10.06.2024 Söhbetdeşlik101

Ýüreklerden ýüreklere ýol ýasap


Özünde giň dünýägaraýşy, belent adamkärçiligi jemleýän kişiler durmuşy, dünýäni bezäp ýaşaýarlar. Olaryň abraý-mertebesi hemişe belent bolýar. Kerki etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy Ahmet Abdyllaýew mirasgär, tejribeli bilim işgäri hem-de magtymgulyşynas hökmünde ýurdumyzda giňden tanalýar.

Ol entek orta mekdepde okap ýören döwürlerinde çeper edebiýat bilen içgin gyzyklanyp başlaýar. 1978-nji ýylda Kerki etrabyndaky 24-nji orta mekdebi üstünlikli tamamlap, 1980-nji ýylda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň türkmen dili we edebiýaty bölümine okuwa girýär. Talyp döwürleri edebiýatçy alym Muhammetnazar Annamuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligine degişli geçýän sapaklary onuň kalbynda öçmejek täsirleri galdyrýar. Professor Öde Abdyllaýew zehinli talybyň bilim derejesine, edebiýata bolan gyzyklanmasyna ýokary baha berýär.

Ahmet aga instituty tamamlap, okan mekdebinde işläp başlandan soň hem akyldar şahyryň şygyrlaryny içgin öwrenmegi dowam edýär. Akyldar şahyryň döredijiligine degişli makalalar bilen metbugatda yzygiderli çykyş edýär. Ol işleýän mekdebinde Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly muzeýi döredýär. Akyldar şahyryň dürli ýyllarda neşir edilen goşgular ýygyndylaryny, ylmy kitaplary, çeper eserleri ýygnap, muzeýde ýerleşdirýär. Şeýle-de bu ýere gelýänler üçin audio we wideo ýazgylary diňlemäge mümkinçilik döredýär. Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsine degişli suratlar hem muzeýe gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Edebiýatyň hakyky janköýeri bolan Ahmet aga akyldar şahyryň edebi mirasyny geljekki nesillere ýetirip, ýaşlaryň arasynda wagyz edýär.

Ol Annadurdy molla-şahyryň «Magtymguly, gizlin syryň bar içde», «Magtymguly, syrym çohdur» atly kitaplaryndan täsirlenip, akyldar şahyryň şygyrlarynyň manysyny ylmy çeşmelere salgylanyp öwrenýär. 2014-nji ýylda Ahmet Abdyllaýew Gahryman Arkadagymyzyň Permany bilen «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglanylýar.

A.Abdyllaýew mugallymçylyk işiniň daşyndan sungatyň dürli ugurlary bilen hem meşgullanýar. Ol «Türkmen sporty» teleýaýlymynda ýaýlyma goýberilen «Tälimçi», «Yhlasa — myrat» atly gysgametražly çeper filmleriň edebi esasyny ýazdy. Bu filmler sport muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsini gazanýar.

Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan «Türkmen alabaýy» atly kitabyndaky gymmatly maglumatlar Ahmet mugallymda uly gyzyklanma döredýär. Ol türkmen itleri bilen baglanyşykly nakyllary ýygnap, olaryň manysyny öwrenýär. Bu ugra degişli durnukly söz düzümleriniň many çuňluklaryny yzarlaýan makalalary ýazýar. Ahmet aganyň «Wepaly», «Aždar» atly kyssalary «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnalda çap edildi. Ol «Garagum» žurnalynda çap edilen «Mukaddes sargyt» atly hekaýasynda türkmen alabaýlarynyň wepalylygy hakynda durmuş wakalaryny çeper beýan edýär. Mirasgär mugallym halk arasyndan türkmen itlerine dakylýan atlary ýygnaýar.

Ahmet aga häzirki wagtda etrabyň türkmen dili we edebiýaty mugallymlarynyň usuly birleşmesiniň ýolbaşçysy. Halypa mugallymyň geçýän sapaklary, ýagşy gylyk-häsiýetleri onuň okadýan okuwçylarynyň durmuşda mynasyp orun tapmaklaryna ýardam edýär. Kärdeşleriniň, obadaşlarynyň aýtmaklaryna görä, Ahmet aga degişmeleri, şorta sözleri bilen adamlary ala-ýaz etmegiň hem ussady. Kalby baý mugallymyň gyzykly gürrüňleri diňleýjilere ruhy lezzet paýlaýar. Onuň durmuş ýörelgeleri, lebzine ygrarlylygy, ynsanperwerligi adamlarda oňa bolan hormat-sylagy artdyrýar. Kalbynyň açyklygy, halallyga gol ýapyp ýaşaýandygy üçin ol baran ýerinde özi barada gowy täsirleri galdyrýar. Ol mydama durmuşyň kiçijik pursatlaryndan, bitirýän haýyrly işlerinden lezzet alýar.

* * *

Säheriň jana ýakymly howasy, baglarda jürküldeşýän guşlaryň şirin owazy, howlusynda ekilen gülleriň hoşboý ysy Ahmet mugallymyň serinde täze-täze pikirleri oýarýar. Ol bu günem goňşy obadaky ýaşulular bilen söhbetdeş bolup, halkymyzyň toý dessurlary, zähmet gurallarynyň ýasalyş aýratynlyklary barada maglumat ýygnamagy ýüregine düwdi. Onuň ýandepderçesinde bolsa, gadymy türkmen sözleriniň manylary, halk arasyndan ýygnanan rowaýatlar, halk döredijiligine degişli maglumatlar az däl. Biziň gahrymanymyz ýene ýola şaýlanýar. Halypa mugallymyň şol ýollarda ýygnan hazynalary bolsa ýüreklere ýaýylýar.

Mahym AKYÝEWA.
"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 14.07.2022

Tmpedagog