09.05.2024 Söhbetdeşlik165

Ýagşylykda ile özün tanadan


Beýik Watançylyk urşunyň ýowuz ýyllarynda beýleki doganlyk respublikalardan bolşy ýaly, biziň ýurdumyzyň hem watançylyk duýgusy bilen dem alýan ogul-gyzlarynyň müňlerçesi ellerine ýarag alyp, Watan goragyna aýaga galdy.

Bu gün biz şol ýowuz ýyllarda eziz Watanyň asudalygy, halkyň ar-namysy, geljekki nesilleriň bagty ugrunda gaýduwsyzlyk bilen göreş alyp baranlaryň bitiren gahrymançylyklary barada oýa çümýäris.

Taryha ser salmak bilen, şol ýowuz ýyllarda nemes faşistleri bilen bolan söweşlerde mertligini görkezip söweşen uruş we zähmet weterany, hormatly mugallym Nury Saryýewiň ömür ýoly hem ýatlanylmagyna mynasypdyr.

Gürrüňini etjek bolýan bu ajaýyp adamymyz indi biziň aramyzda ýok. Onuň ýagty jahan bilen hoşlaşyp, ýurduny täzeläni bäri 42 ýyl çemesi wagt geçdi.

Eýsem-de bolsa, ýönekeý, diýseň, kiçi göwünli, gursagynda kakasyndan geçen mertlik, dogumlylyk, edermenlik, watansöýüjilik häsiýeti gaýnap duran uruş we zähmet weteranynyň keşbi edil şu günem gözümiziň öňünde dur.

Nury Saryýew 1921-nji ýylyň 12-nji maýynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda, dag etegindäki kiçiräk Ýaňgala obasynda dogulýar. Onuň kakasyna oba adamlary Sary batyr diýip ýüzlenipdirler.

Onuň maşgalasy, kowum-garyndaşlary şol ýyllar ilki Tejene, soňra Sakarçäge etrabynyň şu wagtky Gumgüzer geňeşligine göçüp gelýär.

Nury mugallym kakasy Sary batyr ýaly dogumly, gaýratly, akylly-başly bolup ýetişýär. Şol ýyllar ilatyň ählumumy sowatlylyga geçirilişi dowam edýärdi. Onsoň düşbi, sowatly we höwesjeň ýigit Nuryny Mary şäherindäki mugallymlary taýýarlaýan mekdebe okuwa iberýärler. Okuwyny üstünlikli tamamlap, oba mekdebinde — häzirki 3-nji orta mekdepde çagalara bilim, terbiýe berip işläp başlaýar.

1941-nji ýylyň 22-nji iýunynda Beýik Watançylyk urşy başlanýar. Mugallym Nury Saryýew Sakarçäge etrap harby komisarlygyna arza tabşyrýar we 1942-nji ýylyň başynda ony goşun hataryna alýarlar...

... Zähmet we uruş weterany Nury Saryýew uruşdan öň we soň 40 ýyllap mekdepde çagalara bilim-terbiýe berip, hormatly mugallym bolup işleýär. Şol işlän döwründe ençeme çagalary okadyp, terbiýeläp, olaryň aňly-düşünjeli bolmagy ugrunda ýadawsyz zähmet çekýär. Ol her bir geçýän sapagynda Watana bolan söýgi terbiýesini uruş ýyllarynda, söweş ýollarynda öz başyndan geçen wakalar bilen baglanyşdyrardy.

Hormatly halypa mugallym Nury Saryýew frontda bitiren söweşjeň edermenlikleri üçin “Watançylyk urşy” ordeniniň 2-nji derejesi “Edermenligi üçin” diýen medal bilen sylaglanylýar.

Urşuň Nury mugallymyň synasyna salan agyr ýarasy onuň saglygyna uly zyýan ýetirýär. 1981-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda uruş we zähmet weterany Nury mugallym 60 ýaşynda aradan çykdy.

Ildeşleriniň aňynda öçmejek yz galdyran halypa mugallym Nury Saryýewiň hatyrasy uludyr. Onuň söweş we zähmet ýoly hemişe ýatlanýar. Nury mugallymyň ömür ýoluny dowam etdirjek abraýly, döwletli, agzybir maşgalasy bar. Onuň 66 agtygy, 129 çowlugy, 49 ýuwlugy bar. Sözümiziň ahyrynda biz hem uruş we zähmet weterany Nury mugallymyň agzybir maşgalasynyň ähli agzalarynyň janlarynyň sag bolup, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Her ýylyň 9-njy maýynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Ýeňiş baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Watançylyk urşuna gatnaşan gahrymanlaryň ýagty ýadygärligi gül desseleri bilen hatyralanýar. Öten-geçen gahrymanlaryň ruhuna aýat-töwir okalýar.

Watanyň ykbaly terezä mündürilende döş gerip, ony goran, Watan üçin başyny gurban eden mert esgerleriň, Ýeňiş bilen dolanyp gelen uruş weteranlarynyň ýagty ýadygärlikleriniň öňünde baş egýäris. Şol edermen esgerleriň ömür ýoly geljekki nesillerimiz üçin nusgalyk mekdepdir. Görüm-görelde alarlyk ýol-ýörelgedir.

Goý, ýurdumyz parahat bolsun! Goý, indi gaýdyp nägehan uruş bolmasyn! Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz, türkmen halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe arassa asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda güllesin, gül açsyn, has-da belent derejelere ýetsin!

Aýgözel TÄŞLIÝEWA.
Sakarçäge etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 09.05.2024

Tmpedagog