20.06.2024 Söhbetdeşlik68

Yhlasly zähmetiň miwesi


Mekdep müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary bolup, yhlasly zähmet çekýän Ejegül Atabaýewa Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan bilim özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmakda we okuwçylaryň hemmetaraplaýyn ösen şahsyýet bolup ýetişmekleri ugrunda öz işini mekdebiň mugallymlary hem-de ýolbaşçylary bilen sazlaşykly alyp barýar. Okuw-terbiýeçilik işleriniň ilerlemeginiň mekdepde dogry ýola goýlan we gurnalan içki gözegçilikdedigine dogry düşünip, ol işini ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň ýokary hilini üpjün etmäge, bilim işgärlerine usuly kömek bermäge, olaryň mekdep resminamalaryny dogry ýöretmekdäki jogapkärçiligini artdyrmaga gönükdirýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan iberilýän Düzgünnamalaryň, gözükdiriji hatlaryň mugallymlaryň dykgatyna öz wagtynda ýetirilmegini gazanýan Ejegül Atabaýewa olardan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklaýar. Onuň ýolbaşçylygynda mugallymlaryň, aýratyn hem ýaş mugallymlaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, olara ýekebara we köpçülikleýin maslahatlar yzygiderli berlip durulýar.

Ejegül Atabaýewa her bir mugallymyň okadyş usullaryny içgin öwrenmäge aýratyn üns berýär. Ol meýilnama esasynda sapaklara, sapakdan daşary çärelere gatnaşmak, mekdep resminamalarynyň ýöredilişine gözegçilik etmek arkaly mugallymlaryň işini öwrenip, olara usuly maslahatlary berýär.

Mekdepde halypa-şägirtlik ýolunyň sazlaşykly, dogry ýola goýulmagynda hem Ejegül mugallymyň aýratyn zähmetini bellemek bolar. Müdiriň okuw işleri boýunça orunbasarynyň ýanynda geçirilýän maslahatlarda ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyny düzmek, synp žurnallaryny we mekdep resminamalaryny dogry ýöretmek barada maslahatlar mekdebiň ýaş hünärmenlerine yzygiderli ýetirilýär.

Ejegül Atabaýewa etrap, şäher, welaýat derejesinde baý tejribesi bolan mugallymlar, mekdep müdirleriniň okuw işleri boýunça orunbasarlary bilen tejribe alyşýar hem-de hünär ussatlygyny kämilleşdirmek we syýasy bilimini ýokarlandyrmak maksady bilen usuly-amaly okuwlara işjeň gatnaşyp, usuly gollanmalary, gazet-žurnallary yzygiderli okaýar. Mähriban Arkadagymyzyň kitaplaryny işde giňden ulanýar. Ol mekdepde müdiriň okuw işleri boýunça orunbasary wezipesinde işläp başlan gününden özüne bildirilýän talaplary içgin öwrendi hem-de durmuşa geçirmäge başlady.

Ol döredijiliki zähmeti, belent adamkärçilik sypatlary we mugallymçylyk ussatlygy bilen kärdeşleriniň, ata-eneleriň we okuwçylaryň hormatyna mynasyp bolup gelýär. Ol hünär taýdan kämilleşmegiň, döredijilikli işlemegiň, işinde täze usullary ornaşdyrmagyň üstünde yzygiderli işleýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bilim syýasatynda geçirýän täze özgertmelerini we bilim ulgamyndaky kararlaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge goşant edýär.

Gürrüňi edilýän mugallym döredijilik bilen hem iş salyşýar. Gazet sahypalarynda öz goşgulary, makalalary bilen yzygiderli çykyş edip durýar. Ol mugallym hökmünde etrap, welaýat, döwlet derejesinde geçirilýän dürli bäsleşiklerde hem baýrakly orunlary eýeläp gelýär. Ol hut şu ýylam dürli ugurlar boýunça geçirilen köp ugurly bäsleşikde ilki etrapda, soňra bolsa onuň welaýat tapgyrynda “Mekdep müdiriniň iň göreldeli okuw işleri boýunça orunbasary” ugry boýunça baş baýraga, döwlet derejesinde bolsa 2-nji orna mynasyp boldy. Bu biziň hemmämizi begendirdi. Munuň özi biziň orta mekdebimize berlen uly baha boldy.

Biz hem yhlasly zähmet çekýän Ejegül mugallyma geljekde-de uly-uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris. Şu buýsanç bilen hem Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösmeginiň bähbidine has-da döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýan, halkymyzy baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Jumamuhammet ŞIRMÄMMEDOW.
Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň müdiri,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 20.06.2024

Tmpedagog