terbiýe aldy. Obadaky 7-nji orta mekdepde göreldeli okuwçylaryň hatarynda okap, ony ýokary bahalar bilen tamamlady. Çaryýar mekdepde okan döwründe dürli gurnaklara işjeň gatnaşyp, mugallymlarynyň ençeme gezek berekellasyna mynasyp bolupdy. Ýaş ýigidi, esasan hem, biologiýa we himiýa dersleri, şol okuw dersleri boýunça synpdan we mekdepden daşary geçirilýän dürli okuw-terbiýeçilik çäreleri aýratyn gyzyklandyrýardy. Şonuň üçin hem Çaryýar ol çärelere uly yhlas we egsilmez höwes bilen işjeň gatnaşyp, deň-duşlaryna nusgalyk görelde görkezerdi. Onuň biologiýa dersine bolan aýratyn gyzyklanmasy we çäksiz höwesi 1968-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň biologiýa hünärine okamaga getirdi.

1973-nji ýylda Ç. Goçyýew Türkmen döwlet uniwersitetini ýokary bahalar bilen üstünlikli tamamlap, biologiýa we himiýa mugallymy käriniň eýesi boldy. Ýaş hünärmeni öz dogduk mekanyna — Bäherden etrabynyň Nohur obasyndaky 7-nji orta mekdebe işe ýolladylar. Ol bu bilim ojagynda indi 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ýaş nesillere bilim we edep-terbiýe berýär, ýaş mugallymlara halypalyk edýär. Ýarym asyrdan hem gowrak geçen döwrüň içinde Çaryýar mugallym oba oglan-gyzlarynyň müňlerçesine çuňňur bilim we edep-terbiýe bermek bilen, köpleriň uly hormat-sylagyna, alkyşlaryna mynasyp boldy. Onuň uly yhlas bilen terbiýeläp ýetişdiren uçurymlary häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda abraýly, halal zähmet çekýärler.

Golaýda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hormatyna guralan dabara gatnaşmak üçin Bäherden etrabyndaky 7-nji orta mekdebe barmak miýesser etdi. Bizi mekdep ýolbaşçylary we bu bilim ojagynda zähmet çekýän mugallymlar, bagtyýar ýaşlar güler ýüz bilen mähirli garşyladylar.

Mekdebiň mugallymlary bilen gysga wagtlyk saglyk-amanlyk soraşanymyzdan soňra, biz Çaryýar mugallymyň tagallasy bilen döredilen okuw-tejribe meýdançasyny ýakyndan synladyk. Umumy meýdany 2 gektara barabar bolan okuw-tejribe meýdançasy sözüň doly manysynda açyk asmanyň astyndaky «janly okuw otagy — ajaýyp tejribehana» diýsek ýalňyşmarys. Janypkeş mugallymyň tutanýerli we irginsiz zähmetiniň netijesinde, bu ýerde miweli we saýaly, gyrymsy agaçlaryň hem-de dermanlyk ösümlikleriň birnäçe görnüşi ösdürilip ýetişdirilipdir. Dag we çöl ösümlikleri, hemişe ýaşyl öwsüp, öz tebigy gözelligi bilen ynsan kalbyna lezzet berýän pürli bezeg agaçlary okuw-tejribe meýdançasyna aýratyn bezeg berýär. Olaryň arasynda gündogar tuýasy, şemşat agajy, türkmen arçasy, bägül, itburun, adaty hoz agajy, dagdan, zirk, arnap, serwi agajy ýaly ösümliklere bada-bat synçy nazaryň düşýär.

Biz bu ýerde okuw-tejribe meýdançasy bilen ýakyndan tanşanymyzdan soňra, Çaryýar mugallymyň tagallasy bilen döredilen okuw otagyny synladyk. Okuw otagyndaky diwarlyklar özboluşlylygy, baý many-mazmunlylygy, diýseň sünnälenip, örän nepis taýýarlanylandygy, bilim we terbiýe berijilik gymmatynyň ýokarydygy bilen tapawutlanýar.

Çaryýar mugallymyň iş tejribesi hakynda söhbet açylanda, ilkinji nobatda, halypanyň juda janypkeşligine, örän zähmetsöýerligine, sowatlylygyna, öz kärine we türkmen tebigatyna bolan çäksiz söýgüsine synyň oturýar. Hut şonuň üçin hem bu halypa mugallyma bolan hormat-sarpaň has-da artýar.

Öz kärine ussatlygy, zähmetsöýerligi, belent adamkärçiligi barada onuň kärdeşleridir dürli ýyllarda durmuşa ak pata beren bagtyýar uçurymlary diňe ýagşy we öwgüli sözleri aýdýarlar. Biz Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň zähmet we hünär okuwy bölüminiň müdiri Begnazar Geldiýew bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol Çaryýar mugallym barada şeýle diýdi:

— Çaryýaryň belent adamkärçiligini, sadadan hoşgylaw, öz kärini jany-teni bilen söýýän we örän zähmetsöýer, tutanýerli we hemişe täzeçilligiň gözleginde bolýan mugallymdygyny nygtamaly. Muňa halypanyň häzirki zähmet çekýän mekdebine baranyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ol öz tutanýerliligi bilen ýaş nesillerde ilkinji zähmet endiklerini kemala getirmek we ösdürmek arkaly olarda zähmetsöýerligi, eziz ata Watanymyza buýsanjy we söýgini terbiýelemekde yhlasyny gaýgyrmaýar.

Halypa mugallym Türkmenistanyň Milli bilim instituty tarapyndan işlenip taýýarlanylýan okuw maksatnamalaryna hem-de okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň golýazmalaryna syn bermekde, olaryň many-mazmunyny ylmy-usulyýet taýdan düýpli seljermekde hoşniýetli maslahatlaryny gaýgyrmaýar. Çaryýar mugallymyň özi hem zähmet okuw dersi, hünär taýýarlygy dersleri boýunça okuw maksatnamalaryny işläp düzmäge işjeň gatnaşýar.

Halypa mugallymyň uzak ýyllaryň dowamynda toplan baý mugallymçylyk tejribesi nazara alnyp, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleri üçin zähmet dersi boýunça okuw maksatnamalaryny we okuw kitaplaryny taýýarlamakda ýakyndan kömek edendigini bellemek gerek.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Zor bolar» atly şygrynda:

Ýagşylykda ile özün tanadan
Alkyş alyp, derejesi zor bolar —

diýşi ýaly, eziz Watanyna, il-ulsuna halal hyzmat edip, sogaply işleri bitirýän hem-de uly abraý-hormata mynasyp bolýan ynsanlaryň nurana keşpleri göz öňüňde janlanýar. Halypa mugallymyň köp ýyllaryň dowamynda nesil terbiýesinde çekýän halal, döredijilikli we göreldeli zähmetine döwletimiz tarapyndan ýokary baha berildi. Onuň ýaş nesillerimize döwrebap bilim bermekde hem-de ýaşlarymyzy ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk ruhunda terbiýelemekde gazanan uly üstünlikleri nazara alnyp, halypa mugallym 2014-nji ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy.

Hawa, köplere nusga bolýan Çaryýar mugallym Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halal zähmetiniň hözirini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Il-ulsumyz, kärdeşlerimiz ýüzi nurly bu mährem ynsanyň hormat-sylagyny ýetirýär, mertebeleýär. Megerem, ynsan üçin şundan uly bagt ýok bolsa gerek!

Sapargeldi DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň
bilim işgärleriniň hünärini
kämilleşdiriş bölüminiň müdiri,
biologiýa ylymlarynyň doktory.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 17.07.2024

Tmpedagog