Sabina — biziň guwanjymyz
Berk bedenli, arassa ahlakly, watansöýer, bilimli ýaşlar milletimiziň guwanjy, ata Watanymyzyň röwşen geljegidir. Eziz Arkadagymyz olary hossarlyk aladasy bilen gurşap alýar, okamak, kämilleşmek, sport bilen meşgullanmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport mekdepleri, sport toplumlary ýaşlaryň ygtyýaryna berilýär. Olarda ýaşlarymyz sportuň dürli görnüşleri bilen höwesli meşgullanýarlar. Şeýle ýaşlaryň biri-de mekdebimiziň göreldeli okuwçysy Sabina Kadyrowadyr. Ol ýaşlygyndan sport mekdebinde tälim alyp başlady. Özi-de sporty göreldeli okamak bilen utgaşdyrmagy başarýar.
Sabina ýaşdygyna garamazdan, sport äleminde özüni tanadan türgenleriň biri. Ol örän uly üstünligini golaýda mermer paýtagtymyzda kuraş boýunça geçen dünýä çempionatynda gazandy. Ýaş türgen öz agram derejesinde ähli garşydaşlaryny ýeňip, dünýäniň çempiony boldy. Gazanylan ajaýyp ýeňiş diňe bir Sabina däl, eýsem, tutuş türkmen halkyna egsilmez şatlyk getirdi. Şonda hemmeler ýurdumyzda ýokary netijeli sporty, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmek ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyklaryny beýan etdiler.
Sport ― saglyk, sport ― ruhubelentlik, sport ― gözellik. Şol sebäpli ýaşlaryň köpüsi sporty özlerine aýrylmaz hemra edinýärler. Meniň ýolbaşçylyk edýän synpymda sport bilen meşgullanýanlar Sabinadan başga-da az däl. Olaryň arasynda Daýanç Joraýew, Maksat Hoçjyýew, Mekan Hojamyradow, Alijan Eminjanow dagy aýratyn tapawutlanýarlar.
Biz Sabinanyň we beýleki okuwçylarymyzyň geljekde-de türkmen sportunyň abraýyna abraý goşjakdyklaryna berk ynanýarys. Beýik döwrümize mynasyp ýaşlaryň kemala gelýändigine bolsa çäksiz buýsanýarys.
Akgül ÖWEZOWA,
Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen
29-njy orta mekdebiň mugallymy.
"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 07.12.2023