06.06.2024 Söhbetdeşlik88

Şekillerde Pyragynyň waspy bar


Türkmenbaşy etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň surat mugallymy Daýanç Meredow «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap agaçdan ýasan eserleri bilen welaýatymyzda guralýan sergilere işjeň gatnaşýar. Şeýle günleriň birinde biz onuň bilen söhbetdeş bolduk.

— Daýanç mugallym, söhbedimiziň başynda, ilki bilen, döredijilik ýoluna başlaýşyňyz dogrusynda gürrüň beräýseňiz.

— Meniň sungata baş goşmagymda agamyň goşandy uly boldy diýsem ýalňyşmaryn. Ol heniz 6 ýaşymdakam, surat çekmegi öwredipdi. 7-nji synpa baranymda, Magtymguly etrabynyň çagalar sungat mekdebine gatnap başladym. Bilim ojagynda maňa Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medalynyň eýesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Maksat Şyhyýew halypalyk etdi. Soňra welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby bolmak bagtyna eýe boldum. Bu ýerde ussat halypa mugallymlardan sungatyň inçe tilsimlerini öwrendim. 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda geçirilen «Senet — eliň altyn bilezigi» atly bäsleşikde birinji orna mynasyp bolmagym meni täze-täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrdy.

— Döreden eserleriňiziň aglabasy akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlanypdyr...

— Magtymguly atamyzyň goşgularyny okasaň, ylhamyňa ylham goşulyp, kalbyňa joşgun berýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen şu ýylyň ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy meni akyldar şahyrymyza bagyşlap eser döretmäge hyjuwlandyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň akyldar şahyrymyza bagyşlap döreden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyndan ruhlanyp döreden eserimiň ýokarky böleginde ýylymyzyň şygaryny ýerleşdirdim. Ony dagdan agajyndan ýasap, Magtymguly atamyzyň ýaşan döwründe ulanylan döwet-galamynyň şekilini, onuň aşaky böleginde bolsa aýlanýan görnüşde bäş welaýatymyzyň haly gölüni ýerleşdirdim. Söz ussadynyň watançylyga, parahatçylyga, agzybirlige, päk söýgä, pähim-paýhasa, ynsanperwerlige çagyrýan ajaýyp eserleriniň esasynda döreden eserimiň aşaky sekiz burçunda milli gymmatlyklarymyzy, Watanymyzyň berkararlygyny, ösüş-özgerişlerini, Beýik Ýüpek ýoluny aňladýan şekilleri ýerleşdirdim.

Şahyryň «Türkmeniň» atly goşgusyndan ruhlanyp döreden eserimi sosna agajyndan ýerine ýetirdim. Türkmenistanyň kartasynyň ýüzünde akyldar şahyrymyzyň portretini çekip, bir bent goşgusyny bolsa gapdalynda ýerleşdirdim. Goşa ganat şekilindäki sütünleri bolan sekide bäş welaýatymyzyň gölüni şekillendirmegimiň esasy sebäbi bolsa, halkymyzyň agzybirligine, asuda Watanymyza bolan buýsanjymy aňlatmakdan ybarat boldy.

Hoz agajyndan ýasan «Türkmen binasy» atly eserimde Magtymguly Pyragynyň arzuwlan türkmen binasynyň berkdigini, halkymyzyň ýurdumyzy gözüniň göreji deýin gorap saklaýandygyny aňlatmak maksady bilen, bäşburç şekil ýasap, onuň hem her burçunda haly göllerini ýerleşdirdim. Şahyryň «Türkmen binasy» şygryndaky «açylar gül lälesi» diýen jümlesiniň manysyny aňladýan naryň gül kimin açylyp duranyny şekillendirdim.

— Agaçdan dürli şekilleri ýasamakdan başga-da nämeler bilen meşgullanýarsyňyz?

— Maket ýasamaklygy, kendiriň ýüzüne ýagly reňkler bilen portret hem-de dürli suratlary çekmekligi, ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän nakgaş eserlerini döretmekligi döredijilik dünýäme has ýakyn görýärin.

Bize döredijilikli işlemek, ilhalar eserleri döretmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýaryn.

Söhbetdeş bolan
Oguljennet Annageldiýewa,
«Balkan».

"Balkan" welaýat gazeti, 06.06.2024

Tmpedagog