17.05.2024 Söhbetdeşlik331

Kärine yhlasly mugallym


Sonagül ýaşlykdan mugallym bolmagy arzuw etdi. Şol arzuwy ony Köýtendag etrabynyň Akgumolam obasyndaky 6-njy orta mekdebi tamamlandan soň, Kerki şäheriniň Rehmet Seýidow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň gapysyndan alyp geldi. Ol bu ýerde yhlas, höwes bilen okady. Okuwyny üstünlikli tamamlap, Köýtendag şäherindäki 4-nji orta mekdepde başlangyç synp mugallymy bolup işe başlady.

Sonagül turuwbaşdan söýgüli kärine yhlasly ýapyşdy. Halypa mugallymlaryň sapaklaryna gatnaşdy, olardan sapagy netijeli we täsirli guramagyň usullaryny öwrendi. Yhlas bar ýerinde bolsa mydama üstünligem bar. Gysga wagtyň içinde işiň abyny-tabyny ele alyp, çagalara zamanabap bilim-terbiýe berýän mugallymlaryň hataryna goşuldy. Häzirki wagtda etrapda öz işine ussat mugallym hökmünde tanalýan Sonagül Hezretowa etrabyň başlangyç synp mugallymlarynyň usuly birleşmesine hem ýolbaşçylyk edýär. Ol ýaş mugallymlara, kärdeşlerine okatmagyň täze usullaryny saýlap almakda görelde bolup, ýokary netijeli işlemegiň ýollaryny salgy berýär. Her mugallymyň sapagy talabalaýyk guramagyna, okuwçylaryň sapaga işjeň gatnaşygyny gazanmagyna ünsi çekip, degerli maslahatlaryny berýär. Mugallymlaryň her ýylyň ýanwar we awgust aýlarynda geçirilýän usuly maslahatlarynda özüniň iş tejribesi barada nutuklar bilen çykyş edip durýar. Onuň taýýarlan okuw-görkezme esbaplary barmak büküp sanardan kän. Olar kärine yhlasly mugallymyň döredijilikli işleriniň, gözlegleriniň netijesi.

Sonagül mugallym gündelik guraýan sapaklarynda, terbiýeçilik çärelerinde geljegimiz bolan ýaş nesliň bilimli, terbiýeli bolup ýetişmegi barada yzygiderli alada edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim-terbiýeçilik işini görkezme esbaplar, täze tehnologiýalar esasynda alyp barýan mugallymyň her sapagy, synpdan daşary guraýan çäresi täsirli we netijeli bolýar. Geçen okuw ýylynda Sonagül mugallymyň okadýan okuwçylary Sewinç Suhrabowa «Iň eýjejik gyzjagaz» bäsleşiginiň, Perman Amangeldiýew «Merdana nesil» bäsleşiginiň etrap tapgyrynyň ýeňijileri boldular.

Golaýda bizi etrap bilim bölüminiň hünärmeni Zylyha Kadyrowa bu mugallymyň işleýän synp otagyna alyp bardy. Ýagty hem arassa otagda çagalaryň çeken suratlarydyr ýazgylary, Diýarymyzyň gözel tebigatyny wasp edýän şekillerdir diwarlyklar goýlupdyr. Çagalar hormatly Prezidentimiziň sowgat beren netbuk kompýuterlerinden höwes bilen peýdalanýarlar.

— Sonagül etrabymyzyň iň göreldeli mugallymlarynyň biri. Ol yhlasly, döredijilikli işläp, kärdeşlerine görelde görkezýär. Her bir geçýän sapagyny täze usullarda täsirli guramagy başarýar. Häzirki wagtda onuň «Halk döredijiliginden peýdalanyp, okuwçylaryň sözleýiş dilini ösdürmek» diýen mowzukda taýýarlan öňdebaryjy iş tejribesini mugallymlarymyza ýaýradyp, etrap derejesinde öwrenýäris — diýip, etrap bilim bölüminiň hünärmeni Zylyha Kadyrowa aýdýar.

Hawa, arzyly käriň eýesi Sonagül Hezretowa iş tejribesini günsaýyn baýlaşdyrýar. Şu hem ony üstünliklere ýetirýär. Sonagül mugallym we onuň kärdeşleri ýaş nesle zamanabap bilim, asylly terbiýe bermekde, öz hünärlerinde kämilleşmeklerinde ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.

Ödegeldi KULYÝEW.
"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 16.05.2024

Tmpedagog